14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
YKDYSADYÝET

Türkmen-eýran işewürler maslahaty.

Paýtagtymyzdaky “Mizan” täjirçilik merkezinde türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň meseleleri girizildi. Maslahaty Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilelikde guradylar. 

Eýran tarapyndan gelen wekiliýetiň düzüminde Tilsimatlar we ylmy-barlag ministrliginiň, Tähranyň senagat, magdanlar we söwda guramasynyň, Demirgazyk Horasanyň söwda edarasynyň we beýleki düzümleriň wekilleri gatnaşýar. Mundan başga-da, maslahata gatnaşýan myhmanlaryň hatarynda gurluşyk serişdeleri, durmuş himiýasy we azyk önümleriniň önümçiligi boýunça ýöriteleşdirilen eýran kompaniýalarynyň we şereketleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar. “Pars Pegah Tejarat”, “Omrab”, “Tanootas tabah”, “Towzingar”, “JPMS Consortium”, “Mehran egineering well servses”, “Sadri trading”, “Vala polymer”, “Nardns”, “Godakhtar”, “Mirbodan management” ýaly belli kompaniýalar hem şu günki duşuşyga gatnaşýarlar. 

Maslahatyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň arasynda ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bar. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa durmuşa geçirýän “açyk gapylar” we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, bu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagyna we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlarynyň ösdürilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Hususan-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Ýewropa, Amerika we GDA ýurtlary bilen söwda ýardam bermek guramasynyň prezidenti Abdulhamid Asadian çykyşynda öz ýurdunyň işewür toparlarynyň tutuş dünýäde ygtybarly we ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge ýokary gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. 

Söwda-ykdysady toplum, gurluşyk we dokma pudagy, himiýa senagaty, oba hojalygy hem-de azyk önümçiligi ýaly ugurlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. 

Maslahata gatnaşýan myhmanlara häzirki döwürde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan milli maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň ýerine ýetirilişi barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Dostlukly döwletiň ykdysady ösüşine bagyşlanan giňişleýin tanyşdyryş çäresi guraldy. 

Maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň hatarynda kiçi we orta telekeçilik boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň ösüş depginlerini nazara almak bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň uly geljegi bardyr. 

Şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň we dürli pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirýän bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň mümkinçilikleri hakynda gürrüň edildi. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bar bolan ykdysady mümkinçilikler we iki ýurduň özara peýdaly gatnaşyklarynyň geljegi hakynda netijeli pikir alyşmalar geçirilen duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Degişli makalalar

Türkmen-Eýran Söwda-Ykdysady Hyzmatdaşlyk

syrach

Türkmenistanda Galla Oragyna Badalga Berildi

Foruma Gatnaşyjylara Söz Berýäris

turkmenhabargullugy