24.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Täze Neşirde Kärhanalary we Guramalaryň Arhiw Resminamalarynyň Saklanyş Möhleti Kesgitlenilýär

Täze Neşirde Kärhanalary we Guramalaryň Arhiw Resminamalarynyň Saklanyş Möhleti Kesgitlenilýär

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw tarapyndan Türkmenistanyň kärhanalarynyň, edaralarynyň, guramalarynyň iş dolandyryşynda emele gelýän resminamalaryň birkysmy sanawy we olaryň saklanylmaly möhletleri çap edildi.

Bu neşir olary saklamak möhletlerini tassyklamak arkaly resminamlaryň gymmatlygyny kesgitlemek boýunça esasy maglumat gollanmasy bolup durýar. Şeýle hem sanaw çylşyrymly seljeriş işlerini, syýasy, hojalyk, ylmy, medeni ähmiýeti bolan resminamalary saýlamak işini ýeňilleşdirýär. Munuň özi olary döwlet arhiwlerine hemişelik saklamak üçin bermekde has ähmiýetlidir.

Sanawyň üsti ýetirilen neşirine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar, şol sanda resminamalaryň häzirki döwürde we geljekde ulanmak ähmiýetiniň barşynda hasabat, hasap, maliýe, işgärler we beýleki resminamalaryň saklanyş möhletlerini artdyrmak bilen baglanyşykly düzedişler girizildi. Bu iş degişli pudaklaryň sanawynyň iş- önümçilik ýagdaýyna, olaryň mysaly görnüşlerine, Baş arhiw müdirliginiň Merkezi bilermenler toparynyň çözgütlerine birnäçe görnüşli resminamalary saklamagyň möhletlerini tassyklamak ýa-da üýtgetmek ýagdaýyna geçirilen seljermeleriň netijesinde geçirildi.

Bu ýygyndy derejesine, pudak ulgamynyň we eýeçiligiň görnüşleriniň möçberlerine garamazdan öz hünär işini resmileşdirýän guramalar üçin niýetlenendir. Şeýlelikde, bu neşiriň çap edilmegi pudaklaýyn arhiwlerde resminamalaryň degişli derejede saklanylmagyna, şeýle hem Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzüminiň hiline oňyn täsir eder hem-de türkmen halkynyň gymmatly resmi mirasynyň asyrlaryň dowamynda saklanmagyny üpjün eder.

Degişli makalalar

Atavatan Applikasiýasy Täzelendi: Intellektual Sahypamyz Goşuldy

Garlykdaky Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumyny Ulanmaga Kabul Etmek Boýunça Döwlet Kabul Ediş Topary Döredildi

Oba Durmuşynyň Waspçysy

turkmenhabargullugy