26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkiýäniň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary.

 Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin düýn agşam Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyza döwlet sapary bilen geldi. 

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abdulla Gülüň yzygiderli duşuşyklary soňky ýyllarda işjeň we uly gyzyklanma bildirilýän görnüşe eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň batly depgin bilen ösdürilýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi. Iki ýurduň Liderleri netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetirilmegine badalga berip, öňden bäri berk dostluga we ruhy taýdan ýakynlyga mahsus gatnaşyklar bilen baglanyşýan doganlyk türkmen we türk halklarynyň hoşmeýilli erkini öňe sürýändiklerini birnäçe gezek beýan etdiler. 

Türkmenistan we Türkiýe köp asyrlar bäri dowam edýän hoşniýetli goňşuçylygyň ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezip, däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň has belent derejj ýetirilmegi babatda özara gyzyklanma bildirilýändigini we muňa taýýardygyny äşgär edýärler. Şunda bilelikde işlemek arkaly toplanan oňyn tejribe, ykdysady we serişdeler babatdaky örän uly mümkinçilikler we biri-biriniň üstüni ýetirýän milli ykdysadyýetleriň gazananlaryny göz öňünde tutmak arkaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täzeden badalga berilýär. 

Döwletara, hökümetara we pudagara derejelerde gol çekilen resminamalardan ybarat bolan uly hukuk binýady täze taryhy eýýamda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmegiň berk binýady bolup hyzmat edýär. Şol binýada esaslanmak arkaly möhüm ähmiýetli bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar, Türkmenistanda bilelikdäki kärhanalar we türk kompaniýalarynyň bölümleri netijeli hereket edýärler, söwda-ykdysady gatnaşyklar pugtalandyrylýar, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Türkmenistanda işlän ýyllarynda türk kompaniýalary özlerini ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde görkezip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky uly möçberli maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna, möhüm ähmiýetli senagat we durmuş-medeni desgalaryň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeniýet merkezleriniň, batly depgin bilen ösdürilýän syýahatçylyk we dynç alyş pudagyna degişli desgalaryň gurulmagyna örän işjeň gatnaşýarlar. 

Aşgabatdaky nobatdaky duşuşygyň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara we sebitleýin edaralaryň we düzümleriň ugry boýunça üstünlikli guralýan döwletara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşmagy maksat edinýärler, munuň özi garyndaşlyk gatnaşyklary arkaly baglanyşýan doganlyk iki halkyň arasyndaky ynamyň pugtalandyrylmagyna we birek-birege düşünişilmegine degerli ýardam berer. 

Umumy taryhy we däp-dessurlary bolan iki ýurt gumanitar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Täze taryhy eýýamda medeniýet, bilim, ylym ýaly wajyp ähmiýetli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Iki ýurduň alymlary Türkmenistanda we Türkiýede geçirilýän ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar, iki halkyň Medeniýet günleri we amaly-haşam sungatyna degişli sergileri yzygiderli guralýar, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler geçirilýär. 

Häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýan gumanitar ugurdaky gatnaşyklary ösdürmek barada aýdylanda, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä ýetirilendigini bellemän geçmek bolmaz. Häzirki wagtda türkmen talyplarynyň ýüzlerçesi Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, Türkmenistanda bolsa umumybilim berýän türkmen-türk mekdepleri we “Başkent” bilim merkezi üstünlikli işleýär. 

Halkara türkmen-türk uniwersiteti ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri diýlip ykrar edildi. Bu uniwersitet döredilen pursadyndan bäri hünärine ökde we hemmetaraplaýyn ösen ýaş hünärmenleriň taýýarlanýan ýerine öwrüldi. Ýakyn ýyllarda ak mermerli Aşgabadyň ýene-de bir täsin galdyrýan binalarynyň birine öwrüljek uniwersitetiň täze binasynyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanyp geçiriljek dabara munuň subutnamasyna öwrüler. 

Ýeri gelende aýtsak, strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýoly bilen ynamly gadam urýan dostlukly iki ýurduň garaýyşlary geçiriljek gepleşikleriň üstünlikli boljakdygyny hem-de döwletara gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda hil taýdan täze tapgyryň başlanmagyna badalga berjekdigini aýtmaga mümkinçilik berýär. 

Taraplaryň köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, onuň gerimini giňeltmegi maksat edinmegi gol çekmek üçin taýýarlanýan resminamalaryň uly toplumynda öz beýanyny tapdy, şol resminamalar ikiktraplaýyn hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da giňeldip, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna, gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagy üçin oňaýly ýagdaýyň döredilmegine ýene-de güýçli itergi berer.

Degişli makalalar

Türkmenistan-Rowaçlygyň Watany

turkmenhabargullugy

Türkmen Paýtagtynyň Jemgyýetçilik Ulagynyň Binýady Täzelenýär

Türkmenistanda Polşayň Ilçisi Işe Başlady

syrach