Syýahatçylyk pudagy halkara söwda hyzmatynda iň bir çalt ösýän pudaklaryň birine öwrüldi. Syýahatçylyk biznesi iň girdejili pudak bolmak bilen çäklenmän, eýsem-de bolsa, köp adamlary iş orunlary bilen hem üpjün edýär.
Syýahatçylyk biznesiniň barha ähmiýete eýe bolmagy bilen bu pudaga bolan gyzyklanmada artýar. Halkara syýahatçylyk ýurduň ykdysadyýetine saldamly goşant goşup, käbir möhüm wezipeleri hem amala aşyrýar.
Halkara syýahatçylygy dünýä ýurtlary üçin daşary ýurt pulunyň akyp durýan çeşmesidir. Halkara syýahatçylyk iri üç sany eksport pudaklarynyň hataryna girýär. Ol nebitgaz senagaty we maşyngurluşyk pudaklaryndan soňra üçünji orunda barýar.
Dünýä ýurtlary syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegi üçin az pul harçlamaýarlar. Daşary ýurtlardan köp syýahatçy çekmek üçin uly mukdarlarda maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýarlar. Ine, şeýle iri taslamalaryň biri-de Singapur döwleti tarapyndan amala aşyryldy.
Dünýäniň täze täsinligi
Singapurda dünýäniň täze täsinligi – “Marina Bay Sands” kaşaň myhmanhanasy gurlup ulanmaga berildi. Myhmanhana 3 sany 55 gatly diňden ybaratdyr. Olaryň üstünde bolsa üç palubaly gämi ýerleşýär. Ol “asman seýilgähi” diýlip atlandyrylypdyr. 200 metr belentlikde ýerleşýän gämide äpet uly ýüzülýän howuz bar. Howuzyň daş-töweregine boýy 10 metre ýetýän palma agaçlary oturdylypdyr.
Asmandaky gäminiň tutýan meýdany 12.4 müň inedördül metre barabardyr. Gäminiň üstünde howuzdan başga-da restoran, bar hem-de muzeý ýerleşýär. Gämä girmek üçin 100 dollar tölemeli.
“Marina Bay Sands” kaşaň myhmanhana toplumynda 1598 adaty otag we 230 lýuks otaglar bar. Myhmanhanada bolmagyň nyrhy 380 dollardan başlanýar. Myhmanhananyň bir wagtyň özünde 4 müň myhmany kabul etmäge mümkinçiligi bar. Şeýle hem bir gije-gündiziň dowamynda myhmanhananyň daş-töweregine we söwda merkezine 150 müň adamyň gelmegine garaşylýar.
Syýahatçylaryň sany artýar
Şu ýylyň bäş aýynda Singapura gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany artdy. Ýurduň statistika edarasynyň maglumatyna görä, aprel aýynda ýurda 938 müň syýahatçy geldi. Bu görkeziji geçen ýylyň aprel aýy bilen deňeşdireniňde 20.4 göterim artykdyr. Singapura Indoneziýa, Hytaý, Malaýziýa, Hindistan we Awstraliýa ýaly ýurtlardan köp jahankeşde gelýär. Ady agzalan ýurtlardan gelýän jahankeşdeleriň sany umumy syýahatçylaryň sanynyň 51 göterimine deňdir. Käbir maglumatlara görä, myhmanhana pudagynyň aprel aýyndaky gazanjy 112 million dollara barabar bolup, ol hem bir ýyl mundan ozalky görkezijä garanyňda 36.5 göterim köp.
Mundan başga-da, Singapuryň “Çangi” halkara aeroporty öz sebitinde iň gowy aeroportlarynyň sanawynda birinji orna mynasyp boldy. Sanawda ikinji orna Günorta Koreýanyň Inçon, üçünji orna bolsa Gonkongyň aeroporty mynasyp boldy.
Ýewropanyň iň gowy aeroporty Mýunheniň aeroporty boldy. Şeýle hem Keýptaun Afrikanyň, Wankuwer Demirgazyk Amerikanyň, Perudaky Horhe Çawes aeroporty Günorta Amerikada iň gowy aeroporty diýlip atlandyryldy.
Ýaponlaryň Alpy jahankeşdeleri özüne çekýär
Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Tateýama Kurobe atly daglyk ýer daşary ýurtly jahankeşdeleri özüne bendi etdi. Onuň peýzažy Ýewropanyň Alpyny ýada salýar. Al-ýaşyl jülgeleri, üsti garly belent daglary we egrem-bugram ýodalary daglyk sebitiň tebigatyna görk goşýar. Gyş aýlarynda ähli ýerler garyň aşagynda galýar. Ol hem aprel-maý aýlaryna çenli dowam edýär. Muňa garamazdan, ýurduň bu tebigy ajaýyplyklaryny synlamak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan jahankeşdeler bu ýere gelýärler.
Braziliýa köp jahankeşdä garaşýar
Braziliýanyň Syýahatçylyk institutynyň çaklamasyna görä, ýurtda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna tomaşa etmek üçin 600 müň syýahatçynyň gelmegine garaşylýar. Syýahatçylaryň hem döwletiň býujetine 1.8 milliard dollardan gowrak girdeji gazandyrmagy çaklanylýar.
Şeýlelikde, 2014-nji ýylda Braziliýada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýurduň syýahatçylyk pudagyna önjeýli goşant goşar. 2010-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynda syýahatçylyk pudagynyň girdejisi 2.5 milliard dollara barabar boldy.
Käbir bilermenleriň aýtmagyna görä, futbol çempionatynyň ýurduň hyzmat, gurluşyk we azyk senagaty pudaklarynyň durnukly ösmegine goşant goşjakdygy ikuçsyzdyr. 2014-nji ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionaty hem-de 2016-njy ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlary Braziliýanyň syýahatçylyk pudagyny has-da janlandyrar. Halkara syýahatçylygyndan gelýän girdeji hem ep-esli artar.