15.01.2026
DÜNÝÄ

Türkmen küştçileriniň bäşinji ýeňşi

Hanti-Mansiýskide geçirilýän 39-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda Türkmenistanyň ýygyndy erkekler topary özüniň bäşinji ýeňşini gazandy.

Bu gezek biziň ildeşlerimiz Yragyň wekillerinden 3:1 hasabynda üstün çykdylar. Biziň toparymyzyň ýeňşini Mesgen Amanow, Maksat Atabaýew we Hanjar Ödäew üpjün etdiler. Olar degişlilikde 1-nji, 2-nji we 4-nji tagtalarda öz bäsdeşlerinden üstün çykdylar.

Şu ýeňişden soň türkmen küştçüleri 16 basgançak ýokary galdylar we 11 oçko topladylar. Munuň özi 31-44-nji orunlary paýlaşýan ondört toparyňkydan 1 oçko köpdür.

Türkmenistanyň zenanlar topary oýunlaryň 10-njy tapgyrynda erjel göreşde 1,5:2,5 hasabynda Norwegiýanyň toparyndan asgyn geldi. Biziň toparymyzda ýeke-täk ýeňşi 4-nji tagtada oýnan Aknur Isaýewa gazandy. Birinji tagtada oýnan halkara grossmeýsteri Mähri Geldiýewa bolsa öz oýnuny deňme-deň tamamlady.

Tamamlaýjy 11-nji tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndy erkekler topary Zambiýanyň toparynyň garşysyna, zenanlar ýygyndy toparymyz bolsa Albaniýanyň küştçileriniň garşysyna oýnarlar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Maliýe Ulgamyndaky Halkara Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Wekiliýetiniň “Täze Söwda we Üstaşyr Ýollarda Neşe Serişdeleriniň Bikanun Dolanşygynyň Öňüni Almak Maksady Bilen Merkezi Aziýada Sebitleýin Serhetüsti Hyzmatdaşlygy Güýçlendirmek” Atly Çäresi

turkmenhabargullugy

Er-Riýadda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygyna Bagyşlanan Metbugat Maslahaty Geçirildi