23.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA YKDYSADYÝET

Türkmen Gämi Gurluşykçylary Hyzmatdaşlyk Gatnaşyklaryny Ösdürýärler

«Balkan» Gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody» AGPJ ýerli hem-de daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyň çägini giňeldýär. Paýdarlar jemgyýetiniň döredilen wagtyndan bäri (2019-njy ýylyň maý aýy) geçen iki ýyla golaý döwürde gämileriň 80-si abatlanyldy, olaryň 20-sinde düýpli abatlaýyş işleri geçirildi.

2021-nji ýylyň iki aýynda gämi ussahanasynda gämileriň ýedisi, şol sanda daşary ýurt kompaniýalaryna degişli gämiler abatlanyldy.

Özara gatnaşyklar «Объединенная Промышленная Корпорация «Ак Барс» (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) Paýdarlar jemgyýeti, «Derya Group Mekanik Inşaat Taahhüt Tersane San. ve Tic. A. Ş.» (Türkiýe Respublikasy), «Объединенная Судостроительная Корпорация» (Russiýa Federasiýasy), şeýle hem Koreýanyň Deňiz enjamlary Barlag Instituty (Günorta Koreýa) bilen gol çekilen gämi abatlaýyşy we gämi gurluşygy barada ähtnamalara laýyklykda ösdürilýär.

 

Tükmen hünärmenleri önümçilik kuwwatlyklaryny geljekde täze gämileri gurmak we ýurduň söwda flotuny ösdürmek üçin giňişleýin ulanmagy göz öňünde tutýarlar.

-«Balkan» Gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody» ýerli kompaniýalar bilen hem işleşýär – diýip marketing we şertnamalar bölüminiň başlygy Hajymämmet Ilmämmedow belledi. – Kärhana ammarlary we edara jaýlaryny hyzmatdaşlarynyň ygtyýaryna, şeýle hem enjamlary kärendesine berýär.

Kärhanada köpri gurluşygynda ulanylýan dürli ölçegli demir gurnamalar ýygnalýar, hereketlendirijileriň wallaryny gyrmak, galyňlygy 100 mm çenli polat listleri plazma usulynda kesmek boýunça hyzmatlar amala aşyrylýar we önümçilik baglanşykly beýleki kärhanalaryň tabşyryklary ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda gämi ussahanasynda diňe bir gämiler däl, eýsem nebit daşaýan tankerler, deňiz platformalary, buksirler, gaýyklar abatlanylman we gurulman, eýsem polat gurnamalaryň dürli görnüşlerini hem döredip bolýar. Bu ýerde iri göwrümli bloklary ýygnamak, gämi gabaralaryny arassalamak hem-de reňklemek we beýeliki ugurlar boýunça uçastoklar döredilipdir. Zawod gämileri abatlamakda we gurmakda ulanylýan birnäçe müň tonna polady gaýtadan işlemegi üpjün edýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan.

Gämi ussahanasynyň özünde hem hünärmenleri sertikasiýalaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Halkara ISO 9001:2015 ölçegine laýyklykda hil menejmentini ornaşdyrmak we sertifikasiýalaşdyrmak göz öňünde tutulýar, bu bolsa zawoda gämi gurluşygynda daşary ýurtly kärhanalar bilen üstünlikli bäsleşmäge mümkinçilik berer.

Wladimir KOMAROW

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

(TENDER) Türkmengaz Döwlet Konserni Bäsleşik Yglan Edýär

Pandemi Sebebi İle Türkiye’den Çıkış Yapamayan Yabancılara İlişkin Açıklama

Birža Täzelikleri