15.9 C
Aşkabat
19.05.2024
TEHNOLOGİÝA

Türkmen Älemi Orbite Iberildi

2015-nji ýylyň 28-nji Aprelinde Türkmen Alemi Türkmenistanyň Sagady bilen irden 4:00 da orbite iberildi.

 ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnunda Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52oE” ilkinji aragatnaşyk hemrasyny äleme çykarmak çäresi boldy. Biziň ýurdumyzyň buýrmasy esasynda Fransiýanyň “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasynyň taýýarlan kosmiki enjamy “Falсon 9” göteriji – raketa bilen älem giňişligine çykaryldy.

Şu waka mynasybetli Aşgabat bilen ABŞ-nyň "SpaсeX" kompaniýasynyň badalga meýdançasynyň arasynda teleköpri guraldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.    Ekranlarda Kanawerel burnundaky kosmodromyň badalga meýdançasyndan berilýän telegepleşiklerde "SpaсeX" we "Thales Alenia Spaсe" kompaniýalarynyň döredilişiniň taryhy we işi barada gürrüň berýän wideorolikleriň görkezilmegi teleköpri boýunça guralan dabaraly çäreleriň başlangyjyna öwrüldi. Soňra dabara gatnaşyjylar we göni ýaýlyma tomaşa edýänler häzirki döwürde kosmos ýurtlarynyň hataryna goşulýan Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri baradaky wideofilme seredýärler.    Aşgabat wagty bilen sagat 2.50-de mähriban Watanymyzyň ýüregi Aşgabady ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnunda ýerleşýän kosmodromyň dolandyryş merkezi bilen baglanyşdyrýan teleköpri başlanýar. Teleköprini Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligini başlygy A.Ataýew açýar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa  Türkmenistanyň ilkinji "TürkmenÄlem 52oE" emeli aragatnaşyk hemrasyny ABŞ-nyň badalga medýançasyndan älem giňişligine çykarmak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berýär.    Dabaraly pursat ýakynlaşýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowdan göteriji raketany goýbermäge rugsat bermegi haýyş edilýär.    Ygtyýar berildi. Badalganyň sanlary başlanýar. Kosmodromda guralan telekameralar dürli ugurlardan raketanyň asmana tarap uçup barýan görnüşlerini görkezýärler.    ... Göz gamaşdyryjy ýagtylyk lowurdaýar...    Badalga!  Bortunda türkmen hemrasy bolan "Falcon-9" kometa ýaly  bulutlardan geçip, asmana gönügýär. Teleköpriniň göni ýaýlymynda bolsa  göterii raketada oturdylan kameralaryň wideoşekilleri görkezilýär...    Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy A.Ataýew "TürkmenÄlem 52oE" emeli aragatnaşyk hemrasynyň üstünlik bilen uçurylandygy barada hasabat berýär.    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyny  ýurdumyzyň kosmos giňişligindäki täze üstünliklere atarýan şanly waka bilen gutlady.    Milli Liderimiz Türkmenistanyň "TürkmenÄlem 52oE" emeli hemra aragatnaşygynyň kosmos giňişligine çykarylmagy bilen watandaşlarymyzy gutlap, Bitarap döwlet bolan ýurdumyzyň halkara giňişligine parahatçylyk söýýüjilikli we ynsanperwer başlangyçlar hem-de hoşniýetli goňşuçylyk dost-doganlyk gatnaşyklaryna eýermek arkaly çykýandygyny belledi.    Biz hemra aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekde hem parahatçylygyň we ynsanperwerligiň asylly maksatlaryndan ugur alýarys. Şoňa görä-de, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam berjek hemra ulgamy boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.    Bu aragatnaşyk hemrasy milli tele- we radioýaýlymlarymyzyň alnyp görkezilişiniň hem-de eşitdirilişiniň hilini ýokarlandyrmaga uly itergi berer. Göni ýaýlymda wideogepleşikleri alyp barmaga, ýokary hilli Internet ulgamyny, göni ýaýlymda teleokuwlary we telelukmançylyk aragatnaşygyny ýola goýmaga şert döreder diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.    Milli Liderimiz bu aragatnaşyk ulgamynyň uzakda  ýerleşýän ilatly ýerlerde öýjükli aragatnaşyk ulgamyny gurnamaga hem-de nebit we gaz geçiriji desgalara tehniki gözegçiligi amala aşyrmaga ýardam berjekdigini, şeýle hem onuň  maglumatlar ulgamyny täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň esasynda ösdürmäge giň mümkinçilik döretjekdigini belledi    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  çykyşynyň ahyrynda halkymyzy Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.    Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň "TürkmenÄlem 52oE" ilkinji emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine üstünlikli çykarlymagy bilen tüýs ýürekden gatladylar.    Şeýlelikde, ýurdumyzyň buýurmasy esasynda Fransiýanyň "Thales Alenia Spaсe" kompaniýasynyň taýýarlan enjamy "Falсon 9" göteriji –raketa bilen älem giňişligine çykaryldy.    27-nji aprelde bütindünýä wagty boýunça 23 sagat 03 minutda (Aşgabatda 28-nji aprel 4 sagat 03 minutda) bortunda türkmen aragatnaşyk hemrasy bolan iki basgançakly raketa SLС-40 goýberiş toplumyndan badalga bellenilen kada laýyklykda amala aşyryldy. Uçuşyň üçünji minutynda raketanyň birinji basgançagy aýrylyp, ikniji basgançagyň hereketlendirijisi işe girizildi. Älem giňişligine çykyp we uçuş ugrunda zerur orny eýelän "TürkmenÄlem 52oE" aragatnaşyk hemrasy göteriji raketadan şowly aýryldy. Uçuşy amala aşyrýan "SpaсeХ" amerikan kompaniýasy  kosmos enjamynyň aralyk geogeçiriş orbitasyna üstünlikli çykarylandygy we bu uly ähmiýeli taslamanyň bir tapgyrynyň şowly tamamlanandygy barada hasabat berdi.    Biraz wagtdan soň hemradan ýere signal gelip ýetendigi we onuň bellenilen tertipde hereketini üstünlikli dowam etdirýändigi barada habar gelip gowuşdy. Hemrany älem giňişligine çykarmagyň bellenilen tertibine laýyklykda, şu pursatdan başlap "Thales Alenia Spaсe" kompaniýasy hemrany dolandyrmagy öz üstüne alýar. Şundan soňky birnäçe günüň dowamynda hemra geostasionar orbitanyň belentligine çykar we gündogar uzaklygynyň 52 gradusda öz orbital ornuny eýelär. Bu hereketi ýerine ýetirmek üçin raketa göteriji kosmos enjamy tarapyndan berlen başky itergi we hemranyň özüniň apogeý hereketlendirijisi peýdalanylar. Şol günleriň dowamynda Koreýa Respublikasynyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň we Italiýanyň çäklerinde ýerleşdirilen ýerüsti dolandyryş stansiýalarynyň birnäçesi arkaly aragatnaşyk hemrasynyň hereketine hemişelik gije-gündizleýin gözegçilik amala aşyrylar. Ugurdaşlykda türkmen hünärmenleri Ahal welaýatyndaky hemrany Dolandyryş merkezinde hemranyň telemetriýasyny alarlar.    "TürkmenÄlem 52oE"  orbitada öz ornuna ýeteninden soň Ahal welaýatynda ýerleşýän hemrany dolandyryş merkezi bilen aragatnaşygy ýola goýar. Şondan soňra hünärmenler hemra ulgamynyň işleýşini doly synagdan geçirerler. Tehniki synaglar üstünlikli geçirilenden soňra hemra äleme uçuryldy diýlip hasap ediler, şondan soňra kosmos enjamyny dolandyrmagy türkmen hünärmenleri öz üstüne alarlar.    Hemranyň tutuş enjamyndan alynýan maglumat we barlag ölçegleri hemranyň dolandyryş merkezinde hasaba alnar. Merkeziň hünärmenleri daşary ýurtlaryň degişli merkezlerinde, edaralarynda okuw we tejribe geçdiler. Şeýlelikde, taýýarlyk derejesi bolan işgärler hem-de operatorlar hemranyň hereketine we onuň ulgamynyň ýagdaýyna gije-gündizleýin gözegçiligi amala aşyrarlar hem-de ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ýerüsti beketlerden kosmos orbital enjamlarynyň dolandyrylyşyny üpjün ederler we onuň işleýiş derejelerine doly gözegçilik ederler.    Şertrnama laýyklykda hemranyň kepillendirilen gulluk möhleti 15 ýyla barabardyr. Şu döwrüň içinde "Thales Alenia Space" kompaniýasy degişli hyzmaty amala aşyrar. Ýöne kosmiki enjamyň tehniki häsiýetnamasyna laýyklykda, ýangyjyň netijeli peýdalanylmagynda onuň ulanyş möhletini has-da uzaltmaga mümkinçilik dörär.    Milli hemra tele we radio gepleşikleri alyp görkezmek hem-de eşitdirmek üçin peýdalanylar. Aragatnaşygyň hemra kanallarynyň ýokary geçirijilik ukyby adaty we ýokary derejesi bolan onlarça telewizion ýaýlymlary alyp görkezmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem hemranyň mümkinçilikleri ony VSAT ulgamyny döretmäge, şol sanda biri-birinden birnäçe müň kilometrlik uzakda ýerleşen ýerüsti beketleriň arasynda maglumatlary almak üçin ulanmaga, giň ulgamly hemra internetiniň hyzmatlaryny ýola goýmaga, uzak aralykdan okuwlary, lukmançylyk hyzmatlaryny, dürli wideomaslahatlary geirmäge, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini hödürlemäge ýardam eder.    Hemranyň antennasynyň täsir ediş zolagy Ýewropanyň, Aziýanyň onlarça döwletlerini, şeýle hem Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrikanyň ýurtlaryny öz içine alýar. Hemranyň düzgünnamasy Türkmenistana Ýewropanyň we Aziýanyň kanallaryny alyp görkezmekde üstaşyr ýurt hökmünde hereket etmäge mümkinçilik berer.    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli belleýşi ýaly, işeň maglumatlaşdyryş eýýamyna gadam goýan dünýä bileleşiginiň ösüşi bilen aýakdaş gitmek üçin ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň düýpli kämilleşdirilmegi, şol sanda maglumat tehnologiýalarynyň ýokary derejesiniň, telearagatnaşygyň ösen ulgamynyň üpjün edilmegi döwrüň möhüm talaby bolup durýar.    Şu günki taryhy waka ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň taryhynda täze eýýamy açýar. Ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap hemra aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki abraýynyň ýokary galmagyny üpjün eder hem-de türkmen döwletiniň diňe bir Merkezi Aziýa sebitindäki wajyp baglanyşdyryjy ähmiýetini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem. Gündogar bilen Günbataryň arasynda wajyp maglumat-aragatnaşyk köprüsini gurmak üçin möhüm şert  döreder.    Ilkinji türkmen emeli aragatnaşyk hemrasynyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda älem giňişligine çykarylmagyny döwletimiziň tutuş Ýer ýüzüniň halklaryna ibieren dostluk salamy diýip atlandyrmak bolar. Munuň özi Türkmenistanyň tutuş adamzat üçin bagtly geljegiň bähbidine döredijilikli  

hyzmatdaşylgy giňeltmäge taýýardygynyň aýdyň subutnamasydyr.  

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Inžener-Tehnologiýalar Uniwersitetiniň Açylyşyna Gatnaşdy

syrach

Täze Galkynyş sergisi öz işini tamamlady

syrach

TOPH Taslamasyny Durmuşa Geçirmegiň Meseleleri Maslahatlaşyldy