19.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DURMUŞ

Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynda Döredijilik Sergi-Bäsleşigi

Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyplaryň düşüren fotosuratlarynyň Halkara Nowruz günine hem-de Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna bagyşlanan sergi bäsleşigi geçirildi.

Munuň özi ýokary okuw mekdebiň derejesinden çykyp  häzirki zaman sungatynda we jemgyýetinde halkymyzyň medeni mirasynyň ägirt uly orun eýeleýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Her bir nesil türkmen halkyna mahsus bolan milli däplere hormat goýmak, olary döredijilikli zehini, hemişelik gymmatlyklara bolan täzeçil garaýyşlary bilen baýlaşdyrmak ýörelgelerine eýerýär.

Bäsleşik tele-kinooperator hünäri boýunça bilim alýan birinji ýyl talyplarynyň arasynda geçirildi. Ol talyplaryň döredijilik ukybynyň ösdürilmegine, okuw pursatlarynda alnan bilimleriň, başarnyklaryň berkidilmegine, saýlap alan hünäriňe bolan gyzyklanmalaryň artdyrylmagyna, ähli başlangyçlaryň höweslendirilmegine we ony özleşdirmegiň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.

“Döredijilikde Watanymyzy wasp edýäris” şygary astynda geçirilen bäsleşige gatnaşyjylar birnäçe ugur boýunça öz zehinlerini açyp görkezdiler. Olar özleriniň surat eserleriniň üsti bilen bu ugry wasp etdiler. Bu işleriň netijeleri institutyň kaşaň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide görkezildi. Şeýle hem bu ýerde bäsleşikli gözden geçirilişiň jemlerini jemlemek dabarasy boldy. 

Bu ýere ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň medeniýet işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzdaky beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary çagyryldy. Sergä gatnaşyjylara we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň tejribeli mugallymlaryndan ybarat bolan emin agzalaryna iri bölümleriň 11-si görkezildi. Olaryň her birinde ýaşlaryň watansöýüjiligini,  ýurduna bolan buýsanç duýgusyny wasp edýän çeper-publisistik surat işleri  beýanyny tapdy. 

Sergä gatnaşyjylar diňe bir düşüren suratlaryndan seçilip alnan işleri  ýerli-ýerinde goýmak bilen çäklenmän, eýsem, saýlap alan mowzugyna  raýatlyk we döredijilik garaýşyny siňdirmäge çalşypdyr.

Portret suraty, tebigat, reportaž görnüşindäki surata düşürilen, özboluşly ýerleşdirilen surat eserleri ýaly ugurlar boýunça özboluşly sungat eserleri döredilipdir. Umuman, bu ýerde dürli ugurlary özünde jemleýän fotosuratlaryň 500-e golaýy görkezildi. Olarda Türkmenistanyň tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi, giň möçberli gurluşyk işleri, ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligi, ýurdumyzyň barha artýan senagat kuwwaty, arzuwlaryň  amala aşýan ýurdundaky bagtyýar çagalyk  beýanyny tapypdyr.

Sport ulgamyna degişli işler Aziada-2017-ä taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilipdir. Medeni miras, milli baýramçylyklaryň asylly dessurlary, halk senetkärçiliginiň däpleri surat eserleriniň özenini düzýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň ösüşi hem ýurdumyzyň medeni durmuşynyň möhüm wakalary hakynda gürrüň berýän bölümleriň birinde aýdyň beýan edilýär.

Şeýle hem kinematografiýa we surat sungaty dünýäsinde bolup geçýän surata düşüriliş pursatlary has-da täsirli görkezilipdir. Bu işleri ýaş awtorlar özleriniň geljekki hünärlerine bagyşlapdyr. Olar saýlap alan ugurlary boýunça döwrebap enjamlary ussatlyk bilen özleşdirýärler, öňdebaryjy enjamlaryň mümkinçiliklerini peýdalanmak ukyplaryny artdyrýarlar.

Aýratyn-da birnäçe surat eserleri bu ulgamda tehnologiýalaryň sazlaşykly ösüşi hakynda gürrüň    berýär. Bölümde birnäçe onýyllyklar mundan ozal operatorlaryň häzirki halypalarynyň ulanan foto we kinokameralarynyň görnüşleri hem-de olaryň häzirki zaman kysymlary görenleriň ünsüni özüne çekýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň okuw studiýalary enjamlaryň iň häzirki zaman görnüşleri bilen üpjün edildi. 

— Ugur boýunça ýöriteleşmekde täze enjamlara erk etmek önümçilik tejribesiniň we hünäre ussat bolmagyň möhüm şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns-aladasy netijesinde  türkmen talyplary saýlap alan hünäriniň inçe syrlaryna  düýpli  aralaşmak üçin döwrebap maddy-tehniki serişdeler bilen doly üpjün edildi –diýip, institutyň mugallymy hem-de bu bäsleşige gatnaşyjylar toparynyň ýolbaşçysy Nurýagdy Şamuhammedow gürrüň berdi. 

Şeýle hem ol institutda şunuň ýaly bäsleşikleriň ozal diňe ýokary ýyl talyplarynyň arasynda geçirilýändigini belledi. Ýöne döredijilik ukybyňy açyp görkezmäge bolan mümkinçiligi okatmagyň birinji ýylyndan başlap döretmeli. Bu başlangyç oňyn netijesini berdi. Talyplar suratlary aýratynlyklary esasynda ýerli-ýerinde goýmaga, yşyklandyryş gurallaryny netijeli ulanmak ýa-da tebigy ýagtylygy peýdalanmak işlerine girişdiler. Olar islendik pursadyň gahrymanynyň ýagdaýyny, duýgusyny, wakalaryň geçişini özboluşly beýan etmäge çalyşdylar. Şunda olar surata düşürilýän ýeri saýlap almak, pursatlary, kompozision çözgütleri rejelemek arkaly  dünýägaraýyşlaryny beýan etdiler.

Bir söz bilen aýdylanda, ilkinji ýarym ýylda toplanan tejribäniň özboluşly döredijilik hasabatyna öwrülen bu bäsleşik talyplaryň operatorçylyk sungatynyň usullaryny, olary ulanmagyň aýratynlyklaryny has-da doly ele almaga mümkinçilik berdi diýip, Nurýagdy Şamuhammedow sözüni dowam etdi. 

Režissýor Ýagmyr Türşekow hem bäsleşige gatnaşyjylaryň mümkinçilikleri barada öz pikirini şeýle beýan etdi:     

— Bu gözden geçirilişi guramak arkaly biz onuň bäsdeşlik ugruna aýratyn ähmiýet berdik. Şunda okuw tejribelerine, özbaşdak döredijilik gözleglerine bolan gyzyklanmalary höweslendirmegi niýet edindik. Birinji ýyl talyplary öz hünärlerine bolan söýgilerini, amaly bilimlerini tejribede doly açyp görkezmäge bolan gyzyklanmalaryny, iň esasysy bolsa ösüşe bolan höwesini äşgär etdiler. 

Bu hünär çeperçilik we häzirki zaman garaýyşlarynyň utgaşdyrylmagyny talap edýär. Çünki operator filmiň ýa-da wideosýužetiň şekillendiriş çözgüdine jogapkär bolup durýar. Ol munuň üçin öz ygtyýarynda bolan döwrebap enjama ussatlyk bilen erk etmegi başarmaly. Şunda, bu ugurda, bir tarapdan, zehin we suratkeşiň äheňi, beýleki tarapdan bolsa, tehniki bilim hem-de häzirki zaman enjamlary bilen işlemek ukyby zerurdyr. Hut şonuň üçin hem biz okuwyň ikinji ýarymynda kurs işi hökmünde iň gowy wideofilm diýen bäsleşigi geçirmegi meýilleşdirýäris. Onda talyplara  ukyplaryny açyp görkezmek üçin has uly mümkinçilikler berler.

Bu ýerde görkezilýän hem-de sahypalarynda sergä gatnaşyjylaryň suratlary ýerleşdirilen dürli žurnallar we gazetler serginiň üstüni ýetirdi. Bäsleşigi guraýjylaryň döredijilik başlangyçlaryny ýokary okuw mekdebiniň beýleki bölümleri hem goldadylar. Institutyň “Medeni miras” bölüminiň talyplarynyň taýýarlan ajaýyp halylary we keramiki önümleri serginiň özboluşly bezegine öwrüldi. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Mekan Nuryýew bu günki çäräniň saz bezegini ýerine ýetirdi. Ol bu ýerde  döreden sazly kompozisiýasy bilen çykyş etdi. Bu saz ýurdumyzyň teletomaşaçylaryna tanyşdyr. Ol teleradioýaýlymlaryň filmlerinde we köp bölümli gepleşiklerinde birnäçe gezek ýaňlandy. 

Fotosuratlar baradaky pikir alyşmalar tamamlanandan soň, dabaraly ýagdaýda eminleriň çykaran netijeleri esasynda bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. 

Bäsleşikde birinji ýere Süleýman Çaryýew mynasyp boldy. Ol birbada iki ugur, ýagny şekilleriň wideogörnüşi we bölümleriň kompozision bezegi boýunça netijeli işlän talyp boldy. Bäsleşikde ikinji orny Annageldi Jumageldiýew, üçünji orny bolsa Pirmuhammet Aşyrmämmedow eýeledi. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijilere Hormat hatlary gowşuryldy. Ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary we mugallymlary ýeňijileri gutlap, bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar. 

… Bäsleşigiň ýeňijileri şu pursatlarda foto we wideokameralaryny ellerinden düşürmän, täze şekilleriň gözleginde boldular. Kino-teleoperator hünäriniň aýratynlygy dünýäni şu enjamlaryň üsti bilen görmekdedir.

Sergi öz işini hepdäniň ahyryna çenli dowam eder.

Degişli makalalar

Türkmen Ertekiler Dünýäsi

syrach

Türkmenistanyň Mejlisi Täze Kanunlaryň we Kadalaşdyryjy – Hukuk Namalarynyň Birnäçesini Kabul Etdi

Talyp gözeli.

syrach