14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Milli matam güni mynasybetli geçirilen dessurlara gatnaşdy

Milli matam güni mynasybetli Döwlet baýdaklary düşürildi. Müňlerçe ynsan ömrüni üzen 1948-nji ýylda bolan pajygaly Aşgabat ýertitremesiniň ýowuz wakalary häzirki döwürde hem millionlarça türkmenistanlylaryň kalplarynda ýatdan çykmajak hatyra hökmünde saklanýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde tebigy betbagtçylyk zerarly wepat bolan watandaşlarymyzyň hatyralaryna aýat-töwirler okalýar.

62 ýyl mundan ozal 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-syna geçilýän gije Aşgabatda we onuň eteklerinde güýji 10 balla barabar bolan dünýäde iň aýylganç ýertitremeleriň biri bolup geçdi. Bary-ýogy 15-20 sekundyň içinde tebigy betbagtçylyk Aşgabady we onuň töweregindäki köp sanly obalary weýran etdi.

Säher bilen 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesine bagyşlanyp, Gypjak obasynda bina edilen Memorial toplumyň ýadygärligine Hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, Mejlisiň deputatlary, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary gül desselerini goýdular.

Ruhabat etrabynda ýerleşýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhy metjidiniň Memorial toplumynyň öňünde geçirilen Matam dessuryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bu ýere Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dindarlar we ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen ýaşulular, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de missiýalaryň baştutanlary ýygnandylar.

Şu gün bu ýere müňlerçe türkmenistanlylar ýürek emri bilen şol pajygaly waka zerarly wepat bolan ýakynlaryny we garyndaşlaryny hatyralamaga gelipdirler.

Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni Memorial toplumyň öňündäki meýdançada saklanýar. Bu ýerde hormat garawulynyň esgerleri hatara durlar. Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň müftisi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky din işleri baradaky Geňeşiň başlygy, Türkmenbaşynyň Ruhy metjidiniň mütewelisi we beýleki şu günki dessura gatnaşýanlar garşylaýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýadygärlige wenok goýýar, milletiň Lideri merhumlary baş egip hatyralaýar. Mälim bolşy ýaly, şol aýylganç waka hormatly Prezidentimiziň atasy, Beýik Watançylyk urşunyň weterany, öz ömrüni asylly işe, oba çagalarynyň bilim we terbiýesine bagyşlan mekdep mugallymy Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapyny kesdi.

Döwlet Baştutanynyň yzy bilen toplumyň etegine şu günki dessura gatnaşýanlaryň hemmesi gül desselerini goýýarlar. Gysga wagtyň içinde köp sanly gül çemenleri aramgähiň mermer düşegini örtýär. Toplumyň binasynda aýat-doga okalýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz we bu ýere ýygnananlar sadaka dessuryny geçirmek üçin ýörite gurlan bina gelýärler.

Döwlet Baştutany pajygaly ýer titremesinde wepat bolanlary hatyralamak üçin bu ýere gelenlere ýüzlenip, her ýylyň 6-njy oktýabrynda—Milli matam gününde aýylganç Aşgabat ýertitremesiniň pidasy bolan müňlerçe ildeşlerimizi ýatlap, matam tutýarys, olaryň hatyrasyna sadakalar berýäris, şehitlerimiziň ruhlaryna bagyşlap, aýat-töwir edýäris diýip belledi. Bu hasratly waka baradaky ýatlama bizi hemişe gam-gussa batyrýar, ýyllar bizi bu ýowuz hadysadan näçe daşlaşdyrsa-da, şehitlermiziň hatyrasy ýüreklerimizde baky saklanyp, kalbymyzda şol agyr ýitginiň hasraty hiç haçan egsilmeýär diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Bilşimiz ýaly, bu ýertitreme dünýäde iň hasratly, ýowuz tebigy hadysalaryň biri boldy, bu betbagtçylyk 198 müňe golaý ilatly Aşgabat şäherini, paýtagtymyzyň 50 kilometr töweregindäki obalaryň 40-dan gowragyny ýer bilen ýegsan etdi, ildeşlerimiziň 176 müňüsiniň ömür tanapyny kesdi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milletiň Lideri sözüni dowam edip, Aşgabat ýertitremesinde halkymyz ynsanperwerligiň, sabyr-kanagatlylygyň, mertligiň belent nusgasyny görkezdi, ildeşlerimiz bu agyr günlerde ruhdan düşmän, örän kyn şertlerde ýüzlerçe ynsan ömürlerini halas etdiler diýdi. Bu hasratly, kyn günlerde ozalky SSSR-iň doganlyk halklary Türkmenistana uly kömek berdiler diýip aýtdy. Ýertitremede ejir çeken ildeşlerimiziň 30 müň golaýy Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň lukmançylyk edarlarynda saglyklaryny bejertmek üçin kabul edildi, Aşgabada müňden gowrak lukman, gurluşyk batalonlary kömege geldi, azyk önümli eşelonlar, dürli tehnikalaryň 700-den gowragy gelip gowuşdy, bu edilen kömek agyr betbagtçylyga duçar bolan halkymyza uly goldaw boldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Mundan 62 ýyl ozal ýowuz tebigy hadysany başdan geçiren Aşgabat bu gün ak mermere beslenip, gündogaryň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi we indi sebitde parahatçylyk merkezi hökmünde tanalýar diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.

Halkymyzyň «Ölüsini sylan baý bolar, dirisini sylan—beg» diýen parasatly pähimine eýerip, bu gün—ählihalk Matam gününde Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýatlama dessurlary berjaý edilýär, sadakalar berlip, metjitlerde aýat-dogalar okalýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, şehitlerimiziň hatyrasyny saklamak, ruhlaryny şat etmek biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Beýik Taňry şeýle ýowuz ahwalaty bize hiç haçan görkezmesin. Goý, biziň Watanymyz mundan beýläk-de güllesin, halkymyz bolsa, parahatçylykda, bagtyýarlykda we ylalaşykda ýaşasyn. Goý, şu günki berlen sadakalar we şehit bolanlaryň hatyrasyna okalan aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun. Şehitlerimiziň ýatan ýerleri ýagty, jaýlary jennet bolsun!

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň müftisine söz berdi. Ol şu günki geçirilýän dessur mynasybetli tebärek çykdy.

Soňra bu günki milli Matam güni mynasybetli geçirilýän dessura gatnaşyjylara nahar çekildi. Nahardan soň Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligi hatyralanyp, aýat-töwir okaldy.

Milli matam gününde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýatlama dessurlary geçirildi, sadakalar berildi we aýat-töwirler okaldy.

Wepat bolanlary hatyralamak, olaryň ruhuny şat etmek maksady bilen aýat-töwir okamak türkmen halkynyň nesilden-nesile geçir gelýän gadymy däpleriniň biridir. Şunuň ýaly asylly dessura eýerip, türkmenistanlylar 62 ýyl mundan ozal, 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-syna geçilýän gijede şehit bolan watandaşlaryny hemişe hatyralarlar, olaryň ruhlarynyň şat bolmagyny dileg ederler.

Goý, Beýik Biribar şu günki berlen sadakalary, okalan aýat-töwirleri öz dergähinde kabul etsin!

Sadakalaryňyz kabul bolsun!

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Parahatçylygyň we Azatlygyň Goragçylaryny Sarpalamak-Türkmen Halkynyň Asylly Däbi

Hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Hatyny Iberdi

syrach

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach