10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Täze demir ýol menzili.

2015-nji ýyly “Bitaraplyk we Parahatçylyk” ýyly diýip yglan etmeginiň many-mazmunyny açyp görkezmek babatda gurnalan bu wagyz-ündew otlysy Aşgabat-Bereket-Etrek ugry bilen geçer. 



Aşgabat demir ýol menzilinde wagyz-ündew otlyny ugratmak çäresine paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, demirýol ulgamynyň işgärleri we talyplar gatnaşdylar. Bu çärede Türkmenistanyň demirýol ulaglary ministrliginiň Altyn menzil folklor-etnografik topary we paýtagtymyzyň medeniýet müdirliginiň Aşgabat tans topary çykyş etdiler. 

Belli ýazyjylaryň, şahyrlaryň, žurnalistleriň, aýdym-saz toparlaryndan düzülen döredijilik toparyň wekilleri daşary ýurtlarda geçirilýän Türkmenistanyň medeniýet günlerine gatnaşýan işjeň döredijilik işgärleridir. Olar her demir ýol menzilinde gyzykly çykyşlary gurnarlar.

Degişli makalalar

Prezidentimiz BMG-niň Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Nobatdaky Mejlisini Geçirdi

Türkmen Halylary-Halkara Serginiň Täsin Gymmatlyklary

turkmenhabargullugy