16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YKDYSADYÝET

Suwdan peýdalanmakda dünýä tejribesi ulanylýar

Türkmen paýtagtynda kaşaň «Prezident» myhmanhanasynda «Suw gorlaryny utgaşykly dolandyrmak we serhetýaka suw hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak: BMG-niň Ýewropa boýunça Ykdysady komissiýasynyň konwensiýalarynyň orny we Ýewropa Bileleşiginiň suw baradaky başlangyjynyň çäklerinde suw syýasaty boýunça Milli hyzmatdaşlyk» atly okuw-maslahaty geçirildi.

Foruma ýurdumyzyň bu ugra degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ilkinji nobatda suw hojalyk we tebigaty goraýyş ulgamynyň wekilleri, şeýle hem alymlar, halkara bilermenleri, halkara guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa boýunça Ykdysady komissiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw-maslahatyň işiniň çäklerinde suw gorlaryny utgaşykly dolandyrmagyň aýratynlyklaryna, Ýewropa Bileleşiginiň suw baradaky başlangyjynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň mümkinçiligine garaldy. Şeýle hem BMG-niň belli bir ugurly konwensiýalary we Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň bar bolan halkara hukuk gurallary suwlary netijeli ulanmak we gorap saklamak, bu ulgamda suwdan rejeli peýdalanmagyň ägirt uly tejribesi toplanan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň geljeginiň esasy hökmünde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Merkezi Aziýa sebitinde suw serişdeleri özüne aýawly çemeleşilmegini, tygşytly we netijeli peýdalanylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak bilen, suwlary, aýratyn hem serhetüsti suwlary hapalanmakdan hem-de azalmakdan ygtybarly goramagy maksat edinen utgaşdyrylan çäreleri işläp taýýarlamak ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Şonuň üçin hem sebitleýin suw meselelerini çözmegi, oňyn tejribe alyşmagy, halkara iş tejribesinde özüniň täsirliligini subut eden hyzmatdaşlygyň has netijeli usullaryny ornaşdyrmagy maksat edinýän hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we onuň düzümleriniň çäklerinde sebitiň döwletleri bilen oňyn gatnaşyklary etmek aýratyn möhümdir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynyň belent münberinden eden çykyşynda Araly halas etmek we Hazar deňziniň özboluşly tebigy baýlygyny dikeltmek boýunça ekologiýa meseleleriniň üstünde durup geçip, ýörite halkara bilermenler toparyny döretmegi teklip etdi. Ol BMG we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlykda BMG bilen Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda 2010-njy ýylyň 3-nji martynda Aşgabatda gol çekilen Ähtnamanyň binýadynda Araly halas etmek boýunça toplumlaýyn halkara hukuk resminamasyny taýýarlap bilerdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitinde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň gönüden-göni bolmagynyň maksada laýyklygy hakynda söz açyp, şeýle diýdi: «Ilkinji nobatda, bu ýerde BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynyň (YUNEP) işjeň işlemegine bil baglaýarys. Sebitiň döwletleriniň birinde YUNEP-iň sebitleýin edarasyny açmak baradaky meselä garamagy teklip edýäris. Türkmenistan munuň üçin zerur bolan infrastrukturany bermäge taýýardyr. Türkmenistan suw meselelerini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen we BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň üsti bilen dünýä bileleşiginiň işjeň gatnaşmagynda çözüp bolar diýip hasaplaýar».

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň şu meselede bu konstruktiw garaýşynyň häzirki okuw-maslahaty geçirmekde öz beýanyny tapandygyny belläp, gadymy döwürden bäri suwarymly ekerançylyk ösdürilen, suw bolsa bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk diýlip ykrar edilen Türkmenistanda suw serişdelerini netijeli dolandyrmagyň ägirt uly tejribesiniň toplanandygyny, olary goramaga we suwdan peýdalanmagyň örän netijeli tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga ägirt uly üns berilýändigini nygtadylar.

Türkmen döwleti netijeli we bökdençsiz suw üpjünçiligini, obasenagat toplumynda we senagatda suwdan netijeli peýdalanmagy üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Suw hojalyk ulgamynda gerimi boýunça deňsiz-taýsyz taslamalar, şol sanda Türkmen kölüni gurmak ýaly uly möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ol şor-zeý suwlarynyň ägirt uly möçberlerini gaýtadan peýdalanmagy üpjün eder, ekologiýa ýagdaýyny ep-esli gowulandyrar, suwaryşyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça täsirli çäreleri görmäge giň mümkinçilik berer.

Ertir okuw – maslahaty öz işini dowam etdirer. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Aşgabadyň Olimpiýa Şäherçesinde Relsli Ýol Gurulýar

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Lebap: gazy gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklary artýar

syrach