16.04.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Sergeý Lawrow Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Duşuşyk Geçirdi we Halkara Gatnaşyklary Institutynda Sapak Berip, Çykyş Etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň baştutanlygyndaky Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine döwletara türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm meseleleri, esasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi bilen bagly meseleler girizildi.

Sebit we halkara meseleleriniň möhüm ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Şeýle hem taraplar daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary berkitmek, netijeliligini görkezen Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri geçirmek işini dowam etmek barada bir pikire gelindi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019–2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasyna gol çekildi.

Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň baştutany Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynda hem sapak berip, çykyş etdi.

tdh

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti 18-19-njy Aprelde Gazagystan Respublikasynda Döwlet Sapary Bilen Bolar

Prezident Aleksandr Lukaşenko: Biz Iki Halka Uly Peýda Getirýän Ägirt Uly Taslamany Amala Aşyrdyk

turkmenhabargullugy

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach