15.01.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi Tarapyndan 38,9 Göterim Senagat Önümi Köp Öndürildi

Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi Tarapyndan 38,9 Göterim Senagat Önümi Köp Öndürildi

Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde hususy telekeçiligiň orny barha artýar. Muňa 2017-nji ýylyň ilkinji iki aýynyň jemleri hem şaýatlyk edýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 80 million manada barabar senagat önümleri, 120 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürilip, olaryň möçberi degişlilikde 38,9 göterim we 38,1 göterim artdy.

Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 261,6 million manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2 göterim artdy. Söwda haryt dolanyşygy 1,8 milliard manatdan gowrak bolup, 5,6 göterim artdy. Hyzmat ulgamynda bolsa 158,6 million manatlyk işleri ýerine ýetirilip, 6,2 göterim ösüş gazanyldy.

Degişli makalalar

Türkmen Türgenleri IV Yslam Raýdaşlyk Oýunlaryna Gatnaşmak Üçin Baku Şäherine Geldiler

Budapeştde Geçirilen Ýaryşda Türkmen Küştçileri Iki Altyn we Bir Kümüş Medaly Aldylar

Türkiýäniň Ýaşlar we Sport Ministrliginde “Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň” Tanyşdyrylyşy Atly Maslahat we Sergi Geçirildi