01.12.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkiýe Russiýadan, Türkmenistandan, Ýakyn Gündogardan, Azerbaýjandan Gelýän Gaz Üçin Üstaşyr Geçiriji Bolmak Isleýär

Türkiýe Russiýadan, Türkmenistandan, Ýakyn Gündogardan, Azerbaýjandan gelýän gaz üçin üstaşyr geçiriji bolmak isleýär diýip türk hökümetiniň ýolbaşçylary beýan edýär, diýip Halkara energetika maslahatynyň geçirilen ýeri bolan Stambuldan INTERFAKS habar berýär.

Habarlar agentliginde bellenilişi ýaly, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Ärdogan Halkara energetika maslahatynyň barşynda häzirki wagtda Türkiýede Azerbaýjandan Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa gaz ugratmaga mümkinçilik berýän TANAP gaz geçirijisiniň gurulýandygyny ýatlatdy.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Russiýadan Türkiýä gaz Transbalkan geçelgesi (Ukrainanyň üsti bilen) boýunça iberilýär. «Türk akymy» gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlanandan soň bolsa gaz şonuň üsti bilen geçiriler.

INTERFAKS-yň bellemegine görä, R.Ärdogan şeýle hem Türkiýäniň üsti bilen türkmen gazyny Ýewropa çykarmak barada aýdyp geçdi.

Öňräk, Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym geljekde Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň hem Türkiýäniň üsti bilen gaz ugratmak mümkin bolar, diýip habarlar gullugy habar berýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Türkmenabat-Farap Awtomobil Köprüsi Boýunça Herekete Badalga Berdiler

DIM-de Katar Döwletiniň Daşary Işler Ministri Bilen Duşuşyk

syrach

“Türkmenkabel” Zawodynyň Işgärleri Şu Ýerde Tikilýän Iş Eşigi Bilen Üpjün Edildi

turkmenhabargullugy