19.9 C
Aşkabat
06.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Topragyň gorlary – adam bähbitleri üçin.

Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň maslahatlar jaýynda “BMG-iň tebigaty goramak konwensiýalaryň ýerine ýetirilmegi boýunça Döwlet toparynyň düzüminde işçi toparynyň çölleşmä garşy Konwensiýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy sazlaşyrmagyň we hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we gurallaryny işläp düzmek ” atly milli maslahaty geçirildi. 

Maslahat topragyň gorlaryny dolandyrmak boýunça Orta Aziýa döwletleriň başlangyjy şeýle-de Global ekologiki gaznanyň we halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň ýardam bermegi esasynda geçirildi. 

Maslahata Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrliginiň, “Türkmenmallary ” assosiasiýasynyň, oba hojalyk ministrliginiň , şeýle-de ylmy-barlag guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, beýleki edaralaryň we guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. 

Seminaryň gün tertibinde Çölleşmä garşy Milli Maksatnamasynyň düzgünnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça gollanmalary işläp taýýarlamak meseleleri bolup, olara çägelikleri tokaýlaşdyrmak we berkitmek boýunça dürli çäreler, çölleşme ýagdaýlarynyň monitoringi, ylmy gözlegleri geçirmek, ýerli ilat bilen işleşmek we başga meseleler girýär.

Degişli makalalar

Awiaýolagçylar üçin täze žurnal.

syrach

2020-nji Ýylyň Olimpiýa Oýunlaryna Gatnaşmaga Taýýarlyk Işleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň ýokary derejeli maslahaty Bişkekde geçirildi

syrach