22.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 11 aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň berjaý edilişi seljerildi, döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy we ýakyn geljek üçin öňde durýan wezipeler kesgitlendi.

Mejlise milli parlamentiň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary çagyryldy. Onuň dowamynda wise-premýerleriň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Olaryň işleriniň netijelerine anyk baha berildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň on bir aýyndaky makroykdysady görkezijileri, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,1 göterim, gurluşykda 4,4 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterim, söwdada 14,2 göterim, oba hojalygynda 12 göterim we hyzmatlar ulgamynda 9,7 göterim ýokarlandy.

Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasabat maglumatlaryna laýyklykda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 3,4 göterim artdy. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 16,9 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,4 göterim ýokarlandy.

Wise-premýer Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, 2016-njy ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda onuň girdeji böleginiň 13,7 milliard manada, çykdajy böleginiň bolsa 15,1 milliard manada deň bolandygyny belledi. Býujetden maliýeleşdirilýän hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalar gurulýar. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 48,4 milliard manada deň boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 0,2 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň jemleri boýunça rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň 51-siniň, 3,9 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň, 1 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. Şunuň bilen birlikde, 27 suw hem-de lagym arassalaýjy desganyň, 59 durmuş maksatly binanyň we desganyň, 808,2 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Jemi 2,2 milliard manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.

Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, binalary we desgalary gurmak boýunça işleriň barşy barada hem habar berildi. Häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 209-synyň gurluşygy tamamlandy hem-de olaryň 111-sinde gurluşyk işleri dowam edýär. Döwrebap önümçilikleriň işe girizilmegi bilen içerki bazarda haryt bolçulygy üpjün edildi hem-de täze iş orunlary döredildi.

Soňra Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy M.Annadurdyýew ýurdumyzyň milli bank ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz B.Hojamämmedowyň gözegçiligindäki edaralaryň işine nägilelik bildirip, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň alyp barýan işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, ykdysady ulgama degişli guramalaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň barşyna gözegçiligi güýçlendirmek möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, gözegçilik edýän düzümleriniň işini talabalaýyk ýola goýmandyklary üçin wise-premýer B.Hojamämmedowa, Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy S.Gündogdyýewe, ykdysadyýet we ösüş ministri B.Bazarowa hem-de maliýe ministri M.Muhammedowa berk käýinç, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory A.Amanmedowa käýinç yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary L.Amanniýazowanyň pensiýa çykmagy sebäpli, ony eýeleýän wezipesinden boşadyp, bu wezipä G.Annanyýazowany belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, tutuşlygyna alnanda, obasenagat toplumynda öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgininiň 103,8 göterime barabar bolandygyny belledi.

Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça ösüş depgini 5,5 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça — 14,3 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça — 0,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça — 25,5 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, unuň öndürilişinde 5,4 göterim, unaş önümleriniň öndürilişinde 3,8 göterim, etiň we süýdüň öndürilişinde 1,3 göterim, ýumurtganyň öndürilişinde 4,8 göterim, gök önümleri öndürmekde 8,6 göterim, bakja önümlerini öndürmekde 16,4 göterim, miwe hem-de ir-iýmişleriň öndürilişinde 1,6 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Obasenagat toplumynyň edaralarynda maýa goýumlaryny özleşdirmek baradaky meýilnama 131,6 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat bermek bilen, häzirki döwürde sebitlerde ak ekinlere ideg işleriniň alnyp barylýandygyny, şol sanda gögeriş gazanylan ýerlerde mineral dökünler bilen iýmitlendirilýändigini, haşal otlara garşy göreşiň alnyp barylýandygyny habar berdi. Şunuň bilen birlikde, gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýygnamak, döwlete tabşyrylan hasyl üçin pagtaçylar bilen hasaplaşyklary geçirmek işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere we obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, pagta ýygymy möwsümini geçirmek, oba hojalyk tehnikalarynyň ulanylyşy, azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň peýdalanylyşy, dänelik ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak babatda birnäçe düýpli belliklerini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýyladyşhanalary hem-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygy, ýerleri tekizlemek, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ornaşdyrmak boýunça işleriň depginini çaltlandyrmagy talap etdi.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew bugdaý oragy we pagta ýygymy möwsüminde alnyp barlan işlere geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Geçirilen seljerme işleriniň netijesinde birnäçe kemçilikler ýüze çykaryldy.

Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjow oba hojalyk ulgamynda geçirilen barlaglaryň netijeleri hem-de ýüze çykarylan kemçilikler we maýa goýum maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem nebitgaz ulgamynyň edaralarynyň, senagat, gurluşyk we energetika toplumlarynyň, ulag-aragatnaşyk ulgamynyň işine geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Geçirilen barlaglaryň netijesinde agzalan pudaklaryň işinde birnäçe kemçilikleriň bardygy ýüze çykaryldy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarowa, oba we suw hojalygy ministri N.Sapardurdyýewe, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy M.Annabaýewe hem-de Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy K.Kulyýewe berk käýinç yglan edip, degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewe söz berildi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň etraplarynda önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň gowşak guralandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň obasenagat pudagynda birnäçe kemçilikleriň bardygyny belläp, welaýatyň häkimi E.Orazgeldiýewe we onuň oba hojalygy boýunça orunbasary T.Atahallyýewe berk käýinç yglan etdi.

Mundan başga-da, gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ahal welaýatynyň prokurory A.Garajaýew eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew welaýatyň obasenagat pudagynda alnyp barylýan işler hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde oba hojalygyny ösdürmek, etraplarda ýerlerden we suwdan netijeli peýdalanmak, oba hojalyk pudagynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, welaýatda işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin häkim D.Durdyýewe we onuň oba hojalygy boýunça orunbasary D.Ataýewe hem-de welaýatda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin welaýatyň prokurory E.Garamanowa berk käýinç yglan etdi we degişli Buýruklara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow häzirki döwürde ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şeýle hem şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge çemeleşmäniň könelendigini aýdyp, pudakda alnyp barylýan işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynyň möhümdigini aýratyn belledi hem-de häkim O.Gurbannazarowa, onuň oba hojalygy boýunça orunbasary M.Gurbanowa welaýatyň prokurory M.Atageldiýewe berk käýinç yglan etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewiň hasabaty bilen dowam etdi, ol sebitde işleriň ýagdaýy, oba hojalyk önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, degişli düzümleriň işleriniň gowşak utgaşdyrylmagy zerarly bu ugurda geçirilýän işleriň netije bermeýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkim Ç.Çarlyýewe, häkimiň oba hojalygy boýunça orunbasary D.Setdarowa, şeýle hem welaýatyň prokurory Ş.Garaýewe berk käýinç yglan etdi.

Soňra çykyş eden Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň etraplarynyň oba hojalygy düzümlerinde önümçiligi ýokarlandyrmak, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, suwy tygşytly ulanmak boýunça görülýän çäreleriň netijeliligini artdyrmak babatda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk derejesiniň pesdigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkim B.Annagurbanowa, onuň oba hojalygy boýunça orunbasary J.Annaýewe, şeýle hem welaýatyň prokurory A.Gulyýewe berk käýinç yglan edip, degişli Buýruklara gol çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer R.Bazarowa ýer kadastryny düzmek barada ozal berlen tabşyryk boýunça işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatlar boýunça jogapkär edilip bellenen wise-premýerlerden, welaýatlaryň häkimlerinden, Ýokary gözegçilik edarasynyň we Baş prokuraturanyň ýolbaşçylaryndan ybarat düzümde topar döretmek hakyndaky degişli resminama gol çekdi. Topar oba hojalygynda ýol berlen kemçilikler üçin günäkär ýolbaşçylary ýüze çykarar, şeýle ýolbaşçylara çäre görmek ýa-da olary eýeleýän wezipesinden boşatmak hakyndaky teklipleri bererler diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere 17-nji dekabra çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabaty taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew şu ýylyň 11 aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebiti we gaz kondensatyny, tebigy hem-de ugurdaş gazy gazyp almak ulgamynda ýangyç çig malyny gaýtadan işlemek, awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, polipropilen, çalgy ýaglaryny, beýleki nebit önümlerini we suwuklandyrylan gazy öndürmek, guýulary burawlamak ulgamynda gazanylan görkezijiler barada habar aýdyldy.

Nebitgaz toplumynyň kärhanalary tarapyndan maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnamanyň 154,5 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy bellenen tertibe laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirip, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işleri babatda wise-premýer Ý.Kakaýewe birnäçe düýpli belliklerini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunsabary Ý.Kakaýewe, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” hem-de “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary A.Begliýewe, T.Begjanowa we M.Meredowa, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory B.Alymowa berk käýinç yglan etdi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, ýolbaşçylara ýüze çykarylan kemçilikleri gyssagly düzetmegi tabşyrdy.

2016-njy ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow hasabat berdi.

Wise-premýeriň aýdyşy ýaly, umuman, ulag-aragatnaşyk toplumynda hasabat döwründe işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek baradaky meýilnama 109,8 göterim ýerine ýetirildi. Şunda, ösüş depgini 101,3 göterime deň boldy.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy 115 göterim boldy.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe hyzmatlary ýerine ýetirmek işleriniň ösüş depgini 100,3 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 102,2 göterime, ýolagçy gatnatmakda bolsa 101,3 göterime deň boldy.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň ilatynyň aragatnaşyk hyzmatyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, telefon nokatlarynyň 452 müňüsi oturdylyp, bu baradaky meýilnama 191 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hasabat döwründe awia hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 114,8 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 100 göterime, ýolagçy gatnatmakda 103,2 göterime barabar boldy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 100,7 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 101,1 göterime, ýolagçy gatnatmakda 101,2 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda toplumyň ähli düzümleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem demir ýollary degişli derejede saklamak hem-de habardar ediji, aragatnaşyk enjamlaryny gurmak we olary döwrebaplaşdyrmak, elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudaklarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyny ödemeýändigini aýdyp, onuň netijelerine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Satlykowa, demirýol ulaglary ministri B.Annameredowa, deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy A.Gurdowa berk käýinç yglan edip, degişli Buýruklara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamynda, onuň düzümlerinde şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça 2016-njy ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň, önümleriň we hyzmatlaryň möçberleri baradaky meýilnama 111,5 göterim berjaý edildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça şu ýylyň on bir aýynda önümçilik meýilnamasy 108,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 1,2 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça hasabat döwründe jemi önümçilik meýilnamasy 109,0 göterime deň bolup, onuň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwründäkiden 4,6 göterim ýokary boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary boýunça şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 108,5 göterim, önümçiligiň ösüşi bolsa 15 göterimden gowrak boldy.

Balyk hojalygy döwlet komiteti boýunça önümçilik görkezijileriniň umumy ösüş depgini 22,6 göterime, şol sanda balyk awlamagyň ösüşi bolsa 23,7 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz senagat toplumyny ösdürmegiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, senagat ulgamynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, dolandyryşyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi. Içerki sarp edijileriň isleglerini, dünýä bazarynyň ýagdaýyny nazara almak bilen, işleriň üýtgedilip guralmagy pudagyň işiniň netijeliligine oňyn täsir edýär.

Döwlet Baştutanymyz içerki bazaryň özümizde öndürilen hem-de daşary ýurtlardan getirilýänlerden pes bolmadyk ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilmeginiň, eksport önümçiliginiň we daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply harytlaryň möçberleriniň ýokarlandyrylmagynyň toplumyň ileri tutulýan maksatlary bolup durýandygyny belläp, işiň depginini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň senagat pudaklaryny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu ulgamda bar bolan önümçilik mümkinçilikleriniň doly derejede işe girizilmeýändigini aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijelerine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmänligi üçin wise-premýer B.Ereşowa, senagat ministri D.Nursähedowa, dokma senagaty ministri T.Gurbanmämmedowa berk käýinç, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy M.Aýdogdyýewe, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy T.Paşiýewe, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa käýinç yglan etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew şu ýylyň 11 aýynda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen iri möçberli çäreler barada hasabat berdi.

2016-njy ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,9 göterim berjaý edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 109,3 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň bellenilen meýilnamasy 120,7 göterim ýerine ýetirilip, 2015-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 101,3 göterime ýetirildi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň düzüm bölekleriniň öndüren önümleriniň, ýerine ýetiren işleriniň we hyzmatlarynyň umumy möçberi meýilnamanyň 122,3 göterimine deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 112,1 göterimden ybarat boldy. Elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende105,97 göterime, elektrik energiýasyny eksport etmek 117,7 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi meýilnamanyň 111,5 göterimine deň bolup, şunda ösüş depgini 111,3 göterime ýetirildi.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça meýilnama 100,6 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň on bir aýy bilen deňeşdirilende 102,1 göterim derejede ösüş gazanyldy.

Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça amala aşyrylan işler barada hem hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ähli degişli düzümler herekete girizilip, häzirkizaman şäher gurşawyny kemala getirmek, paýtagtymyzyň binagärlik we bezeg keşbini gowulandyrmak, aşgabatlylaryň ýaşamagy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmek boýunça bilelikdäki işler dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Durdylyýewe gözegçilik edýän ähli düzümleriniň işine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyna, olaryň geljekde hem ähli meýilnamalar boýunça kesgitlenilen iş möçberlerini doly derejede ýerine ýetirmelidiklerine ünsi çekip, gurluşyk, energetika pudaklarynda hem-de jemagat hojalygy ulgamynda işleriň ýagdaýynyň gowulandyrylmalydygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruklara gol çekip, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmänligi üçin gurluşyk we binagärlik ministri Ç.Ataýewe, energetika ministri D.Rejepowa käýinç yglan etdi. Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowa şäherde işleri talabalaýyk ýola goýmandygy üçin berk käýinç yglan edildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk toplumynyň ähli ýolbaşçylaryna we Aşgabat şäheriniň häkimine ýüzlenip, ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak we toplumlaýyn ösdürmek meselelerine ilkinji derejeli üns bermegi tabşyrdy, paýtagtymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly ösgertmeleriň nyşany bolmalydyr. Aşgabatda bina edilýän desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň öz möhletlerinde tamamlanmagyny hem-de hil kadalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmekden başga-da ýaşaýyş toplumlarynyň arassaçylyk- keselleriň öňüni alyş çäreleriniň, türkmen paýtagtynyň köçeleriniň arassaçylygyny hem-de bagy-bossanlyga büremek işleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça degişli çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyna üns çekildi. Öňde boljak Täze ýyl dabaralaryna öz wagtynda taýýarlyk görmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda toplumynda şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň umumy möçberi 3,9 milliard manatdan gowrak boldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim artandygyny alamatlandyrýar. Şunda, balans peýdanyň umumy möçberi 547,4 million manada deň bolup, onuň ösüş depgini 0,4 göterime barabar boldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9,62 göterim ýokarydyr. Ministrligiň kärhanalary tarapyndan özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 225,2 million manat boldy.

Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasabat döwründe 224 birža söwdalary geçirilip, umumy bahasy 20,8 milliard manat bolan 14 müňden gowrak şertnama hasaba alyndy. Eksport we import boýunça şertnamalaryň umumy möçberi 12,3 milliard manada deň boldy. Şunlukda, gurluşyk şertnamalarynyň bahasy 4,7 milliard manatdan gowrak boldy. Hasabat döwründe 51,3 million manat maýa goýum serişdeleri özleşdirildi.

Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň mukdary 17,3 million manada deň boldy. Hasabat döwründe sergileriň 22-si we 26 maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 560,80 million manatlyk senagat önümleri öndürildi. Onuň ösüş möçberleri 32,6 göterime deň boldy. 994,8 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürildi. Ol 36,5 göterim ýokarlandy. Umumy bahasy 5,3 milliard manatlyk gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. Onuň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,1 göterime deň boldy. Söwda haryt dolanyşygynyň möçberi 9,5 milliard manada deň boldy. Onuň ösüşi 2,8 göterime barabardyr. Hyzmatlar ulgamynda 798,9 million manatlyk iş ýerine ýetirilip, onuň ösüşi 3,1 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk bilen baglanyşykly söwda toplumynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, wise-premýere bazarlaryň, söwda merkezleriniň we ýurdumyzyň dükanlarynyň ýokary hilli azyk önümleri hem-de senagat harytlary bilen üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Sarp ediş bazarynyň isleglerini doly kanagatlandyrmak, ilatymyzy häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän zerur hyzmatlaryň ähli görnüşleri bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ýurdumyzyň eksport ugruny ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň hiline berk gözegçiligi ýola goýmak, senagat we söwda ulgamynyň işiniň göni hem-de durnukly baglanyşygyny alyp barmak, sazlaşykly we deňeçer önümçilik-täjirçilik ulgamyny emele getirmek boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran işleri barada habar berdi.

Şu geçen döwürde milli parlamentiň alty maslahaty geçirilip, olarda kanunlaryň 85-si hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň 86-sy kabul edildi, halkara ylalaşyklarynyň birnäçesi tassyklanyldy. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň okgunly ösmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işi dowam edýär.

Mejlisiň deputatlary halkara çäreleriniň we okuw maslahatlarynyň 49-syna gatnaşdylar, kanunçykaryjylyk ulgamynda halkara tejribesini öwrenmek üçin olar daşary ýurtlara iş saparlaryna ugradyldy.

Ýylyň başyndan bäri halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 57-si geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzümleýin edaralary bilen hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär.

Deputatlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň maddalarynyň, ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň hem-de durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, durmuş-ykdysady özgertmeleri ilerletmek hem-de kadalaşdyryjy-hukuknamalaryny işläp taýýarlamak we halkara gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işini işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň dowamynda daşary ýurtlara bolan saparlary hem-de olaryň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler we duşuşyklar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen däp bolan netijeli we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Hasabat döwründe Türkmenistana Daşary işler ministrligi arkaly daşary ýurt wekiliýetleriniň 406-sy geldi. Şol döwürde daşary ýurtlara biziň ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 916-sy ugradyldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň, okuw maslahatlarynyň, duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň 178-si geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüniň 136 resminama bilen ýetirilendigi barada habar berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz dünýäniň 142 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan abraýly sebit we halkara guramalary hem-de düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklary işjeň ösdürýär.

Yzygiderli geçirilýän daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler ýurdumyzyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň arasynda oňyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. Hasabat döwründe bu ugurda resmi duşuşyklaryň 29-sy geçirildi. Şeýle hem hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 16-sy geçirildi. Olaryň işi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatlarynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekip, sebit we dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýörelgeleriň hem-de garaýyşlaryň Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasynda öz beýanyny tapandygyny belläp, ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak baradaky tagallalaryna işjeň gatnaşmaga meýillidigini tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine geljekki döwür üçin şeýle konsepsiýany işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzakmöhletleýin esasda oňyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde, milli medeni mirasymyzy, sungatymyzy, tükmen halkynyň gadymy we şöhratly däp-dessurlaryny giňden wagyz etmäge hem-de ony çuňňur öwrenmäge gönükdirilen dürli çäreler guraldy. Şeýle çäreler ýurdumyzyň edara- kärhanalarynda, medeniýet merkezlerinde geçirildi we Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda guraldy.

Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň medeniýet hem-de sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Hasabat döwründe ýurdumyzda birnäçe dostlukly döwletleriň, daşary ýurtlarda bolsa Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi.

Şeýle hem wise-premýer teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň we beýleki medeni ojaklaryň işini kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň dowam edýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, merkezi kitaphanalarda, Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalarda bir bitewi elektron ulgamy ornaşdyryldy. Şu ýylda ýurdumyzyň muzeýlerine gelýänleriň sany artdy. Teatrlaryň artistleri Täjigistanda, Belarusda, Moskwada, Kazanda we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen teatr festiwallaryna gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi häzirki günüň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirilýär. Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy meýilnamany 138,4 göterim ýerine ýetirdi. “Galkynyş” kitap merkezi ýurdumyzyň kitaphanalaryny 45 görnüşli kitap önümleri bilen üpjün etdi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan radio we teleýaýlymlara berilýän gepleşikleriň ýokary hilini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri we gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek boýunça tele we radioýaýlymlarda netijeli işler alnyp barylýar.

Şu ýylyň başyndan bäri syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden gazanylan girdejiniň umumy möçberi 39 million manatdan gowrak boldy. Şu döwürde 107,5 müň syýahatça hyzmat edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan ähli halkara çäreleri halklaryň arasynda dostluk köprüleriniň gurulmagyna, dünýä medeniýetine çuňňur aralaşylmagyna, şeýle hem milletiň bahasyz baýlygyny dünýä giňişliginde giňden wagyz etmäge ýardam bermelidir we olaryň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir diýip nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň bilim ulgamynyň okgunly ösüşini häsiýetlendirýän netijeler hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berip, hasabat döwründe 9540 orunlyk orta mekdepleriň, 2970 orunlyk çagalar baglarynyň, 3 müň orunlyk Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň ulanmaga berlendigini aýtdy.

Ders we taslama bäsleşiklerinde ýeňiji bolan ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 77 medala, talyplar bolsa 24 medala mynasyp boldular. Orta mekdepleriň okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýörite okuw mekdepleriniň talyplary halkara Internet bäsleşiklerinde 344 baýrakly orunlary we degişli diplomlary eýelemegi başardylar.

Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň golýazmalarynyň 318-si taýýarlanyldy we çapa iberildi, olardan 190-sy neşir edildi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary tarapyndan ýörite gepleşik we sport sözlükleri taýýarlanyldy.

9-10-njy noýabrda Aşgabatda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň guramaçylykly geçirilendigi barada habar berildi. Oňa daşary ýurtly hyzmatdaşlar – degişli edaralaryň we düzümleriň, ylmy we işewür toparlaryň wekilleri giňden gatnaşdylar.

Wise-premýer milli saglygy goraýyş ulgamynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberiniň 102 göterime, hojalyk hasaplaşygyndan we tölegli hyzmatlardan – 110 göterime, derman önümçiliginde bolsa 107 göterime barabar bolandygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary sport ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, içerki ýaryşlaryň 163-siniň hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 85-siniň geçirilendigini habar berdi. Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 132-sine gatnaşyp, jemi 581 medal (197 altyn, 182 kümüş we 202 bürünç) gazandylar. Munuň özi geçen ýylyň şu döwründäkisinden 236 medal köpdür.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim we ylym, saglygy goraýyş we sport ýaly möhüm ulgamlarda kabul edilen maksatnamalara hem-de göz öňünde tutulan meýilnamalara laýyklykda, olary mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, innowasion tehnologiýalary, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni iş ýüzünde ornaşdyrmagyň esasynda degişli düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, XXI asyryň ylym asyrydygyny, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ylmy taýdan esaslandyrylan ýörelgeleri esasynda ösdürilmeginiň wajypdygyny belledi hem-de TYA-nyň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz hökümet agzalaryna, ministrlikleriň ýolbaşçylaryna we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, olaryň 13-nji dekabrda, sişenbe güni ýolbaşçylyk edýän pudaklary hem-de welaýatlary boýunça maslahatlary we ýygnaklary geçirmegi tabşyrdy. Bu maslahatlarda we ýygnaklarda 11 aýyň netijelerine jikme-jik seretmeli, ýol berlen her bir kemçiligi düýpli seljermeli hem-de olary gysga wagtyň içinde düzetmek üçin ähli zerur çäreleri görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Bu çäreleriň netijeliligi Ýokary gözegçilik edarasy we Baş prokuratura tarapyndan ýylyň jemleri boýunça bu ugurda edilen işleri düýpli seljermegi hem-de ýanwar aýynda 2016-njy ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu barada hasabat bermegi bilen kesgitlener.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatlary jemläp, nebitgaz toplumy bilen bagly bar bolan kemçiliklere garamazdan, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri boýunça ozalkysy ýaly ösüşiň ýokary depginleri saklanýar diýip belledi.

Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önümçiligiň möçberleriniň ösüşi on bir aýda bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri hem köpeldi. Ýurdumyzda köp sanly önümçilik we durmuş maksatly täze desgalar gurlup, ulanmaga berildi.

Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, elektrik energiýasynyň beýleki döwletlere iberilýän möçberi 17,4 göterim artdy. Mineral dökünleriň iberilişi 2,6 esse, sementiň iberilişi 6,3 esse köpeldi. Ýüňüň, halylaryň, gök we miwe önümleriniň, ösümlik ýagynyň, bugdaýyň, pagta süýüminiň hem-de beýleki önümleriň iberilýän möçberi hem artdy.

Daşary ýurtlardan döwletimize getirilýän çig mallaryň we materiallaryň möçberi 10 göterime golaý azaldy. Çig malyň, materiallaryň, azyk we azyk däl harytlaryň ýurdumyza getirilýän möçberiniň azalmagy, bu harytlaryň özümizde öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ep-esli derejede täsir etdi.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri önümleriň täze görnüşlerini çykarmagyň hasabyna dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz bu işde ýurdumyzda bar bolan uly mümkinçilikleriň, ätiýaçlyk serişdeleriniň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Şu ýylyň on bir aýynda gazanylan netijeler ykdysadyýetimizde bar bolan käbir kynçylyklara garamazdan, zähmetsöýer halkymyzyň ähli meseleleri üstünlikli çözjekdigini aýdyň görkezýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz Täze ýyla çenli az wagt galandygyny belläp, başy başlanan ähli işleriň şu ýyl üstünlikli tamamlanmalydygyny aýtdy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we ministrlere, aýratyn hem, B.Hojamämmedowa 2016-njy ýylyň netijelerine bagyşlanyp geçiriljek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Gazanylan netijeleri seljerip, ýol berlen kemçiliklere serediň! Haýsy ugurlarda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny kesgitläň we öz teklipleriňizi taýýarlaň diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bellenilişi ýaly, her bir ýolbaşçy öz baştutanlyk edýän pudaklaryndaky ýagdaýy berk gözegçilikde saklamalydyr. Kabul edilen meýilnamalaryň nähili ýerine ýetiriljekdigini, haýsy desgalaryň guruljakdygyny we haýsy möhletlerde ulanmaga beriljekdigini anyk bilmelidir.

Geljek ýylda iş depginimizi has-da güýçlendirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bilermenler: «Dünýä ykdysadyýeti durnuksyz bolmagynda galýar – diýip, çaklaýarlar! Dünýä ykdysadyýeti haýal depginler bilen bolsa-da, ýöne ösmegini dowam edýär. Şeýle ýagdaýda dünýä ykdysadyýeti köp derejede töwekgelçiliklere bagly bolýar» diýip häsiýetlendirýärler.

Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň ýanwar aýynda geçiriljek giňişleýin mejlisinde esasy mesele hökmünde, şu ýylyň jemlerine serediler. Şeýle hem, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça alyp barýan işleri baradaky hasabatlary diňlener. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça olaryň geçirýän işlerine baha beriler. Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek we elektron senagatyny döretmek bilen bagly amala aşyrylan işleriň ýagdaýyna garalar.

Ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisde oba hojalyk we nebitgaz pudaklarynda özgertmeleri dowam etmek boýunça taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna hem serediler, V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Täze ýylda ýurdumyzy häzirki ýaly ýokary depginler bilen ösdürmek wezipesiniň durýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar böleginiň hakyky ýagdaýlardan ugur alnyp, oýlanyşykly düzülendigini belledi.

Şeýle hem, biziň ýeterlik möçberde serişdeleri bolan Durnuklaşdyryş gaznamyz, köp möçberde döwlet serişdelerimiz bar. Şoňa görä-de, öňküsi ýaly, geljek ýyl üçin kabul eden ähli ýaşaýyş-durmuş maksatnamalarymyzy doly ýerine ýetireris. Ýollary, ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri we beýleki desgalary giň gerim bilen gurmagy dowam ederis. Ýurdumyzyň energetika, nebitgaz we senagat pudaklaryny, telekeçilik ulgamyny ösdüreris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Biz bu işleriň ählisini mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Umuman, ýaňy hem belläp geçişim ýaly, 2017-nji ýylda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylarynyň öňünde örän uly wezipeler durýar. Bu wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek her bir ýolbaşçynyň borjudyr! Biz näçe netijeli işlesek, köp işleri amala aşyrsak, mähriban halkymyz şonça-da gowy durmuşda ýaşar, berkarar Watanymyzyň abraýy has-da ýokarlanar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşýanlaryň hemmesini we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny 12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalaryna we Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine çagyrylan adamlaryň hemmesine ýüzlenip, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň uly baýramlarymyzyň öňýanynda günäsini geçýäris diýip belledi. Nygtalyşy ýaly, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreler yzygiderli geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary, Goranmak ministri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Milli baýramy – Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky» Permanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip ýygnananlaryň el çarpyşmaray astynda, iş kesilen Türkmenistanyň 561 sany raýatynyň, şeýle hem daşary ýurt raýatlarynyň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goranmak ministri Ý.Berdiýewe ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagy üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara ýüzlenip, günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Biz ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyna hormat goýýarys. Şoňa görä-de, biz 1381 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada karara geldik.

Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol «Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky» Permanyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ynsanperwer ugur Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm bölekleriniň biri bolup, oňa aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda milli kanunçylygyň hem-de umumy kabul edilen halkara kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Türkmenistanyň bu döredijilikli syýasaty amala aşyrmagy netijesinde BMG we beýleki halkara guramalary bilen bilelikde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreler görülýär.

Degişli ugurda amala aşyrylan halkara taslamalarynyň çäklerinde 2011-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli aralykda döwlet Baştutanymyzyň Permanlary bilen 5 müň 74 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Bu parasatly ynsanperwer çözgütler ýurdumyzyň BMG-niň öňünde ynsanpwerer meseleleri we beýleki köptaraply halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny iş ýüzünde ýerine ýetirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan, adalatly we demokratik ýörelgelerine esaslanan döwlet strategiýasyny durmuşa geçirmek maksadynda Daşary işler ministrligi hem-de beýleki ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan ýurdumyzda ýaşaýan we 21 milletiň wekilleri bolup durýan adamlaryň degişli ýüztutmalarynyň esasynda 1 müň 381 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça degişli işler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmagynda türkmen halkyna mahsus bolan hem-de Türkmenistanyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz beýanyny tapýan ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygyna şaýatlyk edýän resminama gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hökümet agzalaryna eziz Watanymyzy has-da ösdürmegiň, ýurdumyzyň halkynyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde 70 Ýaşynyň Dolmagy Mynasybetli Nurat Hojagulyýewiň Žiwopis we Grafika Eserleriniň Sergisi Açyldy

Minskide Hökümetara Türkmen-Belarus Toparynyň Sekizinji Mejlisi Geçiriler