20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Satyn Almalar Barada Ýörite Habarnama

Satyn Almalar Barada Ýörite Habarnama

Türkmenistan-Owganystan- Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň enjamlary we materiallary satyn almak, TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginde kompressor stansiýalaryny gurmak şertlerine laýyk gelmek boýunça deslapky bahalandyrma gatnaşmaga çagyrýar.

TUR-0022 & TUR0023

Bu çakylyk Asharq Al Awsat gazetinde 03.02.2017-de №15, şeýle hem «Нейтральный Туркменистан» gazetinde neşir edilen, onlaýn görnüşde www.oilgas.gov.tm, www.isdb.org saýtlarda neşir edilen bu taslama üçin satyn almalar we hyzmatlary bermek baradaky umumy habarnama iberilenden soňra geçirilýär. Türkmenistanyň Hökümeti TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy boýunça hyzmatlaryň bahalaryny tölemek üçin Yslam ösüş bankyndan kredit serişdelerini almak üçin arza berdi we ol bu kreditiň bir bölegini şertnamanyň esasynda 214 kilometrlik gaz geçirijiniň gönüleýin bölegi üçin enjamlary satyn almak, gaz geçirijiniň kömekçi enjamlary satyn almak we awtomatlaşdyrmak (SCADA), kompressor stansiýasyny taslamalaşdyrmak we dolulygyna gurmak üçin tölegleri geçirmäge sarp etmek üçin ulanmagy meýilleşdirýär. Bäsleşige gatnaşyjylaryň her biri aşakda görkezilen lotlaryň birine ýa-da birnäçesine gatnaşyp biler. «Türkmengaz» DK potratçylaryň we firmalaryň aşakda görkezilen lotlara laýyk gelmegi boýunça deslapky bahalandyrmany geçirýär:

Lot 1: 214 kilometrlik gaz geçirijiniň gönüleýin bölegi üçin enjamlary satyn almak;

Lot 2: 214 kilometrlik gaz geçiriji üçin kömekçi enjamlary satyn almak we awtomatlaşdyrmak;

Lot 3: kompressor stansiýasyny taslamak we dolulygyna gurmak. Garaşylyşy ýaly, teklipleri bermek boýunça çakylyklar 2017-nji ýylyň iýunynda ugradylar. Şertlere laýyk gelmek boýunça deslapky bahalandyrma Yslam ösüş bankynyň harytlary satyn almak we işler boýunça Gözükdirmesinde görkezilen deslapky bahalandyrma çärelerine laýyklykda geçiriler we oňa ýokarda ýatlanylyp geçirlen Gözükdirmede ady agzalan döwletlerden ähli potratçylar gatnaşyp biler. Gyzyklanma bildirýän taraplar «Türkmengaz» DK (aşakda görkezilen salgy boýunça) duşenbeden anna gününe çenli Aşgabat wagty bilen 09-00- dan 17-00- a çenli iş wagtyň dowamynda ýüz tutup, goşmaça maglumat alyp, deslapky bahalandyrma resminamasyny görüp bilerler. Iňlis we rus dillerinde düzülen deslapky bahalandyrma resminamalarynyň doly bukjasy aşakda görkezilen salgy boýunça ýazmaça arza tabşyrylandan soňra we yzyna gaýtarylmazlyk şerti bilen 1 500 amerikan dollaryny ýa-da töleg senesine çenli ýagdaýda Türkmenistanyň MB-nyň kursy boýunça şol puluň manat barabarlygyndakysyny töläninden soňra arzadarlar tarapyndan satyn alnyp bilner. Şu görkezilen hasaba töleg usuly bilen pul serişdeleri geçiriler:

«Türkmengaz» döwlet konserni 744036, Türkmenistan, Aşgabat, 1939, Arçabil şaýoly, 56 R/H: 28902840110102500007000 Türkmenistanyň Merkezi bankynda. SWIFT CODE: CBTU TM 2A Deutsche Bank AG,

Frankfurt SWIFT CODE: DEUTDE FF AC: 949924500, MFO 390101101 Salgyt kod: 101161002763.

Resminama elektron poçtanyň üsti bilen iberiler. Deslapky bahalandyrma gatnaşmak üçin arzalar möhürlenen konwertlerde şu aşakdaky salga 2017-nji ýylyň 21-nji iýunyna Aşgabat wagty bilen 12-00- a çenli iberilmelidir. Konwerte şu ýazgy anyk ýazylmalydyr: «TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegi üçin enjamlary we materiallary satyn almak, kompressor stansiýasyny gurmak boýunça deslapky bahalandyrma gatnaşmak üçin arza».

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumy Jenap Myrat Arçaýewe Arçabil, 56-njy jaý, 18-nji gat Şäher: Aşgabat Indeks: 744036

Telefon: +993 12 403 201, +993 12 403 260 Faks: +993 12 403 254  Elektron poçtanyň salgysy: tapipmu@gmail.com

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Birinji Hazar ykdysady forumyna sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary gatnaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi