15.01.2026
SPORT

Türkmen kikboksçylarynyň dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan üstünligi

Dünýä Kubogy ugrunda Segetde (Wengriýa) geçirilen ýaryşda türkmen kikboksçylary medallaryň altysyna mynasyp boldular. Bu ýaryş Kikboksçylar guramasynyň Bütindünýä assosiasiýasynyň (WAKO) howandarlygynda 15 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Bäsleşige türkmen sportçylarynyň ýedisi gatnaşdy. Altyn medallara aşgabatlylar Çary Çaryýew (51 kilograma çenli agramda), Şameret Hallyýew (54 kilograma çenli agramda) we Türkmenabadyň kikboksing mekdebiniň türgeni Muhammet Altybaýew (60 kilograma çenli agramda) mynasyp boldular.

Kümüş baýraklary Aşgabatdan Maksatmyrat Alyýew (54 kilograma çenli agramda), Ismail Ataýew (57 kilograma çenli agramda) we Türkmenabatdan Myrat Tohtamyşew (63,5 kilograma çenli agramda) eýelediler.

Türkmen kikboksçylary bilen bu ajaýyp üstünligi topary jogapkärli ýaryşa taýýarlan Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ý.Haýydow we A.Snagowskiý paýlaşdylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ýaşlar Birinjiliginde 13-nji Tapgyra Badalga Berildi

«Altyn Asyr» Bilen «Köpetdag» Utuk Paýlaşdy

Türkmen Basketbolçylary Altyn we Kümüş Medallara Mynasyp Boldular