21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Ministrler Kabineti Şu Ýylyň Geçen Iki Aýynda Ykdysadyýetde Alnyp Barlan Işleriň Jemlerini Jemledi

Ministrler Kabineti Şu Ýylyň Geçen Iki Aýynda Ykdysadyýetde Alnyp Barlan Işleriň Jemlerini Jemledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlise harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň käbiriniň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, 2017-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda görülýän çäreleriň netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigini hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyny belledi.

Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,6 göterim, gurluşykda 4,6 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 11,4 göterim, söwdada 11 göterim, oba hojalygynda 3,2 göterim we hyzmatlar ulgamynda 10,8 göterim ýokarlandy.

Ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça hasabat maglumatlaryna laýyklykda, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 3,2 göterim artdy.

Iki aýyň jemleri boýunça 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek satuw haryt dolanyşygy 17,1 göterim artdy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 9,6 göterim ýokarlandy.

Wise-premýer Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, onuň girdeji böleginiň 2,8 milliard manada we çykdajy böleginiň 2,7 milliard manada deň bolandygyny aýtdy. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 3,9 milliard manada deň boldy.

Rejelenen görnüşindäki Oba maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça 512,4 kilometr inženerçilik, aragatnaşyk ulgamlarynyň, 27,1 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy hem-de 63 sany durmuş maksatly binanyň we desganyň, 28 sany suw we lagym arassalaýjy desganyň, 763,4 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle-de, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Jemi 156,6 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.

Şeýle hem sebitlerde senagaty ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň barşy barada habar berildi. Häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 216-synyň gurluşygy tamamlandy hem-de 104-sinde gurluşyk işleri dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iki aýyň netijeleri boýunça ykdysadyýetiň görkezijileriniň oňyn ösüşini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz ýöne, heniz üstünde işlemeli, çözülmeli meseleleriň hem bardygyny aýdyp, häzirlikçe döwlete degişli kärhanalary hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak işleriniň haýal alnyp barylýandygyny belledi. Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň üstünde tutanýerli işlemegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 108 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 103,8 göterim, daşary ýurtlara tebigy gazy ugratmagyň meýilnamasy 100,7 göterim ýerine ýetirildi. Nebit önümleriniň birnäçe görnüşlerini çykarmak boýunça meýilnama artygy bilen berjaý edildi, şol sanda dizel ýangyjynyň öndürilişi 3,7 göterim, polipropileniň öndürilişi 4,1 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 1,5 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 3,8 göterim artygy bilen ýerine ýetirildi. Guýulary burawlamagyň meýilnamasy 119,6 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýer şeýle hem Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň hasabat döwründe meýilnama laýyklykda alnyp barlandygyny habar berdi. Mundan başga-da, turbageçirijiniň Owganystanyň çäginden geçjek böleginde ýerine ýetiriljek tehniki işlere badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere mundan beýläk hem garamagyndaky düzümleriniň işine berk gözegçiligi amala aşyrmagy, nebiti we tebigy gazy çykarmak hem-de gaýtadan işlemek, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýere TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny ilerletmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň 2017-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň meýilnamasynyň 100,4 göterim berjaý edilendigini, şunda ösüş depgininiň 101,8 göterime barabar bolandygyny aýtdy.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 100,4 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 100,1 göterime deň boldy.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň meýilnamasy 121,5 göterime deň bolup, 100 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Ýük daşamagyň ösüş depgini 100,5 göterime, ýolagçy gatnatmakda bolsa 101,3 göterime deň boldy.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 102,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurt boýunça 75 müň, şol sanda 71 müň öýjükli belgi we 4 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 173 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hasabat döwründe awiahyzmatlarynyň ösüş depgini 113 göterim üpjün edildi. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 100 we 102,3 göterime barabar boldy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112 göterim ýerine ýetirildi. Port hyzmatlarynyň ösüş depgini 104 göterime deň boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, demir ýol pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge aýratyn üns bermegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag-aragatnaşyk toplumynda giň möçberli işleri ýerine ýetirmegiň we köpsanly çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Amyderýanyň üstünden çekilen Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsini ulanmaga bermek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz Demir ýol ulaglary ministri D.Bäşimowa hem-de “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýolbaşçysy D.Saburowa ýüzlenip, bu pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz demir ýol we howa gatnawlarynyň howpsuzlygyny hem-de bökdençsizligini üpjün etmek, ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 102 göterim berjaý edildi. Şunlukda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 129,9 göterime deň boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi 27 million 655 müň manada deň bolup, meýilnama 109,1 göterim ýerine ýetirildi. Şunlukda, bu görkezijiler boýunça 2016-njy ýylyň iki aýynyň jemleri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 102,7 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi 184 million 200 müň manat bolup, bu baradaky meýilnama 109,1 göterim ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 100,7 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda elektrik energiýasynyň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda 105,1 göterim ýerine ýetirildi. Onuň eksportunyň ösüş depgini bolsa 101,8 göterime deň boldy.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 110,3 göterim berjaý edildi. Şunlukda, şu ýylyň iki aýynda 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 112,1 göterime deň boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça önümçiligiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,4 göterim berjaý edildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgininiň 103,7 göterime deň bolandygyny aňladýar.

Özygtyýarly Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamasyny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gözegçilik edýän düzümleriniň toplumlaýyn esasda ösdürilmegi babatda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Sazlaşykly ösüşi üçin bolsa döwletimiz ähli zerur şertleri üpjün edýär.

Ýurdumyzda ýol-ulag düzümini ösdurmek, hususan-da, häzirkizaman ýokary hilli köprüleri gurmak işlerine ägirt uly ähmiýet berilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz D.Amangeldiýewe we “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy A.Öwezowa öňde durýan wezipeleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary etmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, aýratyn-da ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbiniň döredilmegine möhüm üns berilmelidir. Şunuň bilen baglylykla, wise-premýere we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe şäheriň mundan beýläk-de ösdürilmegi we abadançylygy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Bu işler ähli görkezijiler babatda paýtagtymyzyň ösen derejesine laýyk gelmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda toplumynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyndaky esasy görkezijiler barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwdanyň dolanyşygy jemi 702,5 million manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,5 göterim artdy. Ministrligiň kärhanalary boýunça umumy peýdanyň möçberi 95,5 million manada barabar boldy we bu baradaky meýilnama 130,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe 21 million manat maýa goýumlary özleşdirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 40-sy geçirilip, umumy bahasy 3,4 milliard manatdan gowrak bolan 1674 sany şertnama hasaba alyndy. Olaryň esasy bölegi eksport-import boýunça şertnamalardyr (3,2 milliard manatdan gowrak) umumy girdejiniň möçberi 10,8 million manada barabar bolup, bu baradaky meýilnama 144,6 göterim ýerine ýetirildi.

Söwda-senagat edarasy boýunça 3,06 million manatlyk hyzmat işleri amala aşyrylyp, onuň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,1 göterim artdy. Edaranyň kärhanalary boýunça jemi 1 million 157 müň manat peýda gazanylyp, bu baradaky meýilnama 149,5 göterim ýerine ýetirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 80 million manada barabar senagat önümleri, 120 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürilip, olaryň möçberi degişlilikde 38,9 göterim we 38,1 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 261,6 million manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2 göterim artdy. Söwda haryt dolanyşygy 1,8 milliard manatdan gowrak bolup, 5,6 göterim artdy. Hyzmat ulgamynda bolsa 158,6 million manatlyk işleri ýerine ýetirilip, 6,2 göterim ösüş gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary söwda işini kämilleşdirmek we haryt dolanyşygyny artdyrmak bilen baglanyşykly tabşyryklary berip, ylmy çemeleşmelere daýanmak arkaly, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine täsiri bolan ählumumy ýagdaýlara yzygiderli gözegçiligi alyp barmagy, ýurdumyzyň eksporta ugradylýan harytlarynyň möçberlerini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegi, önümlere bolan islegleri seljermegi hem-de ugradylýan harytlaryň bazarlary giňeltmegi we täze bazarlary gözlemegi berk talap etdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri D.Orazmyradowa daşary bazarlardaky ýagdaýlary öwrenmek babatda anyk tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewe sebiti ykdysady taýdan ösdürmek babatda çäreleri görmek bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Senagat ministrligi boýunça hasabat döwründe önüm öndürmegiň meýilnamasy 126,3 göterim ýerine ýetirildi. Şunlukda, ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwründäki derejesinde saklandy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önümçiligiň meýilnamasy 110,8 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 2,6 göterime deň boldy. Dokma önümlerini ýerlemekden alnan girdeji 201 million 800 müň manada deň bolup, netijede 9 million 100 müň manatlyk peýda gazanyldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda öndürilen umumy önümleriň meýilnamasy 102 göterim ýerine ýetirildi. Şunlukda, 2,0 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şu döwürde pudagyň kärhanalarynda 6 müň 570 inedördül metr haly önümleri dokalyp, ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende 0,8 göterime deň boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça geçen iki aýda önümçilik meýilnamasy 103,9 göterim ýerine ýetirildi. Hususan-da, tehniki ýoduň önümçiliginde bu görkeziji 113,8 göterime deň boldy. Tehniki uglerodyň önümçiligi boýunça ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwründäki derejesine, sulfat-natriniň önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 2,1 göterime deň boldy.

Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça hasabat döwründe öndürilen umumy önümleriň meýilnamasy 115,2 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 0,3 göterime deň boldy. Balyk tutulyşy boýunça ösüş depgini 3,5 göterime, gaýtadan işlenilen hem-de gaplanan balyk önümleriniň önümçiliginiň ösüş depgini 7,3 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat toplumynyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we artdyrmagyň, degişli düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň, pudagyň kärhanalarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmagyň milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň we ony hil taýdan täze derejä çykarmagyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ösüş depginlerini artdyryp, kabul edilen we ýokary hilli köp görnüşli önümleriniň önümçilik möçberleriniň artdyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözgüdine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip hem-de ýerlerde Milli özgertmeler we beýleki kabul edilen maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz welaýata gözegçilik edýän wise-premýere hem-de mejlise çagyrylan Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewe degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, şu döwürde Bilim ministrliginiň buýurmasy boýunça 600 orunlyk orta mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň we 72 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp baryldy.

Ýanwar-fewral aýlarynda okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň golýazmalarynyň 201 sanysy taýýarlanyldy we çapa berildi. 2017-nji ýylda geçirilen halkara ders bäsleşiklerinde ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bäş bürünç medala, internet bäsleşiklerinde bolsa iki altyn we üç kümüş medala mynasyp boldular. Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary halkara Internet bäsleşiklerinde 9 baýrakly orna, şol sanda 6 altyn, 3 kümüş medala mynasyp boldular.

Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýletinçiler bilen elektron hasaba almak bilen bagly okuw-türgenleşik sapaklary, amaly maslahatlar, bäsleşikler geçirildi.

Hasabat döwründe döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 103 göterim, ýerine ýetirilen hyzmatlarda we ýerlenen önümlerde 106 göterim, derman önümçiliginde 102 göterim artdy.

Wise-premýer şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen 69-njy mejlisine gatnaşandygyny habar berdi.

Hasabat döwründe ýurdumyzda jemi 34 sany içerki ýaryş we 21 sany köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi. Türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynyň 22-sine gatnaşdylar we jemi 136 medal, şol sanda 59 altyn, 34 kümüş we 43 bürünç medal gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere gözegçilik edýän ulgamlarynyň işini guramaga täzeçe çemeleşmek babatda görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyz ähli durmuş pudaklarynyň toplumlaýyn ösdürilmegini üpjün etmegiň ýokary hilli bilim, bermegiň, ylmy işläp taýýarlamalary işjeň ilerletmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegiň, jemgyýetçilik başlangyçlaryna goldaw bermegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz şeýle hem bedenterbiýe we sport ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmeleri kemala getirmek, çagalar-ýetginjekler sportunyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek hem-de türgenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň birnäçe ugurlary boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy talap edip, bu ugurda işleýän edaralaryň tagallalaryny birleşdirmegiň wajypdygyny belledi hem-de Aziada-2017-ni geçirýän ýurt hökmünde ýurdumyzyň üstüne uly jogwpkärçiligiň düşýändigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem mart aýynda giňden bellenilýän hem-de milli we halkara senenamasynda möhüm orun eýeleýän baýramçylyklar we olar mynasybetli gurlup ulanmaga berilýän durmuş medeni-maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Medeniýet ulgamynda gol çekilen resminamalara laýyklykda, daşary ýurtlar bilen medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda amerikan hem-de hindi kinofilmleriniň görkezilişi boldy. Hytaýyň we Hindistanyň sungat ussatlarynyň konsert çykyşlary guraldy. Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri üstünlikli geçdi. Ýurdumyzyň medeniýet işgärleri birnäçe daşary döwletlerde iş saparlarynda boldular we sungat ussatlarymyz Belarusuň paýtagtynda konsert bilen çykyş etdiler.
Teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň we medeniýet ulgamynyň we beýleki medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek çäreleri dowam edýär.

Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugynda 19 million 34 müň manatlyk önüm öndürilip, bu baradaky meýilnama 109,4 göterim ýerine ýetirildi, 43 görnüşli kitap önümleriniň 4 million 373 müň 986 nusgasy neşir edildi.

Ýurdumyzyň köpülikleýin habar beriş serişdelerinde dürli pudaklarda gazanylýan üstünlikleri giňden beýan etmek işleri alnyp barylýar. Milli telewideniýäniň hünärmenleri şu ýylyň başyndan bäri halkara maslahatlaryna gatnaşmak, täze maglumat tehnologiýalary ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek, şeýle hem türkmen türgenleriniň dürli ýaryşlara gatnaşyşyny beýan etmek maksady bilen, birnäçe daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden gazanylan umumy girdeji 4,8 million manatdan gowrak boldy, 17,5 müňe golaý adama hyzmat edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baýramçylyk dabaralaryny hem-de meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere medeniýet ministri G.Orazmuhammedowa hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy N.Garlyýewe anyk tabşyryklar berdi.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň işine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz pudagyň alyp barýan işleriniň netijelerine nägilelik bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, syýahatçylyk bütin dünýäde iň girdejili pudaklaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda täsin taryhy we medeni desgalaryň bardygyna garamazdan, syýahatçylary giňden çekmek boýunça işler pes derejede alnyp barylýar. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere meseleleri seljermegi hem-de ýagdaýy üýtgetmek, kemçilikleri düzetmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça önümçilik möçberleriniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 105 göterime barabar boldy. Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 106,7 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 102,7 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 105,1 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, unuň, unaş, çörek we bulka önümleriniň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň we gök ekerançylygyň önümçilik möçberleri ýokarlandy. Maýa goýumlary özleşdirmek baradaky meýilnama ministrlik we pudak edaralary tarapyndan 123,1 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän özgertmeleri işjeňleşdirmek, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ylmy-barlag institutlarynyň we synag ylmy-önümçilik merkezleriniň ýolbaşçylary bilen maslahatlar geçirilip, oba hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ylmy esasda ösdürmek, toplumda ylmy-tehniki gazanylanlary, täzeçil usullary we tehnologiýalary işjeň ulanmak boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp msalahatlaşyldy. Oba hojalyk pudagynda ylmy işiň esasy ugurlary boýunça iş meýilnamasy taýýarlanyldy.

Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we gowaça, gök, bakja hem-de ot-iýmlik ekinleriň ekişine taýýarlyk barada hasabat berildi. Taýýarlygyň çäklerinde sürüm, meýdanlary tekizlemek, suwarmak we beýleki agrotehniki işler alnyp barylýar.

Wise-premýer hormatly Prezidentimizden ýaz ekişiniň başlamaly möhletini kesgitläp bermegi haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi. 2017-nji ýylda tutuş ýurdumyzda ministrlikler, pudaklaýyn edaralary we häkimlikler tarapyndan paýtagtymyza hem-de onuň töwereklerinde hem-de welaýatlarynda 3 million bag nahallaryny, şol sanda miweli agaçlary oturtmak meýilleşdirildi. Bu gezekki ýowar geçiriljek ýerler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzir ýurdumyzyň ekerançylary üçin jogapkärli möwsümiň—gowaça ekişiniň ýetip gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ekişiň ýokary hilli geçmegi geljekki bol hasylyň girewidir. Şonuň üçin hem ony öz wagtynda we ähli zerur bolan agrotehniki kadalara laýyk derejede geçirmek möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine 25-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 29-njy martda guramaçylykly girişmäge ak pata berdi. Hormatly ýaşulular asylly däbe görä bu möhüm möwsüme başlap bererler.

Sagdynlyk we bagtyýarlyk ýylynda edermen daýhanlaryň döwlet goldawyndan netijeli peýdalanyp, pagtanyň bol hasylyny ýetişdirjekdigine we täze zähmet ýeňşini gazanjakdyyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň pagtaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, olaryň ýeňil bolmadyk işinde üstünlik arzuw etdi.

Ýurdumyzyň bagy-bossanlyga bürenmeginde möhüm orun eýeleýän “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz 18-nji martda ählihalk ýowaryny geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi we köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak boýunça ýaýbaňlandyryljak işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem bu günki mejlise gatnaşýan “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory Ý.Annaýewe degişli tabşyryklar berildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda şu ýylyň iki aýynda Daşary işler ministrliginde alnyp barlan işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlar we abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmeginde ýokary derejede guralýan saparlara möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistana daşary ýurtlaryň dürli derejedäki wekiliýetleriniň 64-si sapar bilen geldiler. Şol bir wagtyň özünde daşary döwletlere ýurdumyzyň 120 wekiliýeti ugradyldy. Ýurdumyzda daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen bilelikde 19 maslahat we duşuşyk geçirildi. Gol çekilen resminamalaryň 7-si Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryş-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

Şeýle hem wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şu ýylyň 6-7-nji martynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak saparynyň maksatnamasy barada habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmek ugruna eýerjekdigini, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň we wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamaga gatnaşjakdygyny, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşjakdygyny belledi.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýokarda agzalan Konsepsiýany yzygiderli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň durnukly ösüşiň Ählumumy maksadyna ýetilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça degişi tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Özbegistan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilmeginiň, medeni we ruhy umumylyklary bolan iki halkyň arasyndaky dostluk ýörelgeleriniň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň iki aýynda milli parlament tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada habar berdi.

Parlamentiň şu ýylyň iki aýynda geçirilen maslahatlarynda kanunçylyk resminamalarynyň birnäçesi, şol sanda Türkmenistanyň Kanunlary we Mejlisiň Kararlary kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmegiň bähbidine ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda, Mejlise Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolup durýan Adalatçynyň wezipesine hödürlenýän adamlaryň maglumatlaryny iberýändigini, bu meselä we beýleki guramaçylyk meselelerine parlamentiň nobatdaky mejlisinde garalmalydygyny aýtdy.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu günki mejlise çagyrylan ýolbaşçylaryna ýüzlenip, asudalygyň, parahatçylygyň üpjün edilmegi ugrunda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmelidigini belledi. Munuň özi döredijilikli zähmetiň berkarar bolmagynda, ähli başlangyçlaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde has-da möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary jemläp, şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda hem depginli ösmegini dowam edýändigine şaýatlyk edýändigini belledi.

Kanunda bellenen möhletlerde täze Hökümet düzüldi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary görkezijileri saklap galyndy. Geçen iki aýda bu görkeziji 6,2 göterime barabar boldy. Beýleki pudaklar hem ýokary depginler bilen ösýär. Mysal üçin, oba hojalygynda 7,8 göterim, söwda ulgamynda 16,9, ulag we aragatnaşykda 14,2, hyzmatlar ulgamynda hem 10,3 göterim ösüş gazanyldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 48 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän dürli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Bularyň köpüsi durmuş maksatly desgalardyr. Alnyp barylýan gurluşyklaryň umumy bahasynyň 17 milliard amerikan dollaryna golaýynyň öz gurluşyk-gurnama guramalarymyz tarapyndan ýerine ýetirilýändigi aýratyn guwandyrýar. Bu görkeziji geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdireniňde 20 göterim köpdür diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi.

Şunuň bilen birlikde, birnäçe meseleler hem çözülmän gelýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we wise-premýerlerden, aýratyn-da, welaýatlar boýunça jogapkär edilip bellenenlerden häkimler bilen bilelikde bu meseleleri, alnyp barylýan özgertmeleri hem-de gözegçilik edýän pudaklaryndaky desgalaryň gurluşygyny hemişe berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak hem-de ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine, umuman, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly ähli meselelere aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we paýtagtymyza gözegçilik edýän wise-premýer D.Amangeldiýewiň bu ugurda edilen işler barada Ministrler Kabinetiniň her gezekki mejlisinde hasabat bermegini talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, hemmelere eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler, özygtyýarly ýurdumyzyň halkyna bolsa Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda gülläp ösüş arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji Sessiýasy

syrach

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra Güni Mynasybetli Çärelere Gatnaşdy

turkmenhabargullugy