18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Karara gol çekdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Ahal welaýatynyň häkimligine: 

Ak bugdaý etrabynyň Gäwers geňeşliginiň çäginde guruljak täze, döwrebap şäherçede binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak we bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek; 

guruljak täze, döwrebap şäherçäniň Baş meýilnamasyny işläp düzmek we bu işi Ahal welaýaty boýunça ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak üçin alynýan ýörite ýygymlardan gelip gowuşýan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmek tabşyryldy. 

Gurluşyk işlerine 2013-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we bu işleri 2016-njy ýylyň iýun aýynda doly tamamlamak bellenildi. 

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, şeýle hem Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Balkan welaýatynyň häkimligine: 

Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşliginiň çäginde guruljak täze, döwrebap şäherçede binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak we bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek; 

guruljak täze, döwrebap şäherçäniň Baş meýilnamasyny işläp düzmek we bu işi Balkan welaýaty boýunça ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak üçin alynýan ýörite ýygymlardan gelip gowuşýan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmek tabşyryldy. 

Gurluşyk işlerine 2013-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we bu işleri 2016-njy ýylyň iýun aýynda doly tamamlamak bellenildi. 

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Daşoguz welaýatynyň häkimligine: 

Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginiň çäginde guruljak täze, döwrebap şäherçede binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak we bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek; 

guruljak täze, döwrebap şäherçäniň Baş meýilnamasyny işläp düzmek we bu işi Daşoguz welaýaty boýunça ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak üçin alynýan ýörite ýygymlardan gelip gowuşýan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmek tabşyryldy. 

Gurluşyk işlerine 2013-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we bu işleri 2016-njy ýylyň iýun aýynda doly tamamlamak bellenildi. 

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, şeýle hem Lebap welaýatynyň Birata etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Lebap welaýatynyň häkimligine: 

etrabynyň çäginde guruljak täze, döwrebap şäherçede binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak we bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek; 

guruljak täze, döwrebap şäherçäniň Baş meýilnamasyny işläp düzmek we bu işi Lebap welaýaty boýunça ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak üçin alynýan ýörite ýygymlardan gelip gowuşýan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmek tabşyryldy. 

Gurluşyk işlerine 2013-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we bu işleri 2016-njy ýylyň iýun aýynda doly tamamlamak bellenildi. 

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, şeýle hem Mary welaýatynyň Mary etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Mary welaýatynyň häkimligine: 

Mary etrabynyň Jemgyýet geňeşliginiň çäginde guruljak täze, döwrebap şäherçede binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak we bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek; 

guruljak täze, döwrebap şäherçäniň Baş meýilnamasyny işläp düzmek we bu işi Mary welaýaty boýunça ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak üçin alynýan ýörite ýygymlardan gelip gowuşýan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmek tabşyryldy. 

Gurluşyk işlerine 2013-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we bu işleri 2016-njy ýylyň iýun aýynda doly tamamlamak bellenildi. 

***

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, çaphana senagatyny ösdürmek, neşir edilýän gazet-žurnallaryň, kitaplaryň sanyny köpeltmek we neşirleriň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem neşirýat hyzmatlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesi bilen Halturin köçesiniň kesişýän ýerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, döwrebap Metbugat öýi toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony häzirki zaman çaphana enjamlary bilen enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada Konsorsiumyň düzümine girýän Türkiýe Respublikasynyň “ERG Inşaat Taahhüt Sanaýi ve Ticaret Ltd. Şti.” we Awstriýa Respublikasynyň “Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH” kompaniýalary bilen gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek, täze çaphana enjamlaryny, olar üçin sarp ediş serişdelerini, ätiýaçlyk şaýlary getirmek we ornaşdyrmak, bar bolan çaphana enjamlaryny abatlamak hem-de hünärmenleri okatmak boýunça şertnamany Metbugat öýi toplumynyň bir ýylyň dowamynda bökdençsiz işlemegini üpjün etmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2013-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we Metbugat öýi toplumyny 2015-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 

nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny” hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli ýerine ýetirmek, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilen polimerlerini çig mal hökmünde peýdalanmak esasynda ýurdumyzda täze önümler öndürilýän tilsimat kuwwatlyklaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna: 

Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 28-nji iýunynda çykaran 8772-nji kararyna laýyklykda, polipropilen örtügi öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak barada Fransiýa Respublikasynyň “DMT S.A.” kompaniýasy bilen 2007-nji ýylyň 26-njy sentýarynda baglaşylan şertnamanyň şertleriniň potratçy tarapyndan doly ýerine ýetirilmändigi we edilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilendigi sebäpli, şertnamany bellenen tertipde ýatyrmaga; 

polipropilen örtügi öndürýän zawodyň gurluşygyny doly tamamlamak barada Indoneziýa Respublikasynyň “P.T. ISTANA KARANG LAUT” kompaniýasy bilen özleşdirilmän galan serişdeleriň hasabyna şertnamany, işleri 2015-nji ýylyň iýul aýynda doly taýýar edip ulanmaga tabşyrmak şertinde öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. 

***

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” we ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamalarynda elektrik üpjünçiligi boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy. 

Türkmenistanyň Energetika ministrligine, degişli ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Konsepsiýada göz öňünde tutulan işleriň bellenen möhletlerde talaba laýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek hem-de milli el halyçylyk işini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Birleşik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny hem-de karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. 

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we tehnologiýaryny giňden ornaşdyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijilere edilýän tehniki hyzmatlaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy. 

“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Birleşik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny hem-de karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. 

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny has-da ösdürmek, Watanymyzyň geljegi üçin maliýe-ykdysady ugurdan bilimli, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek, ýurdumyzyň welýatlarynda edaralaryň orta hünärli işgärlere bolan talaplaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrligine Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdeplerini bellenen tertipde döretmek hem-de olary 2013-nji ýylyň birinji iýulyndan işe girizmek tabşyryldy. 

Şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 

maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň Tertipnamalaryny bir aý möhletle işläp taýýarlamaga we tassyklamaga; 

maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň hünärler boýunça okuw meýilnamalaryny bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamak üçin bermäge; 

maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdeplerine okuwa 2013-2014-nji okuw ýylyndan kabul edip başlamaga borçly edildi. 

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlarynyň tehniki ulgamlaryny we maddy üpjünçiligini berkitmek, paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň Merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna maliýeleşdirilýän, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygy üçin daşary ýurtlardan getirilýän enjamlary we beýleki zerur bolan maddy serişdeleri satyn almak üçin, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýüztutmasy boýunça 100 million amerikan dollary möçberdäki manat serişdelerini Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasynda erkin ýörgünli daşary ýurt puluna öwürmäge borçly edildi. 

Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzda berk bedenli, sagdyn, bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle hem çagalaryň dynç alyş we saglyklaryny berkitmek şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda welaýatlaryň häkimlikleriniň her birine welaýatlaryň çäklerinde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurluşygy üçin daşary ýurtlardan getirilýän enjamlary, gurluşyk materiallaryny we beýleki zerur bolan maddy serişdeleri satyn almak üçin 2 million amerikan dollary möçberde, jemi 10 million amerikan dollary möçberde pul serişdelerini bölüp bermek bellenildi. 

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ýokary görkezijileri gazanmakda ýeňiji bolan etraplary we etrap hukukly şäherleri sylaglamak maksady bilen ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň häkimliklerine 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragyny bermek bellenildi. 

Ykdysadyýet we ösüş ministrligine degişli ministrlikler we pudak edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemegiň Tertibini iki aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp tassyklamak tabşyryldy. 

Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji kararyna laýyklykda Aşgabat şäherinde 2013-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi. Resminama bilen şu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Degişli makalalar

Gutlag

turkmenhabargullugy

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy-2018-nji Ýyl: Söwda Toplumy we Telekeçilik

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Premýer Ministrine Gynanç Bildirdi

syrach