11.2 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmen Futzalçylary Kümüş Medallara Mynasyp Boldular

Türkmen Futzalçylary Kümüş Medallara Mynasyp Boldular

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde 1-4-nji iýun aralygynda Ýaponiýanyň Kobe şäherinde “Futzal Kobe festa 2017” atly halkara ýaryşynyň “A” toparynda geçirilen bäsleşiklerde Türkmenistanyň ýygyndy topary ikinji orny eýeledi.

Ýaryşlara Horwatiýanyň (25 ýaşa çenli), Ýaponiýanyň (25 ýaşa çenli) ýygyndy toparlary, şeýle hem Awstraliýanyň “Gelaksi”, Koreýa Respublikasynyň “Jina Mag” hem-de Ýaponiýanyň “Kobe” futzal toparlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ýygyndy topary Horwatiýanyň topary bilen geçirilen ilkinji duşuşykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýapon türgenleri bilen geçirilen ikinji duşuşyk bolsa 3:3 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Şeýlelikde, biziň ildeşlerimiz ýaryşlaryň indiki tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Final duşuşygynda Türkmenistanyň topary Ýaponiýanyň “Kobe” toparyndan 2:4 hasabynda asgyn gelip, kümüş medala mynasyp boldy.

Degişli makalalar

Dalaşgärleri Bellige Almak we Saýlawçylar Bilen Duşuşyklar Dowam Edýär

turkmenhabargullugy

Moskwada Hökümetara Türkmen-Russiýa Toparynyň Onunjy Mejlisinde Birnäçe Resminamalara Gol Çekildi

Berk Bedenli, Belent Ruhly

turkmenhabargullugy