01.03.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

TNGIZT-da Polipropilen Örtgülerini Öndürýän Desganyň Gurluşygy Tamamlanyp Barýar

TNGIZT-da Polipropilen Örtgülerini Öndürýän Desganyň Gurluşygy Tamamlanyp Barýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bios ýöriteleşen polipropilen örtgülerini (BÝPÖ) öndürýän desga oturdylan enjamlarda sazlaýyş işleri tamamlanyp gelýär. Taslama «P.T.Istana karang Laut» (Indoneziýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýär. Bu kompaniýa bilen iki görnüşli örtgi plýonkalaryny — aňyrsy görünýän bir gatly we soekstruzionlanan örtgüleri öndürýän desgany gurmak boýunça şertnama baglaşyldy.

BÝPÖ öndürýän täze desga TNGIZT-da polipropilenden öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Ýerli çig mallardan dürli görnüşli we maksatly, şol sanda iýmit önümleri we senagat harytlary üçin niýetlenilen örtgüleriň ýylda 21 müň tonna çenlisi öndüriler.

Häzirki wagtda TNGIZT-da suwuklandyrylan gazy gaýtadan işlemek arkaly polipropilen öndürýän desga hereket edýär. Polipropilen örtgülerini öndürjek täze desga zawoddaky tehnologiki zynjyry tamamlar. Granulirlenen polipropilen dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýar, ondan taýýarlanan önümler bolsa gymmat bahadan satylýar.

Täze desganyň gurulmagy halk hojalyk harytlaryny öndürýän ýerli kärhanalar üçin möhüm ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, täze önümiň bir bölegini eksport etmek meýilleşdirilýär.

Degişli makalalar

Turkmenistan Fotosurtalary

turkmenhabargullugy

“Serdar” Kärhanasynda Açylan Täze Bölüm Her Ýyl Işilen Nah Ýüplügiň 1300 Tonnasyny Öndürmäge Niýetlenendir

Türkmenistanyň Prezidenti Milli matam güni mynasybetli geçirilen dessurlara gatnaşdy

syrach