20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Täjigistanda Türkmen-Täjik Dostlugynyň Hepdeligi

2015-nji ýylyň 11-nji maýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory G.Hanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky medeniýet we sungat işgärlerini wekiliýeti türkmen-täjik dostluk Hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hem-de “Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýyly” mynasybetli geçirilýän bilelikdäki çärelere gatnaşmak maksady bilen  Duşanbe şäherine geldi. 

2015-nji ýylyň 12-nji maýynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasy bilen bilelikde Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkezinde “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň şertidir” atly ylmy-amaly maslahat geçirdi.

Maslahatyň çäklerinde şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplarynyň sergisi guraldy.

Täjik tarapyndan döwlet edaralarynyň wekilleri, Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasynyň alymlar geňeşiniň agzalary, görnükli ylym, bilim medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. BMG-niň Täjigistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň orunbasary hanym A.K.Nikulita BMG wekilçilik etdi. 

Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylaryň arasynda Täjigistanda akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekilleri, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, şeýle-de Täjigistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplar hem gatnaşdylar.

Maslahatyň umumy mejlisinde Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Prezidenti F.Rahimi, Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçisi I.Amanlyýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory G.Hanmyradow,  Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkeziniň Direktorynyň birinji orunbasary S.Safarow dagylar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

2015-nji ýylyň 12-nji maýynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy we Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň medeniýet we sungat sergisi guraldy hem-de A.Lahuti adyndaky Döwlet akademiki teatrynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsert maksatnamasy guraldy.  

Teatryň foýesindäki sergide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli dillerdäki kitaplary, Türkmenistanyň nusgawy şahyrlarynyň we häzirki döwürdäki ýazyjylarynyň eserleri, şeýle-de Türkmenistanyň we türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we sungaty, tebigaty we häzirki durmuşy hakynda gürrüň berýän dürli kitaplar hem-de žurnallar görkezildi. Şeýle-de Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň, şekillendiriş sungatynyň eksponatlary, etnografiki zatlarynyň, dürli zergärçilik bezegleri we halk döredijiliginiň beýleki eserleri hem görkezildi.  

Konsert maksatnamasynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň artistleri we sungat ussatlary çykyş etdiler, türkmen we täjik halklarynyň dürli halk tanslary we aýdymlary ýerine ýetirildi.

Şol gün agşam Duşanbe şäheriniň “Täjigistan” myhmanhanasynyň restoranynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişligi geçirildi. 

2015-nji ýylyň 13-nji maýynda irden Türkmenistanyň medeniýet wekiliýeti Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Jillikul etrabyna ugradylar, bu ýerde türkmenleriň wekilleri ýaşaýar. 

Etraba gelenlerinde Medeniýet köşgüniň öňünde Jillikul etrabynyň baştutany Hojamurod Fazliddiniň ýolbaşçylygynda Ýerli öz-özüni dolandyryjy Döwlet ýerine ýetiriji edarasy tarapyndan myhmanlary garşy almak dabarasy geçirildi. Täjigistanyň, şol sanda etniki türkmenleriň milli eşikleriniň, dürli görnüşli el-işleriniň we medeni gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. 

Garşy almak dabarasyndan soňra Hatlon welaýatynyň Jillikul etrabynyň Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk Ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahat hem-de Türkmenistanyň we Täjigistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi.

Soňra Jillikul etrabynyň Medeniýet köşgünde türkmen artistleriniň hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň Jillikul etrabynyň ýaşaýjylary üçin konsert maksatnamaly çykyşlary guraldy.

Konsert maksatnamasyndan soňra Türkmenistanyň wekiliýeti türkmen tarapynyň ýardam bermeginde açylan Jillikul etrabynyň E.Sultanow adyndaky daýhan birleşiginiň haly sehine baryp gördi.

Soňra Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherine ugrady. 14-nji maýda türkmen wekiliýeti ähli göz öňünde tutulan çäreleriň tamamlanmagy bilen Türkmenistana ugrady.

Degişli makalalar

Türkmenistan BMG Bilen Hyzmatdaşlygy Berkitmek Meselelerini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

Palestina Döwletiniň Ilçisi Ynanç Hatlarynyň Nusgasyny Gowşurdy

Türkmenistan Çagalar Gaznasynyň Ýerine Ýetiriji Geňeşine Hem-de 2018-2022-nji Ýyllar Üçin Zenanlaryň Statusy Boýunça Komissiýasyna Saýlanyldy