15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DURMUŞ

Türkmen halkynyň gadymy medeniýeti dünýä

Türkmen paýtagtynda “Türkmenistanyň gadymy maddy medeniýeti we onuň dünýä medeniýetiniň ösüşindäki orny” atly halkara maslahat öz işini tamamlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän wekilçilikli maslahat türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmekde, giňden wagyz etmekde we bütin dünýä ýaýmakda möhüm ädime öwrüldi.

Watanymyzyň we dünýä ylmynyň wekilleriniň türkmen topragyndaky nobatdaky duşuşygy hormatly Prezidentimiziň sahawatly syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň mundan beýläk-de dünýä jemgyýetçiligine goşulyşmagyna we türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny düýpli öwrenmeklige gönükdirilen özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Ol bolsa ylmy alyş-çalyşlaryň giňeldilmegine hem-de milli ylmyň mundan beýläk-de ösüşini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Halkara ylmy maslahatyň işiniň ikinji gününde alymlara Mary welaýatynyň çäginde ýerleşen “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp görmek, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak mümkinçiligi döredildi. Guramaçylaryň pikirine görä, bu özboluşly gezelenç alymlary Türkmenistanyň maddy medeniýetiniň dürli döwürleri we gatlaklary, Margianadan tapylan has irki bölegi bilen, şonuň ýaly-da halkara ylmy jemgyýetçiligiň üns merkezinde orun tutan desgalar bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.

Halkara maslahatyna gatnaşyjylar säher bilen Mary welaýatynyň merkezine geldiler. Halkymyzyň asylly däplerine eýerilip, myhmanlary Marynyň howa menzilgähinde duz-çörek bilen garşy aldylar.

“Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna saparynyň barşynda halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar VII-IX asyrlaryň ýadygärligi bolan Gyzgala galasyna, Merwiň XV asyra degişli toplumyna – Muhammet Pygamberiň egindeşleri bolan Ashablaryň kümmetine, gadymy kuwwatly gorag desgasy bolan Gäwürgala we Merwiň ilkinji musulman metjidiniň galyndylaryna baryp gördüler. Gadymy Merwiň binagärligi bilen tanyşlyk XII asyryň türkmen binagärliginiň merjeni — Beýik Seljuklar döwletiniň soňky hökümdary Soltan Sanjaryň kümmetine zyýarat etmek bilen tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, onuň häkimlik eden ýyllarynda Merw ägirt uly döwletiiň paýtagtyna öwrülýär.

Beýik Seljuklar döwletinde ylym, medeniýet we sungat gülläp ösýär. Ajaýyp türkmen binagäri Muhammet ibn Atsyz as Sarahsy tarapyndan bina edilen Soltan Sanjaryň aramgähi hem onuň aýdyň subutnamalarynyň biri bolup durýar. Bu ýadygärlik biziň günlerimizde-de özüniň binagärlik taýdan sazlaşygy boýunça haýran galdyrýar. Türkmen halkynyň ýiti zehininiň we ussatlygynyň güwäsi bolup durýan bu ajaýyp desganyň behişdiň perileri tarapyndan bina edilendigi baradaky rowaýatyň il arasynda giňden ýaýramagy hem tötänleýin däldir.

Täsin ýadygärligiň ýanyndaky meýdançada emeli türkmen obasy ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde maslahata gatnaşyjylary hormatly ýaşulular, welaýat häkimliginiň wekilleri, ýaşlar duz-çörek bilen garşyladylar. Myhmansöýer ýer eýeleri myhmanlary ak öýlere çagyrdylar, milli tagamlary hödür etdiler, şol ýerde hem olaryň taýýarlanylyşyny görkezdiler. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň uly bolmadyk sergisi alymlary türkmen halkynyň özboluşly sungaty, asyrlaryň jümmüşinden gelýän däp-dessurlary bilen tanyşdyrdy. Myhmanlar şeýle hem bütin dünýäde meşhur ahalteke bedewleriniň owadanlygyna we ýyndamlygyna mynasyp baha bermäge mümkinçilik aldylar.

Soňra maslahata gatnaşyjylar täsin eksponatlar saklanylýan Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler. Şol eksponatlaryň arasynda arheologik tapyndylaryň köp sanlysy bar. Olaryň agramly bölegini bolsa dört müň ýyldan gowrak taryhy bolan gadymy Marguşdan tapylan zatlar düzýär. Mälim bolşy ýaly, muzeýiň täze binasy geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açyldy. Muzeýiň gaznalarynda türkmen halkynyň taryhynyň, medeniýetiniň we sungatynyň ýadygärliklerine öwrülen gymmatly eksponatlaryň kyrk münden gowragy saklanylýar. Gadymy milli lybaslar, ajaýyp halylar, il içinde adygan zergärler tarapyndan kümüşden ýasalan zergärçilik önümleri, medeniýetiň gaznasynyň gymmatlyklary, bir wagtlar ösen medeniýetiň ojagy bolan ýerlerden arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan öý goşlary, ülkäniň taryhy boýunça resminamalar we beýleki köpsanly eksponatlar muzeýde saklanylýar.

Alymlar gadymy Merwiň taryhy-binagärlik ýadygärliklerini hemmetaraplaýyn öwrenmek, medeniýetleriň özara baglanyşygy, taryhy desgalary gorap saklamak boýunça derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Häzir W.I.Sarianidiniň Goňurda alyp barýan gazuw-agtaryş işleri bilen bir hatarda Mary oazisinde meşhur arheolog, professor Tim Uilýamsyň ýolbaşçylygyndaky bilelikdäki türkmen-iňlis ekspedisiýasy işleýär.

Maslahata gatnaşyjylar Mary oazisinde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýan ekspedisiýalaryň işine ýokary baha berdiler. Olar gadymy Türkmenistanyň çäginiň halkara gatnaşyklary jähetinden ýokary derejelere eýe bolan medeniýetiň ojagy bolup durýandygyna anyk şaýatlyk edýän täze görkezijileriň hem-de adamzadyň geçmişindäki garaýyşlara gaýtadan seretmegiň zerurdygyny görkezýän maddy subutnamalaryň mizemezligini we gaýtalanmajak häsiýete eýedigini nygtadylar. Bular babatynda aýdyp, alymlar hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň ägirt uly ruhy we medeni-taryhy mirasyny galkyndyrmak boýunça durmuşa geçirýän oňyn syýasatlaryna esaslanyp, ylmy gözlegleriň mundan beýläkde üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Günüň ikinji ýarymynda Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar Aşgabada gaýdyp geldiler. Agşam Türkmenistanyň milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ylmy maslahatyň ýapylmagy mynasybetli dabara boldy. Onuň çäginde maslahatyň işiniň jemleri boýunça çykyşlar diňlenildi. Ýygananlaryň biragyzdan belleýişleri ýaly umumyadamzat aňynyň kämilleşmeginde we ösmeginde gadymy maddy medeniýetiň ornuna we ähmiýetine bagyşlanan meseleler bilen baglanyşykly şu maslahat Türkmenistanyň gadymy – medeni ýadygärlikleriniň çuňňur öwrenilmegine gyzyklanmanyň artmagyna hem-de geljekki nesil üçin bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasyň aýawly saklanylmagyna ýardam eder.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alymlaryň duşuşygynyň ýokary derejedäki guramaçylygy üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler. Onuň barşynda taryh ylmynyň we onuň bilen ugurdaş beýleki bilimleriň işjeň temasyna bagyşlanan täsirli nutuklaryň we habarlaryň ýüzden gowragy diňlenildi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň maddy medeniýeti öwrenmeklikde ýakyndan hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň we berkitmegiň zerurdygyny bellediler.

“Türkmenistanyň gadymy maddy medeniýeti we onuň dünýä medeniýetiniň ösüşindäki orny” atly halkara ylmy maslahatynyň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýüzlenme kabul etdiler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Zyýaratçylary Mekgä Haja Ugradylar

Berdimyrat Berdiýew: Özüňdäki Sungaty Söýmek Zehini

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

turkmenhabargullugy