5-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň ykdysady we sosial meseleler boýunça Departamentiniň sebitara geňeşçisi Alekseý Tihomirowy kabul etdi.
Döwlet Baştutany bilen salamlaşyp, myhman türkmen Liderine soňky döwürde Türkmenistan bilen BMG-niň täze depgine eýe bolan we dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini özara duşuşykda ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.
Oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirip, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen düýpli gatnaşyklara uly üns berýär, olaryň baş maksady bolsa ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we bu gatnaşyklaryň netijesinde bilelikdäki taslamalaryň ençemesiniň üstünlikli amala aşyrylandygyny belledi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belläp, döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky uzakmöhletleýin geljege niýetlenip guralýan özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, häzirki zaman Türkmenistanynda uly üns berilýän innowasion maglumatlary we kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda myhman Türkmenistanda amala aşyrylýan, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan we ýurduň depginli durmuş-ykdysady ösüşini şertlendirýän iri möçberli reformalaryň ähmiýetini nygtady. Olar bolsa geljekki hemmetaraplaýyn ösüşleriň ygtybarly binýadyny düzdi. Muňa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşiniň şu ýylyň birinji ýarymyndaky örän oňyn jemleri şaýatlyk edýär. Ýurduň ykdysady ösüşine ýakynda Aşgabada gelen Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti hem ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň baş ugry köp ugurlar boýunça däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar diýlip bellenildi.
Hoşlaşanlarynda türkmen döwletiniň Baştutany we BMG-niň ýokary wezipeli wekili Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky parahatçylygyň hem-de sebitde we tutuş ýer ýüzünde durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
* * *
3-nji iýulda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda BMG-niň wekilleriniň-BMG-niň Sekretariatynyň Syýasy meseleler boýunça departamentiniň syýasy meseleler we saýlawlar meseleleri boýunça işgäri hanym Elizabet Murtiniň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň ştab-kwartirasynyň saýlawlar meseleleri boýunça uly geňeşçisi hanym Linda Makgwaýeriň saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşygyň gün tertibine Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň temasy girizildi.
Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlar ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk reformasy bilen baglylykda milli saýlaw ulgamynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalary türkmen jemgyýetinde demokratik prosesleri çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan, halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn ähmiýet berilýär diýlip nygtaldy. Ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, BMG-niň wekilleri netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Aşgabatda bolmaklarynyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Mejlisinde we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda kabul edildiler, olarda kanunçylyk-hukuk ulgamynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.