21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmen Howa Ýollarynyň ösüşi.

“Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň awiasiýa tehnikasyny giňeltmegiň we howa menzilleriniň gurluşyny döwrebaplaşdyrmagyň uzakmöhletleýin maksatnamasy amala aşyrylýar. Maksatnama innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehnikalary we iň gowy öňdebaryjy tejribeleri peýdalanmagy nazarlaýandyr. Ol täze howa menzillerini gurmagy we bar bolan howa menzilleriniň, terminallaryň, inženerçilik-tehniki desgalaryň durkuny täzelemgi, hünärmenleri taýýarlamagy, iň häzirki zaman howa gämilerini satyn almagy, täze içerki we halkara howa gatnawlaryny açmagy, hyzmatlaryň medeniýetini we hilini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. 

Türkmen awiatorlary geçen ýyllaryň dowamynda Aziýadan Ýewropa howa köprüsini çekdiler hem-de täze ugurlarda gatnawyň möçberlerini artdyrmagy dowam etdirýärler. Laçyn şekilli ýolagçy howa gämileri Moskwanyň we Londonyň, Frankfurtuň we Birmingemiň, Bangkokyň we Deliniň, Abu-Dabynyň we Amritsaryň, Minskiniň we Alma-Atynyň, Kiýewiň howa menzillerine gatnaýar. Sankt-Peterburga, Pariže gatnawlar açyldy. Doneskä, Lwowa (Ukraina) yzygiderli gatnawlara başlandy. Aşgabatdan Mýunhene, Milana, Riga, Ýerewana, hat-da Jitda şäherine hem (Saud Arabystany) halkara howa gatnawlaryny guramak üçin täze ugurlar işlenilip taýýarlanylýar. 

Ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän awiasiýa tehnikasynyň parky “Türkmenhowaýolary” Döwlet milli gullugynyň buýsanjy bolup durýar. Türkmen awiatorlary onuň üstüni täze uçarlar we dikuçarlar bilen yzygiderli ýetirip durýarlar. 2013-nji ýylda “Boing-737-800” kysymly howa gämileriniň üçüsi ulanyşa berildi. Olar golaý birnäçe ýyldan “Türkmenhowaýolary” DMG öňki uçarlarynyň ýerine işlärler. Täze AW-101WIP dikuçarlarynyň ikisi dikuçar bölüminiň üstüni ýetirdi. Mundan hem başga türkmen awiatorlary oba hojalyk awiýasiýasynyň esasy uçary bolan AN-2 uçarynyň parkyny doly dikeltdiler. 

2014-nji ýylyň birinji ýarymynda türkmen howa ugurlaryna Boing-777-200 LR çykar. Türkmen awiatorlary onuň kömegi bilen halkara ýolagçy gatnawyny ösdürerler. Häzirki wagtda giňfýuzelýaž ýolagçy uçarlarynyň uçuşy üçin iň amatly ugurlary işlenilip taýýarlanylýar. 2014-nji ýyldan başlap Boing 777-2001LR uçarlarynda biziň ýurdumyzyň paýtagtyndan Hanoýyň, Hoşiminiň, Ittawanyň howa menzillerine uzak ugurrlar boýunça howa gatnawlary amala aşyrylar. Uçarlaryň bu görnüşlerine 290-a çenli ýolagçy ýerleşýär we olar 9100-den 17 500 kilometre çenli aralyga uçuşy amala aşyryp bilýärler. 

Türkmenistan halkara gatnawlarynyň global ulgamynda möhüm üstaşyr merkezi bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň awiatorlary halkara we ýerli howa ugurlary boýunça ýolagçylaryň 30 millionyny we 400 müň tonna töweregi ýük hem-de poçta daşadylar. 2013-nji ýylda häzirki zaman köp ýerli howa gämilerinde halkara we ýerli ugurlar boýunça iki million ýolagçy hem-de 19 müň tonna golaý ýükdir poçta daşaldy. “Türkmenhowaýollarynyň” halkara ugurlary boýynça gatnawy gyşarnyksyz ösýär. Eger-de 1992-nji ýylda ol 27 müň kilometr bolan bolsa, bu san 2013-nji ýylda 60 müň kilometre çenlä ýetdi 

Türkmenbaşy şäherindäki häzirki zaman aerowokzal toplumy iň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýär. Aşgabatda täze halkara howa menziliniň gurluşygy alnyp barylýar. Howa menziliniň toplumynyň taslamasynda sagatda 1600 ýolagça hyzmat edýän täze ýolgçy terminalyny, ýük we VIP-terminallaryny, uzynlygy 3800 metr bolan uçuş zolagyny gurmak we öňküniň durkuny täzelemk göz öňünde tutulýar. Baş ýolagçy terminalynyň gurluşygy döwründe öňki awtomenziliniň ýerinde gurulan kiçi terminalda hyzmat ediler. 

Türkmenabadyň we Daşoguzyň howa menzillerinde Boing-777-200 LR uçarlaryny kabul edip biljek uçuş-gonuş zolagynyň gurluşygyna başlandy. Lebap welaýatynyň merkezi bolan Türkmenabatda täze howa menzili toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýerli howa ugurlaryny ösdürmäge, şol sanda Atamyrat, Garabogaz şäherleriniň howa menzillerini gurmaga we durkuny täzelemäge gerek bolan serişdeleri göýbermek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa täze içerki ugurlary açmaga şertleri döreder. “Türkmenhowaýollary” DMG hünärmenleri howa peteklerini satmagyň elektron ulgamyny, şeýle hem Inernet halkara tory arkaly 2014-nji ýylda bron etmegi ornaşdyrmagy üpjün etdiler. 

2014-nji ýylda Türkmenistanda ilkinji howa ugrunyň açylmagyna 90 ýyl dolýar. 1924-nji ýylda ýurduň taryhynda ilkinji sapar Çärjew (häzirki Türkmenabat) – Hywa ugry boýunça uçuş amala aşyryldy. “Etažerka” (seki) uçarlary bilen çölüň üstünden geçen ilkinji uçarmanlardan başlap häzirki zaman uçarlary bilen ýurtlary we kontinentleri birleşdirýän howa köprisini guran Türkmenistanyň räýät awiýasyýasynyň garaşsyzlyk ýyllarynyň taryhynda ýatdan çykmajak şöhratly ýoly şundan ybaratdyr. Ýakyn ýyllarda ýurduň awiasiýasynyň mundan beýläk hem çalt depginler bilen ösmegine şertleri döretjek, ýolagçy gatnadylmagynyň ösdürilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirjek täze ädimler ädiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentine Mähirli Gutlaglar

syrach

Raýdaşlyk Çempionatynda Türkmen Agyr Atletikaçysynyň Üstünligi

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Etdiler

syrach