29.9 C
Aşkabat
03.08.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan täze web-saýt açyldy.

TDH-niň täze internet – taslamasynda alahteke bedewleri barada
Internet ulgamynda ýetip gelýän Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan täze web-saýt açyldy. “Ganatly ahalteke bedewleri” atly web-saýt Türkmen döwlet habarlar gullugy tarapyndan “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahat beriş goldawynda taýýarlanyldy. 

TDH-niň bu nobatdaky saýty ( ahalteke.gov.tm salgysy boýunça ýerleşdirildi) ählumumy ulgamda ýurduň häzirki zaman atçylyk we atçylyk sporty ulgamlary, şol sanda bu babatda halkara hyzmatdaşlygy, şeýle hem türkmen halkynyň ganatly bedewler bilen baglynyşykly baý däp-dessurlary bilen tanyşdyrýar. 

Saýtyň esasy maksady umumadamzat gymmatlygy hökmünde gadymy döwürlerde türkmen topragynda dörän ahalteke bedewleriniň täsinligini, milli atçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini açyp görkezmekden, halkymyzyň bedewlere goýýan uly sarpasy barada gürrüň bermekden ybaratdyr. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rumyniýa resmi sapary tamamlandy

syrach

Türkmenistanda Ýerli Çig Mallardan Ýylylyk Geçirmeýän Materiallaryň Önümçiligi Ýola Goýulýar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

syrach