21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SAGLYK

Saglyk-Bagtyýar Ýaşaýşa Çelgi

Köpetdagy etekläp oturan Aşgabat şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Serhetçileriň merkezi hassahanasy hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ak pata bermegi bilen 2011-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu hassahanada harby gullukçylarymyzyň we olaryň maşgala agzalarynyň saglyklaryny berkitmäge ähli mümkinçiliklerdir giň şertler döredilen. Biz hem şu nukdaýnazardan ugur alyp, Serhetçileriň merkezi hassahanasynda alnyp barylýan işler dogrusynda hassahananyň kabul ediş bölüminiň başlygy Begenç Orazow, hassahananyň dermanhanasynyň başlygy Amanbibi Annamämmedowa, şeýle-de hassahananyň şöhle bilen anyklaýyş bölüminiň başlygy Eziz Çaryýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. Söhbetdeşligimiziň başynda Begenç Orazow alnyp barylýan işler dogrusynda şeýle gürrüň berdi:

— Serhetçileriň merkezi hassahanasy dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen abzallaşdyrylyp, onda kabul ediş, barlaghana, şöhle bilen anyklaýyş, anesteziologiýa we reanimasiýa, birinji we ikinji hirurgiýa, ýöriteleşdirilen hirurgiýa, kardiologiýa, aşgazan we böwrek keselleri, pulmonologiýa, newrologiýa, neýrotrawmatologiýa, fizioterapiýa, ýokanç we dermatowenerologiýa, funksional newrologiýa, funksional anyklaýyş, dispanser polikliniki ýaly bölümler bilen bir hatarda, dermanhana hem hereket edýär. Bu ýere saglyklaryny berkitmäge gelýän harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary, raýat gullukçylarymyz, ilki bilen, kabul ediş bölümine ýüz tutýarlar. Bu bölümiň lukmanlary näsagyň ýagdaýy bilen tanşyp, olaryň bejergi almak üçin haýsy bölüme ýerleşmelidigini anyklaýarlar. Şonuň netijesinde bolsa hassahanamyza ýüz tutýan näsaglara ilkinji kömekler berlip, ýatymlaýyn bejergä mätäçler degişli bölümlere ýerleşdirilýär.

Amanbibi Annamämmedowa:

— Ähli amatlyklar bilen üpjün edilen hassahanamyzyň edil beýleki bölümlerinde bolşy ýaly, onuň dermanhanasynda hem işler döwrüň talabyna laýyklykda alnyp barylýar. Dermanhanamyzda gerekli dermanlar bilen bir hatarda, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ýerleşdirilen dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan jana şypaly melhemleriň hem dürli görnüşleri bar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, bu ýere saglygyny dikeltmäge gelýän harby gullukçylara, harby gullugyň weteranlaryna we pensionerlere derman serişdeleri tölegsiz görnüşde üpjün edilýär. Bu bolsa mähriban Arkadagymyzyň harby gullukçylar hakynda edýän hemmetaraplaýyn aladalarynyň ýene bir aýdyň mysalydyr.

Dermanhanamyzda ýurdumyzda öndürilýän, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilýän derman serişdeleri-de bar. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän zyýansyzlandyryş erginlerini öndürýän kärhananyň zyýansyzlandyryş serişdeleri bolan lukmançylyk enjamlary üçin mikrodez, keseliň öňüni almak üçin steriderm we el tämizleýji serişdeler, şeýle-de «Tenekär» derman kärhanasynyň erginleri bilen biziň dermanhanamyz bökdençsiz üpjün edilýär. Bu lukmançylyk serişdeleri bilen diňe bir Serhetçileriň merkezi hassahanasynyň dermanhanasynyň däl, eýsem, harby bölümleriň lukmançylyk nokatlarynyň hem üpjün edilýändigini aýratyn bellemelidiris.

Eziz Çaryýew:

— Hassahanamyzda Germaniýanyň «Siemens» kompaniýasynyň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylyp, dürli hili keselleri anyklamaga ýakyndan ýardam berýär. Şöhle bilen anyklaýyş bölümi kompýuter tomografiýa lukmançylyk enjamy bilen üpjün edilip, beden agzalaryny rentgen şöhle esasynda barlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ýerde hereket edýän «Siemens» kompaniýasynyň MRT lukmançylyk enjamy kelle-beýni, bil-oňurga, içki beden agzalaryndaky keselleri anyklamaga niýetlenendir. Mundan başga-da, bölümimizde rentgenoskopiýa lukmançylyk enjamy hem bar. Bu lukmançylyk enjamynyň kömegi bilen öýkeniň, garyn boşlugynyň, kelle-çanak we ähli beden süňkleriniň barlaglary geçirilýär. Hassahanamyzda naharhana, kitaphana we sport zallarynyň bardygy hem buýsanç bilen bellärliklidir. Olarda saglygyny barlatmaga we dikeltmäge gelýän harby gullukçylarymyz berhiz naharlary bilen üpjün edilip, özleriniň boş wagtlarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik alýarlar.
Selbi Aşirowa

Çeşme: http://serhetabat-dovletabat.gov.tm/

Degişli makalalar

Lebapgazçykaryş Müdirligi Tebigy Gazyň Çykarylyşyny Artdyrýar

Türkmenistanyň DIM-nde Palestina Döwletiniň Ilçisi Bilen Duşuşyk

Stambul Uniwersitetinde Halkara Futbol Bäsleşiginiň Jemleýji Duşuşygy Geçirildi Fotosuratlary