19.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Şekillendiriş Sungaty Muzeýinde Ýylyň Şygaryna Bagyşlanan Sergi Açyldy

Şekillendiriş sungaty muzeýinde şu ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanyp, türkmen nakgaşlarynyň eserleriniň sergisi açyldy. Muzeýiň direktorynyň orunbasary Jennet Karanowa: “Belli we köpüň halaýan suratlary bilen birlikde bu sergide täze, ilkinji gezek görkezilýän suratlar hem kän. Onsoňam, žiwopis işlerinden we heýkellerden başga-da, amaly-haşam sungatyna degişli keramika işleri, dürli şaý-sepler, gobelenler, keçeler görkezilýär. Biz bu eserleriň tomaşaçylara Watanymyzyň häzirki ruhuny duýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirýäris” – diýip gürrüň berýär. 

Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýarly Baýramowyň simwolizm usulynda çeken “Bagtyýar Türkmenistan” suraty teamtiki sergide esasy orun tutýar. Nakgaş gahrymanlaryny – dürli nesliň wekillerini — atasyny, ogluny we gyzyny baýryň üstünde şekillendiripdir, ol ýerden Köpetdagyň etegindäki gözel Aşgabadyň ajaýyp binalary görünýär. Gyz bolçulygy aňladýan türkmen topragynyň sahawatly miweleri goýlan mejimemäni depesine göterip dur, ýetginjek bolsa parahatçylygyň we dostlugyň nyşany bolan ak kepderileriň asmanda gaýyp ýörşüne buýsançly bakýar. 

Rahman Umarowyň “Asudalyk” suraty hem Ýarly Baýramowyň suraty bilen sazlaşykly utgaşýar: goşa guw howdanyň üstünde parahat uçup ýör, aýna kimin arasssa suwda derekleriň zümerret keşbi görünýär. Nakgaşyň çotgasynyň ýeňiljek yz galdyrýan näzik reňkleri, olaryň beýlekisine nepis geçişi göwne rahatlyk berýän sazlaşyk döredýär. Bu ussat nakgaş beýleki bir işini “Mähir” diýip atlandyrypdyr. Onda ýüregi bedewe söýgüden doly gyzjagaz aty mähir bilen öpýär. Bu pursatyň aňyrsynda şekillendirilen diwar hem güneş nurly şadyýan ýaldyldap dur. Nakgaş eseriň baş gahrymany gyzjagazyň keşbi arkaly türkmen halkynyň ahal-teke bedewlerine çäksiz söýgüsini beýan edipdir. 

Walentin Kudrýaşowyň “Parfiýa güýzi” suraty ilkinji gezek görkezilýär. Onda nakgaş ýiti we üýtgeşik reňkleri bilen tomaşaçylary ýene bir gezek geň galdyrdy. Melewşe daragtyň nagyş kimin benewşe kölegesi ýere düşýär, ýol üstündäki daşlar benewşe reňkli, Gün nurly atyzyň golaýynda dowar sürüsi otlap ýör. Alysda bolsa, türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasynyň ýadygärligi bolan Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýyň ýykylan diwarlary görünýär. Watanymyzyň bu gözel künjegi biziň milli ýörelgelere wepalydygymyzy we üstünliklere hyjuwymyzy alamatlandyrýar. 

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredow işleriniň birnäçesini teklip edipdir, olaryň arasynda “Türkmen çemenzarlygynyň owazy” we “Ýüregimiň wysaly” işleri bar. Tebigatdaky çarçuwa şekilli molbert nakgaşyň eserlerine mahsus tilsimdir. Belki, ol şeýtmek bilen durmuşa döredijilikli garaýyşly bakýandygyny nygtamak isleýändir. 

Sergide zehini we kärine ussatlygy üçin “2018-nji ýylyň zenany” adyna mynasyp bolan Aýjemal Çaryýewanyň ýasan şaý-sepleri goýlupdyr. Gymmatly daşlar bilen bezelen kümüşdir melhiordan ajap nagyş şaý-sepleri ýasamak sungaty, daşyndan seretseň, onuň çep elinden gelýän ýaly bolup dur. Olaryň goýlan tekjesiniň ýanynda zenanlar köp eglenýärdiler. 

Bahar Annagulyýewanyň “Söýgi” atly keramiki işidi-de bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Buýsançly kaddy-kamatly, nepis şekilli goşa tawus bir-birine mähir-muhabbet berýär. Bahar olaryň perleriniň owadanlygyna däl-de, guşlaryň bir-birine söýgüsine ünsi çekmek isleýär. Ol muny çeper beýan edipdir. 

Aýna Saparowa halk amaly-haşam sungatynyň özboluşly eserlerini getiripdir. Ol “Maşgala” atly üýtgeşik suratly keçe döredipdir. Ýumşak sary-narynç reňkli keçeden türkmen topragynyň ýylysy we aşyk-magşuk ýürekleriň mähri gelip dur.

Nakgaş gyz mundan daşgary kädilere surat hem çekýär. Ýaňy-ýakyna çenli kädilere esasan zenan keşpleri berlerdi. Ýöne Aýna Saparowa ýaly täzeçil nakgaşlar oňa täze ýordumlary salyp ugradylar. Sergä gelenler olarda oba durmuşyny şekillendirýän ýordumlar bilen hem tanyşdylar: ynha, olaryň birinde zenan maşgala tamdyra nan ýapýar, soňra sygyr sagýar, onuň ýanýoldaşy bolsa tazylaryny alyp, awa gidýär…

Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýaýbaňlandyrylan “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanan dürli tilsimli köpugurly sergide üýtgeşik keramika önümleri, nepis gobelenler we gözel ýurdumyz barada gürrüň berýän žiwopis eserleri görkezilýär.

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

syrach

“Eni Turkmenistan Limited” Kompaniýasy Tenderi Yglan Edýar: 28.02.2020-30.03.2020

turkmenhabargullugy

Tatarystanyň Paýtagtynda Aziada-2017-niň Tanyşdyrylyşy Geçirildi