22.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Astrahanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy Bellenildi

2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Astrahanyň Döwlet tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygyna hem-de 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýilip yglan edilmegine bagyşlanan Halkara talyplar maslahaty geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygy we Astrahanyň Döwlet tehniki uniwersiteti bilelikde gurnadylar.

Maslahatyň işine Astrahan oblastynyň hökümetiniň agzalary, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Astrahandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary, syýasy-jemgyýetçilik edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdy.

Forumda çykyp geplänler Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda her bir ugurda ýeten sepgitlerine ýokary baha berdiler we olaryň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda saýlanyp alynan ösüş ýolunyň dogrulygyny aýdyň görkezýändiklerini bellediler.

 

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň sergisi hem gurnaldy. Bu sergi maslahaty gatnaşyjylara we gelen myhmanlara Türkmenistanyň döwürleýin we ylmy neşirleri bilen, türkmen milli geýimleri we amaly-haşam sungatynyň önümleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berdi. Myhmanlary milli lybasdaky türkmen talyplary garşylap, türkmen milli şirin tagamlary hödür etdiler.

Degişli makalalar

Kakajan Aşyrow Sahnada Çehowyň Wodewilini Goýdy

turkmenhabargullugy

Owadandepedäki Zawodda Gazy Benzine Gaýtadan Işleýän Desgany Oturtmak Işleri Başlandy

turkmenhabargullugy

Türkmenistan we ÝeHHG Ekologiýa Syýasatyny Durmuşa Geçirmekde Bilelikde Hereket Edýärler