22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Sloweniýanyň Wekiliýeti Bilen Gepleşikler

2015-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen, Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) j-p Primož Şeligonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi.

Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda 2015-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sloweniýa Respublikasyna meýilleşdirilýän resmi saparynyň meseleleri, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar gol çekilen ylalaşyklaryň we şertnamalaryň çäginde anyk taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belläp, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar çygyrlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirdiler. 

Taraplar döwletara gepleşikleriň möhüm düzüjisi bolýan iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurlygyna ünsi çekdiler. Şunlukda, Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň abraýly halkara guramalarynyň, esasan hem BMG-niň çäginde özara gatnaşyklaryny güýçlendirmelidigini bellenildi.

Degişli makalalar

Türkmenistan’ın Daimi Tarafsızlığının 20. Yılı Kutlandı

syrach

24-25-nji Fewralda Dubaý Şäherinde “TOPH Gaz Geçirijisi Parahatçylygyň we Hyzmatdaşlygyň Gaz Geçirijisidir” Atly Halkara Maslahaty Geçiriler

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz “Aşgabat-2017” Taslamasynyň Çäklerinde Täze Wagyz Ediş Çäresiniň Başyny Başlady