15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Täze oba hojalyk tehnikasynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy.

oba hojalygyna önümçilik-enjamlaýyn hyzmat etmek baradaky paýdarlar jemgyýetleriniň “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň garamagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda satyn alnan “Belarus” kysymly sürüm traktorlarynyň birinji tapgyry — 400-e golaýy gelip gowuşdy. Bu hoş habar 7-nji aprelde bellenip geçilen Bütindünýä saglyk gününe gabatlanan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän dabaralaryň baýramçylyk ruhyny artdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, bereketli hasyly ösdürip ýetişdirmek boýunça geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin oba hojalyk önümçiliginiň tehnika bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň oba hojalygynda başyny başlan düýpli özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biridir. Üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde häzir pudagyň tehniki toplumynyň esasyny belli daşary ýurt önüm öndürijileriniň täze we ýokary öndürijilikli häzirki zaman ulaglary we enjamlary düzýär.

Oba hojalygyna önümçilik-enjamlaýyn hyzmat etmek baradaky paýdarlar jemgyýetleriniň “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynda TDH-niň habarçysyna habar berişleri ýaly, belarus tehnikasynyň seçilip alynmagy onuň ulanyşda ygtybarlylygy we tygşytlylygy, şeýle hem ýokary öndürijiligi bilen şertlendirilendir. Mundan başga-da, Minskiniň traktor zawodynyň oba hojalyk ulaglary uzak ýyllaryň içinde özlerini Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde oňat tarapdan görkezip, ýurdumyzyň ekerançylarynyň wepaly kömekçilerine öwrüldi. Baglaşylan şertnama laýyklykda Belarus Respublikasynyň “Minskiý traktornyý zawod” respublikan unitar kärhanasy ýakyn wagtyň içinde biziň ýurdumyza “Belarus” kysymly traktorlaryň jemi 2 müňüsini we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny iberer.

Täze tehnika dessine welaýatlarda häzirki möwsümleýin oba hojalyk işlerinde, hususan-da, gowaça we beýleki ekinleriň ekişinde, şeýle hem olara ideg etmekde ulanylar.

referans:www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Energetika Hartiýasynyň Baş Sekretary Bilen Duşuşyk

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Käbir Kanunçylyk Namalaryna Üýtgetmeler we Goşmaçalar Girizmek Hakynda

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach