23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
YLYM

Döwrebap sungatyň häzirki zaman gerimi

Türkmen şekillendiriş sungaty milli medeniýetiň ähmiýetli we çuňňur gatlagy bolmak bilen, özüniň akymlary, täsin hem-de ýokary derejeli tapgyrlary bilen ösüşiň çylşyrymly we uzak ýoluny geçdi. Onuň başlangyjynda biziň umumylaşdyryp atlandyryşymyz ýaly halk döredijiligi durýar. Edil belli bir sýużetiň başlangyjynyň we ösüşiniň arasynda bolşy ýaly, gaýalaryň ýüzüne çekilen ilkinji şekiller, gadymy diwar ýazgylary, şeýle hem köne nagyş äheňleri bilen häzirki zaman suratlarynyň, heýkelleriniň, keramikalarynyň we grafikasynyň arasynda durnukly arabaglanyşyk, ruhy ýakynlyk bar.

Bularyň hemmesi ylhamyň beýik güýjünden başlandy, ylham bolsa Hudaý tarapyn berilýär. Onuň wezipesi dünýäni özgertmekden ybaratdyr. Hut şol dörediji güýç türkmen halkyna dünýäniň gaýtalanmajak şekilini döretmäge ýardam berdi. Mähriban topragyň sahawatyndan ruhlanyp, şol bir wagtyň özünde medeniýetleriň köp asyrlyk özara gatnaşyklarynyň ýoly bilen ýöremek arkaly biziň halkymyz ajaýyp eserleri döredipdir.

Bu zatlaryň hemmesi Türkmenistanyň häzirki zaman sungatynda öz beýanyny tapdy. Ol sungat eýýamlaryň we dünýäleriň serhedinde kemala geldi we milli döredijilik mekdepleriniň çeşmelerini, Aziýanyň we Ýewropanyň halklarynyň asylly däplerini özüne jemledi hem-de gündogaryň we günbataryň medeniýetiniň ösüşine täsirini ýetirdi. Onuň netijesinde türkmen sungaty diýseň özboluşly we täsin görnüşe eýe boldy. Onuň çeperçilik derejesinden başga-da, aýratyn gymmatlygy bu sungatyň Geçmiş bilen Geljegiň arasynda özboluşly köprüni emele getirýänligidir. Şeýlelik bilen ol adamlara diňe bir gözelligi peşgeş bermän, eýsem ol wagtyň arabaglanyşygyny, sazlaşygyny we häzirki günüň ýaşaýşyny duýmaga hem-de oňa düşünmäge ýardam berýär.

Paýtagtymyzda häzirki zaman sungatynyň galereýasyny döretmek baradaky pikir öňräkden bäri bardy. Ine, onuň durmuşa geçjek möwriti gelip ýetdi. Şeýlelikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen paýtagtymyzda Şekillendiriş sungatynyň täze sergi merkezi açyldy. Ol Aşgabadyň merkezinde täze heýkel-seýilgäh toplumy bolan «Ylham» seýilgähiniň, «Watan» kinokonsert merkeziniň, şeýle hem «Grand-Türkmen» kaşaň myhmanhanasynyň ýanynda ýerleşýär we merkeziň iri söwda merkezi bilen goşulyp alynmagy oňa bu etrabyň şäher zwenosyny baglanyşdyryjy häsiýet berýär.

Paýtagtymyzda şekillendiriş sungatynyň täze merkeziniň döredilmeginiň milli medeniýetimizi ösdürmekde, onuň häzirki zaman infrastrukturasyny we ösen sungat bazaryny ýokarlandyrmakda kanunalaýyk ädime öwrüldi. Galereýa-muzeýiň baş wezipesi has täsin we Türkmenistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň ussatlyk bilen ýerine ýetiren işlerini ýygnamakdan, olary görkezmekden we wagyz etmekden ybarat bolup, geljekde bu ýerde sergi we bilim işleri bilen bir hatarda dürli eserleriň tanyşdyrylyş dabaralary, häzirki zaman sungatyny ösdürmek meselelerine bagyşlanylan çykyşlar, «tegelek stollar», döredijilik duşuşyklary, auksionlar, neşirçilik çäreleri, şeýle hem iri halkara sergi taslamalaryna gatnaşmak ýaly çäreler guralar.

Munuň üçin Sergi merkezinde oňaýly binýat döredildi we ol geljekde-de ösdüriler. Bu ýerde goýulýan işleriň sanawy hem artdyrylar. Häzirki döwürde sergide Şekillendiriş sungatynyň milli muzeýiniň we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň gaznalarynyň goldawy arkaly żiwopis, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň ajaýyp kolleksiýasy ýygnaldy. Olaryň arasynda sungat taryhynda ymykly orun eýelän belli ussatlaryň we türkmen çeperçilik mekdebiniň täze nesilleri bolan ýaş awtorlaryň işleri bar.

Şeýlelikde, galereýa bu ýere gelýänlere häzirki zaman sungaty we onuň köp görnüşliligi bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik berýär. Şeýle hem suratkeşleriň işleriniň gymmatyny döwrüň üsti bilen däl-de, eýsem häzirki zaman adamsynyň dünýägaraýşy we häzirki jemgyýetiň medeni, ruhy, estetik zerurlygy esasynda baha bermäge ýardam edýär.

Hut şonuň üçin täze merkeziň esasy maksatlarynyň biri hem eserleri bir ýere ýygnamakdan ybarat bolman, eýsem häzirki döwürde ajaýyplyklary döredýän sungatyň dili bilen şekilleriň, täze usullaryň we görnüşleriň döredilmegine başlamakdan ybaratdyr. Egerde Milli şekillendiriş sungaty muzeýi çeper döredijiligiň taryhy boýunça onuň milli sazlaşygy we däpleri, ýeten derejeleri we gymmatly eserleri boýunça okuw gollanmasy hökmünde görülýän bolsa, art-galereýa sungatyň ösüşinde häzirki zaman gerimi, onuň hereketini, gözleglerini, synaglaryny we tapyndylaryny özünde jemlär. Hut şonuň üçin hem bu ýerde hronologik we tematik seksiýalar boýunça adaty bölümler ýok, ýöne dürli żanrlarda, ugurlarda we sungatyň görnüşlerinde döredilen işleriň gyzykly sazlaşygy bar.

Giňişlikde ýerleşen dürli derejedäki zallar tomaşaçylary belli bir ugur boýunça çagyrman, eýsem yzygiderli ugurda boýunça ýa-da binanyň gatlarynyň arasyndaky basgançaklar boýunça hereket etmäge mümkinçilik berýär.

Bu ýerde XX asyryň ahyrlarynda we XXI asyryň başlarynda döredilen sungatyň ajaýyp we gaýtalanmajak dünýäsi görkezilýär. Sergi merkeziniň birinji gaty bu ýere gelýänleri ýaşuly nesliň suratkeşleri bolan Aýhan Hajyýewiň, Yzzat Gylyjowyň, Stanislaw Babikowyň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Aman we Çary Amangeldiýewleriň, Durdy Baýramowyň, Annadurdu Almämmedowyň, Gulnazar Bekmyradowyň, Nikolaý Ýerşowyň we beýlekileriň döredijiligi bilen tanyşdyrýar. Merkeziň ikinji gatyny şekillendiriş sungatynyň möhüm ugruny kabul eden suratkeşleriň işleri eýeläpdir.

Surat eserleri Maral Ataýewa, Solmaz Muhammedowa ýaly meşhur keramikaçylaryň işleri, şeýle hem demirden, agaçdan edilen özboluşly kompozisiýalar we täsin gobelenler bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Türkmen sungatynyň görnükli ussatlary bolan Juma Jumadurdynyň, Sylap Hudaýberdiýewiň, Ýedi Madatowyň, Gylyç Ýarmämmedowyň, Saragt Babaýewiň we beýlekileriň heýkeltaraşlyk işleri hem göze gelüwli görnüşi döredýär.

Täsin «alma» installýasiýasy zalyň heýkelleriniň esasy şekilini emele getirýär. Onuň awtory Türkmenistanyň halk hudożnigi Babasary Annamyradowdyr. Uly almanyň monumental kompozisiýasy äpet oturgyjyň goýlup, ol tebigatyň güýji bilen sungat ussatlygynyň birleşiginiň özboluşly nyşany bolup çykyş edýär. Binanyň ak reňki suratkeşiň täze işe başlamak üçin eline alan ak kagyzyny ýatladýar.

Suratkeşiň işi tomaşaçyny döredijiligiň mazmunyna, şekiliň mümkinçiliklerine düşünmäge gönükdirilen söhbetdeşlige çagyryş bolup çykyş edýär. Reňkli witrażlaryň içinden geçip, almanyň üstünde reňkli öwüşginleri döredýän yşyk aň ýetirmek mümkinçiligini güýçlendirýär. Suratyň aýnadaky şekili potologa düşüp, alma temasyndaky işi gaýtalaýar.

Sergi merkezinde diwar ýazgylary gaýalaryň ýüzülen çekilen suratlardan häzirki zaman sungatyna çenli uzaýan saparyň taryhy assosiasiýasynyň wezipesini ýerine ýetirýär. Ol şäherleşmäniň simwolyny emele getirýär. Şeýlelikde binanyň gatlarynyň arasynda ýerleşen zalyň merkezi böleginde taryhy simwolika şekilllendirilen ägirt uly panno goýlupdyr. Şeýle hem bu zala gelýän diwarlarda täsin ýazgylar bar. Onuň oýlandyrýan nagyşlary abstrakt sungatyň ugurlary bilen birleşip, Döredijiligiň Erkin Ruhuny alamatlandyrýar.

Galereýanyň zallary bilen syýahat edeniňde ol ajaýyp güllere, iýmişli baglara we al-ýaşyl zolakdan eşidilýän guşlaryň seslerine beslenen bagyň içinde seýil eden şekilde bolýarsyň. Bu bagyň keşbinde häzirki zaman sungatyny, onuň dünýäniň möhüm sungatynda eýeleýän orny jähedinde häsiýetli aýratynlyklary görünýär.

Sergi tutuşlygyna hereketiň okgunlygyny alamatlandyrýar. Munuň özi tomaşaçyda uly gyzyklanma döredýär we onda ähli gören zatlaryna mynasyp baha bermek ukybyny oýarýar. Bu ýerde täze konseptual pikirlenmäniň ösüşi häzirki zaman sungatyny sosial ýörelgä ugrukdyrýar, oňa jemgyýetdäki işjeň ornuny berkidýär.

Täze Sergi merkezine syýahat edeniňde türkmen sungatynyň döredijilik ussatlaryna, tebigy zehinlere baýdygy baradaky esasy netije döreýär. Görnükli şahslar her bir nesilde bar. Şeýle zehinleriň nesilden-nesle geçmegi milli medeniýetiň durmuşa ukyplylygynyň girewidir we onuň häzirki eýýamyň çalt özgerýän çeperçilik proseslerini anyk yzarlamak ukybynyň ýokarydygyny görkezýär. Biz häzirki türkmen suratkeşleriniň iň gowy işleriniň mazmunyna näçe çuňňur aralaşsak, şonça-da olarda milli medeniýetimiziň ruhy gatnaşyklarynyň, pederlerimiziň tejribeleriniň köpdügine göz ýetirýäris.

Beýik özgertmeler eýýamynda jemgyýetde bolup geçýän ruhy prosesler, milli galkynyş, halkara döredijilik gatnaşyklarynyň we medeni hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegi suratkeşlere taryhy we häzirki tapgyryň has aýdyň şekillerini gözlemäge, halkymyzyň milli aýratynlygynyň ajaýyplyklaryndan, köp öwüşginli döredijilik däplerinden, medeni aragatnaşyklardan susup almaga mümkinçilik berýär.

Häzirki zaman türkmen şekillendiriş sungatynyň özboluşlylygy halkyň maddy medeniýetiniň şekilleriniň ýüze çykarylýandygyndadyr. Suratkeşler milli amaly sungatyň usullaryndan we kadalaryndan ýerlikli peýdalanýar. Täze döredijilik pikirlenmesiniň ösüşi şekillendiriş sungatynyň görnüşleriniň we żanrlarynyň baýlaşmagyny, häzirki döwürde däpleriň we çäkleriň birleşmegini şertlendirýär, ol aýrybaşgalaşmagy aradan aýyrýar. Şunuň ýaly görnüşde öňdebaryjy we täzeçil meýiller döreýär. Döredijilik başlangyçlarynyň köp dürlülügi emele gelýär. Häzirki zaman sungatynyň täze merkezi bolsa şunuň ýaly meýillere goldaw bermäge gönükdirilendir. Çünki, türkmen halkynyň ägirt uly medeni mirasy arasy üzülmeýän binýat bolup, täze ugurlary we şekilleri ösdürmäge gulluk eder.

Häzirki zaman dünýäsinde adamlar tarapyndan döredijilikli pikirler arkaly kemala getirilýän täze täsin pähimler hut iň gymmatly haryda öwrülýär. Häzir hut şolaryň döwri – döredijilik pikirleriniň, täze formatlaryň, täze gozýetimleriň we ýaşaýşyň täze hiliniň döwri gelip ýetdi. Häzir göräýmäge ykdysadyýet ulgamyndan daşda bolup görünýän medeniýet, sungat ýaly ugurlar hem özüniň hakyky döredijilik ykdysadyýetini kemala getirip bilerler, bazar düzgüninde ýaşamagy auditoriýany, sungat eserlerine sarpa goýujylary we olary ýygnaýjylary özüne çekmegi öwrenip bilerler. Şolar bolsa diňe eksponatlar bilen tanyşmak bilen kanagatlanman, eýsem olary satyn alyp hem bilerler.

Elbetde, Türkmenistanda häzirki zaman sungaty üçin ýörelgeleýin täze ugry döretmek babatda bu işe professionallaryň giň toplumyny: awtorlary, sungaty öwrenijileri we tankytçylary, art-menejerleri hem-de bilermenleri çekmek zerurdyr. Has takygy, professional derejede işleýän çeperçilik bazaryny kemala getirmek zerurdyr. Bu babatda bolsa täze Sergi merkezine ilkinjiligiň aýratyn missiýasy berlipdir. Ösen ýurtlarda sungatyň maýa goýumlar üçin iň bähbitli ugurlaryň birine öwrülendigi gizlin syr däldir. Sungat eserleriniň bahasy ýyllaryň geçmegi bilen ýokarlanýar, käte olaryň bahasy islendik bank goýumlarynyň göterimlerinden hem ýokary geçýär. Şeýle zatlary ýygnaýan adamlar bolsa halkara işewürler toparlarynda uly hormatdan peýdalanýarlar. Ýöne munuň özi işiň bir tarapy, ýagny şol ýygyndylara dahylly zatlaryň eýesiniň abraý tarapydyr. Beýleki tarapy bolsa sungat eseleriniň satylmagynyň kuwwatly, sungaty goldamagyň we ony ýaýratmagyň özara bähbitli görnüşine öwrülýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Şoňa görä-de, paýtagtdaky galereýanyň meýilnamalarynda kim ýokary söwdalaşyklaryny yzygiderli guramak we geçirmek göz öňünde tutulýar. Olara häzirki zaman sunagatynyň eserlerini ýygnaýjylar hem, jaýlaryň içiniň dizaýnerleri hem, biznesmenler we ajaýyp zatlara sarpa goýýanlar hem gatnaşyp bilerler. Olara türkmen suratkeşleriniň eserlerini ilkinji bolup synlamaga, täsin awtorlyk işini satyn almaga ýa-da awtora olaryň nusgasyny sargyt etmäge, gaýtalanmajak täsin döredijilik işini we beýlekileri sargyt etmäge seýrek düş gelýän mümkinçilik döredilýär.

Bir söz bilen aýdylanda, galereýanyň öňünde köpsanly taslamalar, şol sanda Türkmenistanyň täsin sungatyny halkara derejesinde öňe çykarmak boýunça taslamalar bar. Hut häzirki zaman sungaty hem ähli ýurtlarda jemgyýetiň ösüşiniň, onuň demokratiýasynyň we tolerantlylygynyň görkezijisidir. Şoňa görä-de Aşgabat galereýasy ekspozisiýalar, wagyz etmeler, kim ýokary söwdalaşyklary guramak işi, tejribe alyşmak we sergiler, döredijilik delegasiýalaryny alyşmak boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardyr.

Şeýlelik bilen, şekillendiriş sungatynyň Sergi merkeziniň açylmagy Türkmenistanda täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda milli medeniýeti mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňat binýat bolup hyzmat eder.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Selmelegi: Müňýyllyklaryň Syry

Milli gerbariý gaznasy elektron formatda.

syrach

Geografiýaçy Alymlar Orta we Ýokary Okuw Mekdepleri Üçin Okuw Kitaplaryny Taýýarladylar

syrach