21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Seulda Türkmenistanyň we Koreýanyň

Düýn Koreýa Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurduň paýtagty Seul şäherine geldi. Bu ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi, onda oňyn syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de ösdürmäge täze çemeleşmeler, söwda-ykdysady döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ugurlary kesgitlenildi.
Ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň öňüsyrasynda, 10-njy aprelde Seulda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara türkmen-koreý toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine degişli meseleleriň giň toplumy we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekmäge taýýarlanylan resminamalaryň taslamalary ylalaşyldy.
Düýn, 12-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasynyň öňüsyrasynda Tegu şäherinde VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Forumyň münberinden çykyş etmek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň üýtgewsiz garaýyşlaryny we oňyn başlangyçlaryny, hususan-da, BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça tekliplerini aýan etdi. 
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy häzirki wagtda ählumumy meseleleriň çözgüdini tapmaga, şol sanda öz ýurtlarynda häzirki döwrüň iň möhüm meseleleri boýunça ýokary derejeli halkara duşuşyklaryny guramak arkaly uly goşant goşýarlar. Munuň özi “Aşgabat-Seul” sebitüsti görnüşdäki hyzmatdaşlygyň tutuş Azýianyň syýasy we ykdysady keşbiniň örän möhüm düzümleriniň biri bolmagy mümkindir we şonuň bilen birlikde,  yklyma parahatçylyk, durnuklylyk we gülläp ösüş getirmäge ýardam berer.      
 Ir bilen milli Liderimiz özüniň  kabulhanasy ýerleşýän “Lotte” myhmanhanasyndan Koreýa Respublikasynyň Milli gahrymanlarynyň ýadygärligine geldi we onuň etegine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.Mähriban topragyň azatlygy hem-de garaşsyzlygy ugrunda gurban bolan watançy gahyrmanlarynyň hatyrasyna bina edilen ýadygärlige Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gül çemeni goýulýar. Milli Liderimiz bir minutlap dymmak bilen, ýadygärligi hatyralaýar.
Ýadygärlige gül goýmak çäresi tamamlanan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýadygärligiň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitabynda ýazgy galdyrýar. Toplumyň ýolbaşçysy ýadygärligiň taryhy barada gürrüň berýär. Soňra döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň resmi kabulhanasy “Çhonwade” köşgüne geldi. Bu iri köşk toplumy milli koreý binagärliginiň ýörelgeleri esasynda gurlupdyr. Ol Seulyň iň ajaýyp künjekleriniň birinde, şäheriň taryhy merkezinde ýerleşýär. 
Milli Liderimiziň ulagy “Çhonwade” Prezident köşgüniň öňündäki merkezi meýdançada saklanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Pak Kyn He mähirli garşylaýar. Birek-birek bilen salamlaşyp, döwlet baştutanlary ýörite gurnalan ýerde öz orunlaryna geçýärler.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Iki ýurduň liderlerine hormat garawulynyň serkerdesi raport berýär. Prezidentler hatara duran esgerleriň öňünden geçip, Koreýa Respublikasynyň Milli goşunynyň baýdagyna tagzym edýärler. 
Döwlet baştutanlaryny köşgüň meýdançasynda guralan dabara gatnaşýan Seul şäheriniň ýaş nesilleri mähirli garşylaýarlar. Olaryň ellerinde dürli güller, koreý we türkmen halklarynyň dostlugynyň nyşany bolan ki ýurduň baýdajyklary bar.
Soňra hormatly Prezidentimiz kabul edýän tarapyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Koreýa Respublikasynyň  Prezidentini Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz “Çhonwade” köşgüniň eýwanyna girip, bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýelenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdyr. Soňra iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy boldy.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimizi köşgüň “Pek Ak”  kiçi maslahatlar zalyna çagyrdy. Bu ýerde kiçiräk düzümde gepleşikler geçirildi.
Milli Liderimizi koreý topragynda görýändigine örän şatdygyny belläp, hanym  Pak Kyn He Koreýa Respublikasyna sapar bilen gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildidi.  Dostlukly döwletiň baştutanynyň belleýşi ýaly, bu sapar iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda şanly wakany alamatlandyrdy we oňa aýratyn ähmiýet berilýär. 
Hoşniýetli sözler we mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz hanym Pak Kyn Heni we VII Bütindünýä suw forumyny guraýjylary bu şanly waka bilen gutlady hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, häzirki döwürde suw üpjünçiligi we suwuň ulanylyşy bilen baglanyşykly meseleler tutuş adamzat üçin has möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Olaryň çözgüdi bolsa ählumumy pikir alyşmalaryň we bilelikdäki çäreler kabul etmegiň üsti bilen amala aşyrylyp bilner. Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşýan we häzirki döwürde işini dowam edýän Bütindünýä forumy hut şu ugra gönükdirlendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyny özüniň ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaşy hasaplaýandygyny hem-de özara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň erkin islegine we ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere  daýanýandygyny belledi.
Soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklar täze ösüşe eýe boldy. Gysga döwrüň içinde döwlet baştutanlary indi ikinji gezek duşuşýarlar. Bu bolsa özüniň oňyn netijesini berýär. Geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda gazanylan ylalaşyklaryň Seulda geçirilen duşuşyklaryň barşynda mynasyp dowam etdirilýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Iki ýurduň Liderleri türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryndaky netijeli hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin strategiýasyny işläp taýýarlamaga bolan çemeleşmeleriň ugurlaryny kesgitlediler.  Ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri baradaky meselelere gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň özenini düzdi. Bu babatda Koreýa Respublikasy dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolup durýar. Iki döwletiň baştutanlary medeni-gumanitar ulgamdaky, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň zerurdygy babatda aýtdylar.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda “Jipýun” uly maslahatlar zalynda giňişleýin düzümde dowam etdi. 
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, Koreýanyň liderine mähirli kabul edilendigi we bilelikde netijeli işler alyp barmak ügrunda oňaýly şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. 
Döwlet Baştutanymyz Prezident Pak Kyn He bilen  geçirilen söhbetdeşligiň netijeli häsiýete eýe bolandygyna ýokary baha bermek bilen, onda daşary syýasat, ykdysady, söwda, gumanitar gatnaşyklar ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna deglip geçilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanmalar bildirildi. 
Biziň häzirkizaman halkara syýasatynyň birnäçe esasy meseleleri boýunça garaýyşlarymyz we çemeleşlerimiz umumydyr. Munuň özi ilkinji nobatda tutuş dünýäde, aýratyn-da, Merkezi Aziýa, we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde  durnuklylyk we howpsuzlyk ulgamynyň berkidilmegindan ybaratdyr. Şunuň ýaly meseleler boýunça pikir alşymak arkaly, biz ýurtlarymyzyň iki halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki ýygjam hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Häzirki döwürde Türkmenistan  Aziýa-Ýwaş umman sebiti bilen gatnaşyklaryň ösdürilmengine aýratyn ähmiýet berýär we ony  özüniň daşary syýasat ugrunda hem-de daşary ykdysady işinde möhüm ugur hökmünde ileri tutýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz 
Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasynyň işine uly gyzyklanma bilen syn edýär. 
Biz Türkmenistan  bilen Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ynanýarys we bu halkara guramasy bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyrys diýip, milli Liderimiz belledi we we Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyny bu babatda özüniň möhüm hyzmatdaşy hasaplaýandygyny aýtdy. 
Aziýada ynanyşmak çäreleriniň berkidilmegi, halkara-hukuk kadalarynyň esasynda we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegi üçin berk syýasy şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Türkmenistan halkara bileleşiginiň bu sebitde howpsuzlygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak we ony aradan aýyrmak boýunça çäreleriň goldanylmagyna gönükdirilen işini hemmetaraplaýyn goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Durnykly ösüşiň maksatlaryna goldaw bermek, terrorçylyk, ekstremizm, neşeleriň bikanun dolanyşygy ýaly ählumumy wehimlere garşy durmak ýaly wajyp meselelere bolan çemeleşmeleriň umumylygyny tassyklaýarys  diýip, milli Liderimiz belledi.
Köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy, umuman ýaragsyzlanyş meselesiniň ýola goýulmagy ýaly düzgünler häzirki döwürde halkara gün tertibinde durýan wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Biz Koreýa Respublikasynyň bu babatda alyp  barýan tagallalaryna ýokary baha berýäris we koreý ýarym adasynyň ýadro ýaragyndan azat zolak hökmünde ykrar edilmegi ýörelegelerine hormat bilen garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biziň ýurdumyz merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek başlangyjyny ilkinjileriň biri bolup öňe sürdi we oňa işjeň gatnaşýar diiýp, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň birnäçe halkara meseleleri  boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da ýakyndygy olaryň häzirkizaman meselelerine hem-de olaryň çözgüdine bolan garaýyşalrynyň meňzeşdigi bilen şertlendirilýär. Bu bolsa halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça biziň döwletlerimiziň teklipleriniň biri-biriniň üstüni ýetirýändigi barada ynamly aýtmaga mümkinçilik berýär. 
Prezident Pak Kyn Heniň yklymda ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, ygtybarly energetika we ulag-aragatnaşyk ugurlarynyň döredilmegine gönükdirilen “Ýewraziýa başlangyçlary” we “Ekspress Ýüpek ýoly”  taslamasy hem-de başlangyçlary köp babatda Türkmenistanyň energetika we ulag howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky halkara başlangyçlary bilen gabat gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika we ulag düzümlerini ösdürmek boýunça teklipleri bilelikde işläp taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny, soňra olary ýöriteleşdirilen halkara düzümerde, hususan-da, BMG-nň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady toprarynda ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygyny belledi.
Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça aragatnaşyklary işjeň dowam etmäge taýýardygyny aýdyp, milli Liderimiz hökümet derejesine we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi. 
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz BMG-da türkmen-koreý gatnaşyklarynyň sazlaşykly we netijeli guralynyň bardygyny belledi. Biz Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň häzirkizaman ählumumy ösüş, energetika we halkara ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýaly möhüm başlangyçlaryna goldaw berýändigine minnetdardyrys dýiýip, milli Liderimiz  Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Koreýa Respublikasynyň BMG-niň 2013-2015-nji ýyllar döwri üçin Ykdysady we durmuş geňeşiniň we 2013-2017-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Ýerine Ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlawlaryň barşynda Türkmenistanyň dalaşgärligini goldandygy bellenildi. Öz gezeginde Türkmenistan BMG-niň  we beýleki abraýly guramalaryň ýolbaşçy hem-de ýöriteleşdirilen düzümlerine saýlawlarda Koreýanyň dalaşgärligini goldaýar. Munuň özi häzirkizaman ösüşiň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelýändiginiň  aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa ikitaraplaýyn derejedäki gatnaşyklary 
birek-birege ynanyşmak we açyklyk esasynda ýola goýmaga, köptaraply  çärelere, hususan-da, “Koreýa Respublikasy—merkezi Aziýa ýurtlary” Forumynyň çäklerinde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde biz Koreýa tarapynyň kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişini, hyzmatdaşlygyň taslamalarynyň ara alyp maslahatlaşmagyny we olaryň durmuşa geçirilmegini hemişelik esasda utgaşdyrmaga gönükdirilen Forumyň Sekretariatyny döretmek babatdaky tekliplerini içgin öwrenýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 
Biziň ýurtlarymyzyň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar kanun çykaryjylyk ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň baýlaşdyrylmagyny tejribe alşylmagyny şertlendirýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda  Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky Parlament dostlugy assosiasiýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana guran sapary bu ugurdaky möhüm ädime öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de goldamaga we ösdürmäge taýýardygyny nygtady.
Biz şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny giňden belläris. 2015-nji ýyly Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan etmek bilen, biz dünýä bileleşigi bilen tejribe alyşmaga we parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň  üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelerde gazanan üstünliklerimizi äşgär etmäge taýýardyrys diýip, milli  Liderimiz belledi.
Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň ýubileý dabarlary  diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem köpsanly dostlukly döwletlerde, şol sanda Koreýa Respublikasynda geçirilmegi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň diňe bir ýokary halkara dereje däl-de, eýsem sebitleýin we halkara meseleleriniň çözgüdine oňyn täsir etmäge ukyply netijeli syýasy guraldygyny dünýä ýüzüne äşgär etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz hanym Pak Kyn Heni şu ýylyň 12-nji  dekabrynda Aşgabatda geçiriljek bitaraplyk syýasatyna bagyşlanan Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Giiňşleýin düzümde gepleşikleriň gün tertibine geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda möhüm orun eýeleýän söwda-ykdysady gatnaşyklar hakynda durup geçdi.
Birnäçe ýyllaryň dowamynda Koreýanyň “LG”, “Hyundai”, “Samsung”, “Daewoo” (DEU), “KIA Motors” ýaly ir kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda üstünlikli işleýärler. Olaryň gatnaşýan iri taslamalarynyň hatarynda “Galkynyş” käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça zawodyň gurluşygy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazdan suwuk ýangyjyň  önümçiligi boýunça zawodyň, metallurgiýa zawodynyň we beýlekileriň gurluşyklary bar. 
Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulag parkynyň astobuslarynyň we ýeňil maşynlarynyň köpüsi koreý önümçiligine degişli. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlyk özüniň netijeliligini görkezdi we biziň ýurdumyz ony uzakmöhletleýin esasda dowam  etmäge gyzyklanma bildirýär.
“Hyundai motors”  kompaniýasy 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Türkmenistanda geçiriljek Aziýa oýunlary üçin  awtoulaglary resmi taýdan getirýän kompaniýalaryň biri hökmünle görülýär. 
Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça 2008-nji ýylda döredilen Hökümetara toparynyň mejlislerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy olaryň netijeli çözgüdini şertlendirýär.  Bu toparyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 10-njy aprelinde Seul şäherinde geçirildi. 
Energetika, nebitgazhimiýa, ulag ýaly adaty ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda biz täze ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bilýäris. Dokma we himiýa senagaty, şäher gurluşygy we ýol-ulag düzümi şeýle ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Bu ugurdaky mümkinçilikleriň ulanylmagy ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň  möçberleriniň ýokarlanmagyny we onuň düzüminiň kämilleşdirilmegini şertlendirýär. 
Özara söwdany mundan beýläk-de artdyrmak babatda ähli çäreleriň hökümet derejesinde seredilmeginiň zerurdygy barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz eksport-import işlerinde harytlaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine ünsi çekdi. 
Şunuň bilen baglylykda, bu işlere kiçi we orta telekeçiligiň işjeň çekilmeginiň höweslendirmegi, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, ikitaraplaýyn işewürlik maslahatlarynyň, yzygiderli esasda geçirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer.  Şunuň ýaly ilkinji işewür duşyşyk şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirildi. 
Häzirki döwürde düýpli özgertmelere ýoluna ynamly gadam  goýan Türkmenistan üçin Koreýa Respublikasynyň ýokary tehnologiýalar babatdaky tejribeleri we gazananlary has-da derwaýys bolup durýar. Şunda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň birnäçe anyk ugurlaryna üsni çekdi.
Türkmenistan geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde, aýratyn-da, gün energiýasyny peýdalanmak babatda ýokary tehnologiýaly önümçiligiň dörelilmeginde koreýaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklara bil baglaýar. 
Häzirki döwürde Türkmenistan  goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlykda Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça köp şahaly ulag-üstaşyr hem-de logsitik häzirkizaman köpugurly  düzümiň döredilmegine gatnaşýar. Ol Hazar deňzi, Gara deňiz we Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özünde jemleýär. Bu bolsa Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýanyň çägi  bilen Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna has oňaýly ugry üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýakyn geljek üçin türkmen-koreýa gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  belledi.
Gumanitar gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda Koreýanyň Medeniýet günleri we Koreýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri, biziň ýurdumyzda Koreýanyň tans toparlarynyň çykyşlary geçirildi. Şu ýyl biz  Koreýa tarapynyň her ýylda geçrilýän “Karawan” çäresini ýurdumyzda kabul etmäge taýýardyrys.
Öz gezeginde biziň ýurdumyz Koreýa Respublikasyna Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlaryndan düzülen wekiliýeti ugratmak, koreý halkyny özboluşyl türkmen medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrmak üçin milli sergimizi guramak isleýäris diýip., döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi. 
Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Dostluk assosiasiýasy ulgamy boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu assosiasiýa bilen bilelikde birnäçe ikitaraplaýyn çäreler geçirilýär. Olaryň hatarynda geçen ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýubileý dabaralary, onuň goşgularynyň koreý dilinde neşir edilen ýygyndylarynyň tanyşdyrylmagy  we Seulda  halkara maslahatynyň geçirilmegi hem-de oňa Türkmenistanyň wekiliýetiniň işjeň gatnaşmagy ýaly çäreleri görkezmek bolar.
Bilim bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Agentliginiň bu ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşandygyny belledi. Aýdylyşy ýaly, bu gurama köp ýyllaryň dowamynda  dürli hünärler boýunça okuwlary guraýar. Olarda türkmen hünärmenleri hem bilim alýarlar.
Koreýa Respublikasynda ýokary bilim ulgamy hil derejesi boýunça dünýäde iň ösen ugurlaryň bir hökmünde ykrar edildi. Türkmenistan siziň ýurduňyzyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň hünär taýdan taýýarlanmagyna uly gyzyklanma bildirýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  aýtdy hem-de Koreýa bilim almak üçin ugradylýan türkmen ýaşlarynyň sanyny artdyrmak hakyndaky meselä seretmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bilim ulgamyna degişli döwlet düzümleriniň arasynda, şeýle hem Türkmenistanyň we Koreýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýlumagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Munuň özi türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösürilmeginde bolşy ýaly Türkmenistanyň täze döwrebaplaşdyrylan bilim ulgamynda  kemala gelmeginde möhüm ähmiýeti bardyr.
Çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz sport ulgamyndaky aragatnaşyklara degip geçmek bilen, bu babatda oňyn gatnaşygyň bardyyny belledi. Bu mesele 2017-nji ýylda  ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde has-da möhümdir. Iri sport çärelerini guramakda Koreýa Respublikasynyň toplan baý tejribesi Türkmenistan üçin ony özleşdirmekde uly gyzyklanma döredýär.
Şeýle hem milli Liderimiz ylym, saglygy goraýyş, syýahatçylyk babatda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda uly  mümkinçilikleriň we zerurlygyň bardygyny belledi hem-de bu ugurlar boýunça pudagara derejede hem-de ulgamlaýyn we uzakmöhletleýin esasda özara gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny bilelikde işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen tarapyndan bu sapara ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda tapgyrlaýyn waka hökmünde garalýardygyny, geçirilen gepleşiklerde mälim edilen ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň köpdürlüliginiň ýurtlaryň özara peýdaly we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine bolan meýillerine şaýatlyk edýär. 
Milli Liderimiz çykyşyň ahyrynda bu duşuşygyň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.
Koreýa Respublikasynyň baştutany öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa netijeli çykyşy üçin hoşallyk bildirip, onda geljekki gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine we ugurlaryna jikme-jik seljerme berlendigini aýtdy. 
Milli Liderimiziň türkmen-koreý işewür we gumanitar gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatdaky başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýdyp, hanym Pak Kyn He olaryň örän wajypdygyny we Türkmenistanyň Koreýa bilen ynanyşmak hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda tagallalaryň artdyrylmagyna bolan meýillerini äşgär edýändigini belledi. Myhmanlaryň wekilçilikli topary aýdylanlara şaýatlyk edýär diýip, Koreýanyň lideri sözüni dowam etdi. Bu ýagdaýy biz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyndaky täze hoşniýetli öwrüm hökmünde kabul edýäris bellemek bilen, hanym Pak Kyn He Koreýa Respublikasynyň bu gatnaşyklaryň hil taýdan täze has belent derejä çykmagy ugrunda tagalla etjekdigini nygtady.

Biziň ýurtlarymyzyň biri-biriniň üstüni ýetirýän kuwwatlyklaryny has netijeli durmuşa geçirmek babatynda Siz hakykatdan-da täzeçillik pikirleri öňe sürýärsiňiz, diýip, hanym Pak Kyn He türkmen Liderine ýüzlenmek bilen geljekki bilelikdäki işleriň esasy hökmünde eýýäm kabul edilen gymmatly teklipleri aýdandygy üçin hoşallygyny beýan etdi. Şunda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýlan pursatyndan işjeň ösdürilýän gepleşikler ikitaraplaýyn görnüşden has giňdir we halkara guramalarynyň çäklerinde, ozaly bilen bolsa BMG-niň çägindäki bilelikdäki hereketleri öz içine alýar.Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gün tertibinde durýan möhüm wezipeleri çözmekde ýurtlarymyzyň garaýyşlary we konseptual çemeleşmeleri doly gabat gelýär ýa-da örän ýakyndyr. Bu energiýa serişdelerini ygtybarly we üstaşyr geçirmek hem-de ulag geçelgeleriniň orny hem-de ekologiýa meselesinde we sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösüşiniň bähbidine hyzmatdaşlygyň ähli ugry babatynda hem şeýledir. Biziň garaýyşlarymyz ýaragsyzlanmak meselesinde hem gabat gelýär. Türkmenistan Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan erkin zolagy döretmek hakyndaky Şertnamany tassyklan ilkinji ýurtdyr we Koreýa Respublikasy şunda parahatçylyk söýüji Bitarap Türkmenistany doly goldaýar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi we onuň ägirt uly mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, Koreýanyň lideri koreý kompaniýalaryna ynanylan taslamalary amala aşyrmaga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goldaw bermegini şol mümkinçilikleri doly peýdalanylmagynyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. 
Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem ikitaraplaýyn bilelikdäki hereketiň geljegi uly ugurlarynyň biridir. Üstaşyr geçelgeleriň, logistiki merkezleriň, uzak aralyklara ýük gatnawlarynyň multimodal ulgamyny döretmek yklymyň ähli ýurtlary üçin, ähumumy ösüşe we türkmen-koreý gatnaşyklaryna täze itergi bermäge ýardam etjek işlerdir diýip, hanym Pak Kyn He aýtdy.
Elbetde, gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyk şu gatnaşyklaryň möhüm bölegidir, hususan-da, medeniýet, ylym, bilim ugurlaryndaky gatnaşyklar iki ýurtlar üçin hem bähbitlidir. Men bu babatda öz syýasatynda ruhy we intellektual ulgam hökmünde kesgitlän belent mertebeli türkmen myhmanynyň çemeleşmelerini doly goldaýaryn diýip, Koreýanyň lideri aýtdy.
Sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hem häzirki wagtda täze mümkinçilikler açylýar diýip aýtmak bilen, hanym Pak Kyn He Koreýa Respublikasynda iri sport  çärelerini guramakda, şol sanda Aziadalary geçirmekde baý tejribe toplanandygyny belledi. Biz Aşgabadyň 2013-nji ýylda Ýapyk binalarda ilkinji gezek söweş sungatyny hem goşmak bilen Aziýa oýunlarynyň geçirilen şäheri bolan Inçhonyň mynasyp dowam etdirijisi bolmagy üçin iň gowy işläp taýýarlamalarymyzy hödürlemäge taýýardyrys. Aziýa oýunlaryny guramak hormatyny Size geçirmek bilen biz şeýle hem siz bilen bilelikde 2017-nji ýylyň Oýunlarynyň iň ýokary derejede gurlamagy babatynda mümkin bolan ähli zatlary gaýgyrmarys. 
Biz şeýle hem, bilim, ýaşlar syýasaty, talyplary alyşmak ulgamynda hem gatnaşyklary ösdüreris we  türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaklary üçin has giň mümkinçilikleri döretmäge, siziň ýurduňyz üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda mugallymlaryň hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga taýýardyrys. 
“Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlyk Forumy ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli gural boldy, geljek ýyl Forum üçin ýubileý ýylydyr. Türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen Koreýa Respublikasynyň lideri bu maslahat beriji guramanyň esasynda özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi.    
Biz ähli mümkinçiliklerimizi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, biziň ýurtlarymyzyň dostlukly halklarynyň bähbidine gönükdirmäge taýýardyrys diýip, hanym Pak Kyn He ýene bir gezek nygtady.
Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikler tamamlan soň, özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Onuň barşynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Koreýa Respublikasynyň Koreýanyň “LG International Сorp.” we “Hyundai Engineering Сo, LTD” kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda dizel ýangyjyny wodorod bilen arassalaýan hem-de wodorod öndürýän bölekli haýal kokslama we katalitik kreking desgalarynyň benzinlerinden wodorod bilen kükürdi aýyrýan desgalaryň” taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak barada şertnama; “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen Koreýanyň “LG International Сorp.” we “Hyundai Engineering Сo, LTD” kompaniýalar konsorsiumynyň arasyndaky Türkmenistanda tebigy gazy gaýtadan işläp sintetiki suwuk ýangyç öndürýän zawodyň taslamasny düzmek, enjamlaryny satyn almak we doly taýýar edip gurmak hakynda şertlnama baglaşmak hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş  bankynyň, Koreýanyň Eksport-import bankynyň hem-de Koreýanyň Söwdany ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama; Türkmenistanda metallurgiýa senagatynyň täze taslamalaryny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen “Daewoo” Halkara korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Sport babatda hyzmataşlyk etmek babatda Türkmenistanyň sport baradaky Döwlet  komiteti bilen Koreýa Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-koreýa toparynyň bäşinji mejlisiniň Teswirnamasyna; Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlygy hakyndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgyt tölemek boýunça gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýa gol çekildi.
Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň prezidenti Pak Kyn He Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň bilelikdäki beýannamasyna gol çekdiler. 
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň çäklerinde kabul edilen beýleki resminamalar biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dostluk Assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy instituty bilen Koreýa Respublikasynyň SN Inžiniring korporasiýasynyň arasynda ylmy we tehnologik hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;  Türkmenistanyň Mary welaýatyndaky nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň kuwwatlylygyny kämilleşdirmek hakynda “Türkmengaz” Döwlet konserniniň we Koreýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň arasyndaky Teswirnama; Dokma tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Dokma senagat ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň arasynda saglygy goramak we lukmançylyk ylmy babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek arkaly berkidildi. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident köşgünde çykyp, özüniň kabulhanasy ýerleşýän “Lotte” myhmanhanasyna tarap ugrady. 
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ulagy kerweni Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny dostlukly ýurduň parlamentiniň spikeriniň diwanynyň ýolbaşçysy tüýs ýürekden mähirli garşylady.
Binanyň eýwanynda Türkmenistanyň Baştutanyny Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň başlygy jenap Çon Yýhwa mähirli garşylady. Parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy iki taraplaýyn duşuşyklaryň geçirilýän zalyna barmaga çagyrdy.  
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň ýanynda bilelikde surata düşülenden soňra, türkmen döwletiniň Baştutanynyň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň başlygynyň arasynda söhbetdeşlik boldy.
Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, türkmen Lideri bilen duşuşandygyna diýseň begenýändigini hem-de milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanmakda uly üstünlikleri gazanýandygyny we dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilýändigini belledi. Jenap Çon Yýhwa türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu saparynyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup durýandygyny aýtdy hem-de şu günki ýokary derejedäki gepleşikleriň Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda deňlige we özara bähbitlilige mahsus ýörelgelere görä ýola goýulýan giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşugyň barşynda belent mertebeli türkmen myhmany bir palataly kanun çykaryjy edara bolup durýan Milli Assambleýanyň düzümi bilen tanyşdyryldy. Assambleýada 300 sany deputat bar, şolaryň 246-sy bir mandatly okruglar boýunça we 54-si – proporsional ulgam boýunça  saýlanylýar. Jenap Çon Yýhwa parlamentarileriň 4 ýyllyk möhlet bilen saýlanýandygyny belläp, deputatlaryň esasy ygtyýarlyklaryny we kanun çykaryjylyk işini häsiýetlendirdi.
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň spikeri iki ýurduň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna, kanunçykaryjylyk boýunça tejribe alşylmagynyň ösdürilmegine ýardam berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwarynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky Parlament dostluk assosiasiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrülendigi nygtaldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.
Türkmen Lideri ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, jenap Çon Yýhwa mähirli kabul edişlik üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de dostlukly ýurtda bolnan mahalynda netijeli gepleşikleriň birnäçesiniň geçirilendigini, şol gepleşikleriň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow    sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen eýýäm ýola goýlan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklap, Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk we uzak möhletleýinlik esasynda guralýandygyny aýtdy.  
Türkmen Lideri biziň ýurdumyzyň çalt ösýän, ykdysady taýdan uly mümkinçiliklere, tebigy serişdeleriň örän uly gorlaryna eýe bolup durýan hem-de baý taryhy we medeniýeti bolan döwletdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasynda meňzeşligiň bardygyny nygtady. Koreýa Respublikasy gysga döwürde ösüşiň ýokary derejesine ýetmegi başardy. Döwlet Baştutanymyz düýpli kanunçylygyň we   Koreýa Respublikasynyň hukuk esasynyň şonuň binýady bolup durýandygyny aýtdy. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  parlamentara derejedäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini hem-de şol gatnaşyklaryň döwletleriň we halklaryň özara ýakynlaşmagyna we birek-birege düşünişmeginde wajyp ähmiýete eýedigini belläp, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda has içgin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirdi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentarileriniň arasynda tejribäniň alşylmagyny ýola goýmak biziň ýurtlarymyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyna oňyn täsirini ýetirýän dürli özgertmeleri geçirmek maksada laýyk bolar.  
Türkmenistanyň Baştutany şu ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň biziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady, syýasy we ruhy-medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak üçin ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmegine mümkinçilik berjekdigini belläp, öz gezeginde, munuň hemmetaraplaýyn ösüşi täze derejelere ýetirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Çykyşynyň ahyrynda türkmen Lideri göwnaçyk kabul edişlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Milli Assambleýanyň  spikerine berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Koreýa Respublikasynyň dostlukly halkynyň abadançylygy ugrundaky jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünliklerini gazanmagy arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Parlamentiniň spikeri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, şol sanda milli parlamentleriň derejesinde türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasy bilen dostlugynyň parlamentara toparynyň döredilmeginiň möhüm ähmiýetlidigi hem-de bu toparyň işiniň biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigi bellenildi.
Jenap Çon Yýhwa iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has netijeli, sazlaşykly boljakdygyna ynam bildirip, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň dostluga we özara düşünişilmegine mahsus ýörelgelere esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermäge taýyndygyny aýtdy.
Hoşlaşanlarynda bilen türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Parlamentiniň spikeri döwletara gatnaşyklarynyň köp sanly ugurlar boýunça mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň dostlukly halklarynyň adyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti  Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra türkmen döwletiniň Baştutanynyň awtoulag kerweni Songýungwan uniwersitetine tarap ugrady. 
Şol gün Türkmenistanyň Prezidentine Koreýanyň iň abraýly we gadymy ýokary okuw mekdepleriniň biri Songýungwan Uniwersitetiniň Hormatly doktory adyny dakmak dabarasy boldy 
Unisersitetiň taryhy 1398-nji ýylda Songýungwan konfusiançylyk akademiýasynyň esaslandyrylmagyndan başlanýar, ol 500 ýylyň dowamynda häzirki döwrüň döwlet uniwersitetiniň ornuny tutýan okuw mekdebi boldy. Bu akademiýany tamamlanlar döwlet gullukçylary hem-de alymlar bolup ýetişdiler. 1895-nji ýylda taryh, geografiýa, algebra we beýleki ylymlar öwredilýän fakultet döredildi. Songýungwan Uniwersitetiniň çäklerinde Konfusiý milli dinini esaslandyryjynyň hem-de konfusiýançylyk akyldarlarynyň hormatyna bina edilen gadymy ybadathanalar we beýleki taryhy-binagärlik ýadygärlikleri häzire çenli saklanyp galypdyr. Beýleki ajaýyp binalaryň hatarynda uniwersitetiň esaslandyrylmagynyň 600 ýyllygy mynasybetli gurlan muzeýi bolan ýadygärlik binasy hem bar.
Häzirki wagtda Songýungwan Uniwersiteti Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda öňdäki orny eýeleýär. Bu ýerde 36 müňden gowrak talyp okaýar, ýarym geçirijiler hem-de maglumat- aragatnaşyk tehnologiýalary, işewür dolandyryjylar hünärleri boýunça  ýokary derejeliy işgärler taýýarlanylýar. Dünýäniň 50 ýurdunyň okuw mekdepleriniň 550-si bilen ýakyn ylym-bilim gatnaşyklaryny saklap, bu uniwersitet mugallymlary we talyplary alyşmak boýunça maksatnamlara işeňňir gatnaşýar. Uniwersitetiň ýanynda Halkara tomusky mekdep hereket edýär, ol her ýyl koreý dilini we edebiýatyny, şeýle hem beýleki dersleri öwrenýän daşary ýurt talyplarynyň 1500-sini kabul edýär. 
Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Songýungwan Uniwersitetiniň baş binasynyň girelgesiniň ýanynda saklanýar. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanyny uniwersitetiň rektory jenap Çung Kýu Sang we ýokary okuw mekdebiniň beýleki ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar. Milli Liderimize gül desseleri gowşurylýar. 
Soňra olar binanyň üçünji gatyna çykýarlar. Ýolugra koreý lybasyndaky eli gülli hem-de Koreýanyň milli nyşany hasaplanýan şekilleri gyzlar hormatly Prezidentimizi mübärekleýärler. 
Bu ýerde ýörite kabul edişlikler otagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen  gysgaça söhbetdeşligi bolýar. 
Jenap Çung Kýu Sangyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Baştutanynyň Songýungwan Uniwersitetine gelip görmegi özleri üçin uly mertebedir, Türkmenistanda hem, Koreýa Respublikasynda hem bilim, medeniýet hem-de ylym ulgamlaryna döwlet tarapyndan uly üns berilýär we ýurdy ösdürmegiň baş şerti hökmünde garalýar. Biz siziň Türkmenistanda  bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ylmyň özgerdilmegine aýratyn ähmiýet berýändigiňizi bilýäris diýip, uniwersitetiň rektory aýtdy. Mekdeplerde okuw möhletiniň uzaldylmagy, oňa innowasion çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy, ylmy barlaglaryň höweslendirilmegi milletiň aň-bilim mümkinçilikleriniň hil taýdan ýokary derejelere çykmagyny şertlendirer.
Uniwersitetiň ýolbaşçysy ylym bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmak bilen milli Liderimiziň ünsüni Beýik Ýüpek ýoly döwrüni alamatlandyrýan surata çekdi. Onda şekillendirilen atlylaryň hatarynda türkmen milli lybasyna çalymdaş geýnüwli adamlaryň bardygy bellärliklidir. 
Munuň özi türkmen we koreý halklarynyň taryhytaýdan arabaglanyşygynyň asyrlaryň jümmine aralaşýandygynyň nyşanydyr. Häzirki döwürde bu gatnaşyklar täzeden dikeldilýär we täze görnüşde ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryň koreý dilinde neşir edilmegi ruhy gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigiň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň “Ahalteek bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitaby görnükli orunda goýlupdyr.  Onuň dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi netijesinde bu kitap millionlarça okyjylara elýeterli boldy. 
Ahalteek bedewi hem edil türkmen halysy ýaly halkymyzyň milli gymmatlykarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýär we ol türkmen medeniýetiniň nyşanyny alamatlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.  Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewlerine halkymyzyň uly söýgi bilen garaýandygyny aýtmak bilen, “Säher tutup ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen nakyly mysal hömünde getirdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap bolan ynamly gadamy ahalteke bedewleriniň badyna deeňlýär. Bu ugurda bilimli, sagdyn ýaş nesillere möhüm ornuň degişlidigi bellärliklidir. 
Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda Türkmenistanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegine uly üns berilýär, sport işjeň wagyz edilýär, bu bolsa bilimleri ele almaga, sagdyn-durmuş ýörelgesine ygrarly bolmaga uly ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ýokary we orta bilim edaralaryny döwrebaplaşdyrmak işi amala aşyrylýar, iň öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de iň täze enjamlar ornaşdyrylar täze okuw binalarynyň gurluşygy dowam etdirilýär, dürli ulgamlarda barlaglary geçirmek üçin ygtybarly ylmy binýat döredilýär. Bularyň ählisi tutuşlygyna daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iş alyp barmak, şol sanda geljegi uly bolan nebit-gaz pudagy, lukmançylyk, gün energiýasyny peýdalanmak, hususan-da, Garagum çölüniň çägeleriniň düzüminde örän baý bolan kremniniň esasynda gün batareýalarynyň önümçiligini ýola goýmak ýaly ugurlarda iş geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistan Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde hem, koreý hünärmenlerini ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde mugallymçylyk işine çagyrmak arkaly hem milli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisinden

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Hatyny Iberdi

Ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi öz işini tamamlady

syrach