21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmen atçylyk sporty dünýä derejesine çykýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylyň awgustynda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän ahalteke atçylygynyň Halkara assosiasiýasy döredildi. Esasy wezipeleriniň biri wagyz etmek işi bolan bu guramanyň köp sanly agzalarynyň arasynda Fransiýa hem bar. Bu ýurduň alymlarynyň we ussat çapyksuwarlarynyň, atşynaslarynyň şöhrat gazanan ahalteke bedewlerine we onuň taryhy Watany bolan Türkmenistana gyzyklanmalary barha artýar. 

Mysal üçin, atçylyk boýunça Ýewropada we dünýäde iň abraýly kompaniýalaryň biri bolan, çapuw atlaryny köpeltmek boýunça ýöriteleşen “Pegasus Farms Ltd” belli fransuz kompaniýasynyň internet sahypasynda bu kompaniýanyň prezidenti Erwe Baržonyň okaýjylara ýüzlenmesi çap edildi. 

“Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 7-nji oktýabrda Lonşan aýlawyna sapary şu güýz paslynyň esasy wakasy boldy” diýip “Pegasus Farms Ltd” kompaniýanyň ýolbaşçysy Parižde geçirilen nobatdaky at çapyşyklarynyň jemini jemlemek bilen nygtaýar. “Jenap Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy dünýäde iň meşhur atçapyşyklarynyň biri bolan, her ýylda öz münberlerine tomaşaçylaryň 50 müňden gowragyny, telewizorlaryň ýanynda bolsa milliarddan gowrak tomaşaçyny ýygnaýan Triumfal Arka Gran-Pri baýragy ugrundaky ýaryşlara gatnaşmaga çagyrmak meniň üçin uly hormat boldy we mende ägirt uly kanagatlanma döretdi” diýip, Erwo Baržo belleýär. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň bu çärä gatnaşmagynyň Fransiýa bilen atçylyk pudagy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzda tohum atlarynyň baş sanyny artdyrmak, şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, ähli welaýatlarda häzirki zaman atçylyk sport toplumlaryny açmak, şeýle hem ganatly bedewleriň gözellik bäsleşiklerini geçirmek boýunça alnyp barylýan iri möçberli toplumlaýyn işler bilen bir hatarda türkmen seýisleriniň tejribelerine daşary ýurtlarda gyzyklanmalar hem artýar. Olaryň iş tejribesine daşary ýurt hünärmenleri häli-şindi ýüzlenýärler. 

Şu ýylyň ýazynda “Pegasus Farms Ltd” kompaniýasynyň prezidenti Erwe Baržonyň Türkmenistana gelip, Ahalteke atçylyk toplumynda döwlet Baştutany bilen duşuşmagy hem muňa mysal bolup biler. Fransuz myhmany ol ýerde ahalteke atlarynyň naýbaşy tohumynyň wekilleri, olara ideg etmegiň şertleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldy. Bu duşuşyk daşary ýurtly atşynaslaryň öz türkmen kärdeşleri bilen ýakyn işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen atşynaslarynyň, çapyksuwarlarynyň, seýisleriniň we bu pudagyň beýleki hünärmenleriniň Fransiýa bolan iş sapary şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmegine hyzmat edýär. Olar hem Parižde geçirilen “Ark de Triumf – 2012” Gran Pri baýragy ugrundaky çapyşyklaryň myhmanlary boldular. 

Erwe Baržonyň pikiri boýunça biziň ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Pariždäki aýlawa baryp görmeri Ýewropada geçirilýän at çapyşyklaryna Türkmenistanyň uly gyzyklanmasyny we ýurdumyzda we pudaga uly üns berilýändigini görkezýär. 

Öz kompaniýasynyň adyndan ol “Metbugatda giň seslenme döreden bu sapara” özüniň buýsanýandygyny beýan etdi. Türkmenistanyň Baştutany Lonşan aýlawyna baryp görmeginiň barşynda “Frans Galop” çapyşyklary geçirmek bilen meşgullanýan guramanyň prezidenti Bertran Belingýo bilen gysgaça duşuşyk geçirendigini ýatladýarys. 

Mundan başga-da, “Pegasus Farms Ltd” kompaniýasynyň Internet sahypasynda ýerleşdirilen “Triumfal Arka-2012 çapyşyklarynda Onuň Alyhezreti 

Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly myhmanlar üçin Resmi münberden bäsleşiklere tomaşa etmegi bu çapyşyklaryň täsirliligini has-da artdyrdy. Şeýle hem 1920-nji ýylda geçirilip başlanylan bu halkara ýaryşlaryna ilkinji gezek türkmen çapyksuwary gatnaşdy. Biziň bilşimiz ýaly ol 25 ýaşly Begençmyrat Agamyradowdyr. Indi onuň ady Ýewropada hem tanalýar. 

Çapyşyklaryň eminleriniň we bilermenleriniň biragyzdan belleýişleri ýaly, Begençmyrat örän oňat çykyş etdi. Ýewropanyň aýlawlarynyň, şol sanda Lonşanyň aýlawynyň hem toprak düzüminiň we çapuw ýodajyklarynyň türkmen çapyksuwarlary üçin tanyş däldigi sebäpli Begençmyradyň çykyşy aýratyn sarpa goýulmagyna mynasypdyr diýlip, makalada bellenilýär. 

Parižde geçirilen “Ark de Triumf-2012” Gran-pri baýragyny almak ugrundaky çapyşyklarda biziň çapyksuwarymyz Gülsary diýlip türkmen ady bilen atlandyrylan iňlis çapuw atynda çykyş etmegi, türkmen atçylyk sportunyň uly üstünligi bolup, geljekde gazanyljak ýeňişlere ýol açdy. 

Ýewropanyň bu iri bäsleşiklerinde çykyş etmek bagty miýesser eden ýaş ussat çapyksuwar aňyrdan gelýän atşynaslaryň neberesindendir. Onuň kakasy belli tälimçi-seýis Kakamyrat Agamyradow öz oglunyň ýaňybir aýak biteninden diýen ýaly bedewe erk etmäge öwrenip başlandygyny aýdýar. Begençmyrat ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynda yzygiderli geçirilýän çapyşyklara hemişe gatnaşýar. 2010-njy ýylda Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşynda bolsa, ol 60 kilometr aralyga geçirilen marafon bäsleşiginde birinji orna mynasyp boldy. 

Dünýäniň iň at-abraýly çapyksuwarlarynyň gatnaşýan Ýewropanyň meşhur at çapyşyklarynda türkmen çapyksuwarynyň ýakynda gazanan üstünligi biziň milli atçylyk sporty mekdebimiziň uly mümkinçilikleriniň, geljeginiň we halkara derejesinde bäsdeşlige ukyplydygynyň mysalydyr. Häzirki wagtda türkmen çapyksuwarlary özleriniň ata-babalarynyň şöhratly ýollaryny mynasyp dowam etdirip, türkmen halkynyň at-abraýyny we busanjyny belende göterýärler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

“Akorda” Köşgünde Ýokary Derejedäki Türkmen-Gazak Gepleşikleri Başlandy

Gazagystanyň Milli muzeýinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazak Dilindäki Neşirleriniň Tanyşdyryş Dabarasy Boldy

Täze Elektrik Beketleri Ýurdumyzyň Kuwwatyny Artdyrýar