22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
DURMUŞ

Syýahat žurnalynyň nobatdaky sany.

“Syýahatçylyk we jahankeşdelik” atly halkara sergisiniň hem-de maslahatynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan neşir edilýän “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy, şol sergi we maslahat “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Ýöriteleşdirilen neşiriň täze sany öz okyjylaryna, şeýle hem öňde boljak maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanda syýahatçylyk ugrunyň ösüşiniň häzirki tapgyry barada giň düşünje berýär, şonda halkara gatnaşyklaryna ähmiýetli orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary we şahsy görelde görkezmegi bu özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge kuwwatly itergi berýär, şonda milli Liderimiz tarapyndan syýahatçylyk babatda täze döwlet syýasatynyň esasyny düzýän, öňdebaryjy dünýä tejribesine mynasyp we çynlakaý hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň giň möçberli bazara goşulyşmagyna ugur alan düýpli esaslar iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.

Syýahatçylyk bazaryň iň uly göwrümli ugurlarynyň biridir, sebäbi ol syýasatdan, ykdysadyýetden medeniýete we sungata çenli döwletimiziň we jemgyýetimiziň beýleki ähli pudaklary we durmuş ugurlary bilen aslynda göni ýa-da gytaklaýyn ýagdaýda baglanyşyklydyr. Şolarsyz bolsa indi anyk ýagdaýda bu ugruň ösüşi we bolmagy, şeýle hem häzirki wagtda ýurtlary we yklymlary howa, ýer üsti we suw gatnaw ýollarynyň şaha ýaýradan ulgamy bilen baglanyşdyrýan ulag-logistiki düzümler bolmazdan mümkin däldir.

Birinji sahypalarynda Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň gurluşygyna başlanmagy hakynda türkmen, iňlis we rus dillerinde makalanyň her bir tapgyryny ýerleşdiren “Syýahat” žurnalynyň täze sany hem bu mowzuk bilen açylýar. Geçen aýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Rejep Taýip Ärdogan tarapyndan bu iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmäge badalga berildi.

Türkmenbaşyda täze Halkara deňiz portunyň taslamasy ýük terminallaryndan başga bir ýylda ýolagçylaryň 300 müňüsine hyzmat etmäge niýetlenilen ýolagçy terminalynyň gurulmagyny hem göz öňünde tutýar. Tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen deňiz porty uly möçberli ýük akymynyň ýolunda aralygy hem-de wagty ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik bermek bilen Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt hem-de çig mal bazarlaryna we Hindi ummanynyň basseýniniň döwletlerine çykmaklary üçin doly derejede amatly şertleri döreder. Taslama Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary ýaly iri ykdysady merkezlere çykmak bilen günorta we gündogar ugurlarda ulag düzümlerini giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de göz öňünde tutýar.

Söwda, senagat, ulaglar, üstaşyr geçirmek babatda türkmen deňiz ýakasynyň ykdysady mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmek bilen bir hatarda täze port ýurdumyzda göçme syýahatçylygy ösdürmäge hem düýpli depgin berer, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna daşary ýurtly myhmanlaryň köp gelmegine ýardam eder.

Žurnalyň nobatdaky sanynyň indiki makalasy Hazaryň kenarynda halkara ähmiýetli deňiz dynç alyş zolagyny döretmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilişiniň täze tapgyry hakynda gürrüň berýär.

Syýahatçylyk pudagynyň gowy meýilleşdirilmegi we rejeli guralmagy, bu ulgamda telekeçilik başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylmagy we höweslendirilmegi milli ykdysadyýetimiziň täze ösüş nokatlaryny kemala getirmäge şertleri döredýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan düzülen syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň Maksatnamasy BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Taleb Rifai türkmen Lideri bilen duşuşyklarynyň barşynda türkmen tarapynyň netijeli halkara gatnaşyklaryna başlangyç görkezip çemeleşmegine ýokary baha berip, öz ýolbaşçylyk edýän guramasynyň biziň ýurdumyzyň okgunly ösýän syýahatçylyk ulgamynyň serişdelerini we mümkinçiliklerini doly derejede ulanylmagyny maksat edinen bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny nygtaýar. Bu mesele žurnalda çap edilen makalada hem açylyp görkezilýär.

Onda çap edilen beýleki birnäçe makalalar medeniýet we sungat, taryh hem-de etnografiýa, ekologiýa hem-de sport, şypahana öwreniş we saglygy goraýyş ýaly ugurlary gurşap almak bilen dürli nukdaýnazardan syýahatçylyk meselesine giňden ser salmaga mümkinçilik berýär. Olaryň hatarynda meşhur türkmen şypahanasy “Arçman” hakyndaky, daşary ýurtly döredijilik wekiliýetleriniň gatnaşmagy bilen “Awazada” uly üstünlik bilen geçen Medeniýet hepdeligi hem-de zehinli çagalaryň “Awaza-dostluk mekany” atly halkara festiwaly hakyndaky, şeýle hem Hazaryň kenarynda çagalaryň sagaldyş–dynç alşyny guramagyň mümkinçilikleri hakyndaky materiallar bar.

Žurnaldaky habarlary okyjylaryň arasynda meşhur bolan “Dünýä täzelikleri” diýen rubrika dowam edýär, şonda bu gezek olar Braziliýanyň we Argentinanyň serhedindäki tebigy ýadygärlikler, ýagny Iguasi şaglawuklarynyň ägirt uly toplumy we UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şol atdaky milli seýilgäh bilen tanşarlar.

Bu babatda ýakynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň täze ýöriteleşdirilen “Syýahat” saýtynyň açylandygyny hem ýatlap geçmek ýerlikli bolar. Web-resursda geçen ýylyň ahyryndan neşir edilýän pudaklaýyn žurnalyň ähli goýberilişleriniň çap edilen makalalary, şeýle hem pudagyň depginlieýin ösüşini, bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny beýan edýän beýleki ençeme wakalar hakyndaky düşündiriş beriş materiallary we habarlary tapmak mümkindir.

Saýt giň möçberli ulgamda milli syýahatçylyk pudagynyň beýanyndan ybaratdyr, ol belli bir ugurly edaranyň goldaw bermeginde durmuşa geçirilen Türkmen döwlet habarlar gullugynyň nobatdaky internet-taslamasy boldy. Ol syýahatçylar we syýahatçylyk operatorlary üçin fotogalereýdan we düşündiriş beriş maglumatlaryndan hem ybaratdyr, onuň ösüşi täze hyzmatlary girizmegi we biziň ýurdumyzda syýahatlar bilen gyzyklanýan peýdalanyjylar üçin maglumatlaryň bankyny giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Şeýlelikde, “Syýahat” žurnalynyň we şol bir atdaky saýtyň çap edilen maglumatlary Türkmenistanda syýahatçylyk hem-de jahankeşdelik senagatyny wagyz etmek hem-de ösdürmek boýunça milli Liderimiz tarapyndan öňde goýlan strategiki maksatlary gazanmaga möhüm goşant goşar.

Degişli makalalar

Taryhy Ýoluň Gurluşygynda

Dekabr Aýyndan Başlap «Türkmenistan Awiakompaniýasy» AGPJ-niň Uçar Ugurlary Artar

Atawatan Türkmenistan Žurnalyny PDF Görnüşinde ýa-da E-Žurnal Görnüşinde Okamak Mümkinçiligi

turkmenhabargullugy