29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
DURMUŞ

Türkmen Milli Halysy

Teke-türkmen halysynyň aklyňy haýran edýän sungat eserdigi hakynda dünýä taryhynda belli syýahatçylaryň, sungatöwrenijileriň, taryhçylaryň aýdanlaryny gaty köp ýerde tutaryk edinýärler. Hakykatdanam „zeri zergär tanaýar“. Mysal üçin, futbol hakynda braziliýaly meşhur Peläniň, argentinaly Maradonanyň, germaniýaly Bekenbaueriň, fransiýaly Platiniň… aýdanlaryny ýönekeý janköýeriň aýdanlary bilen deňäp bolmaz. Ussatlaryň beren bahasy jedelsizdir.

Şu ýerde meşhur wenger syýahatçysy Arminiý Wamberiniň halylarymyz hakynda aýdan sözüne ünsi çekmekçi bolýarys.

„…Reňkleriň haýran galaýmaly arassalygyndan, matasynyň berkliginden başga-da, bu göçüp-gonup ýören ýarym wagşy zenanlaryň şekilleriň simmetriýasyny saklamak başarnyklary hem inçeden duýuşlary ýewropalylaryň gaty köpüsine „Aňry otur“ diýdirip biljek…“

Geliň, meşhur alymyň zenanlarymyzy “göçüp-gonup ýören ýarym wagşy” diýip atlandyrmasyny „Aňry otur“ diýiljek ýewropala düşnükli bolsun diýlip aýdylan hasap edeliň. Çünki simmetriýany inçeden duýmak we ony saklamak başarnygy göçüp-gonup ýören ýarym wagşynyň edip biljek zady däl. Muny taryh subut etdi. Şol döwürlerde ýarym wagşy diýlip göz öňüne getirilen halkyň örän çuňdan gaýdýan medeniýetiniň, edebiýatynyň, sungatynyň, taryhynyň bardygyna hut Wamberiniň özi hem göz ýetiren alym. Biz onuň uly zähmet siňdirip, başardygyça terjime edip Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny ýewropalylara tanadan alymdygyny bilýäris. Hakykatdanam, simmetriýany inçeden duýup we saklamagy başaryp, hala girizen zenanlar bilen däl, şol zenanlaryň ýörelgesini ýitirmän, arkama-arka öwrenip, olary biziň günlerimizde gaýtalap bilýän halyçylaram ýewropalylary haýrana goýýar. 1996-njy ýylda Ganowerde geçirilen Bütindünýä sergisinde belli halyçymyz Ogulnabat Meredowanyň haly dokaýşyny gören daşary ýurtly synçylar: „Siz barmaklaryňyz bilen erişleri-de sanap alaňyzok. Türkmenler ir wagtlar kompýuter ulgamyna geçipdirler“ diýip baha beripdirler.

Halyçylyk sungatymyzy daşary ýurtlular ýöne ýere kompýuter ulgamyna deňemeýärler. Muňa has gowy göz ýetirmek üçin Wamberiniň „simmetriýany inçeden duýmak we ony saklamak“ diýýänine düşünjek bolalyň.

 Halycylyk sungaty.

Halylaryn ayratyn ahmiyeti bardyr : olar turkmenlerin milli buysanjydyr, olaryn taryhynyn we sungatynyn beyanydyr. Turkmenlerin ata-babalary halylary gadymy wagtdan bari dokap gelipdir. Arheologik gazyw-agtarys isleri dokmacylygyn su gornusinin b.e. cenli IV asyrdan baslap, yorgunli bolandygyny yuze cykarmaga mumkincilik berdi. Renklenen goyun yununden elde dokalan, gara, gonur-gyzyl renkler, agdyklyk edyan halylar ilki basda gara oyeri bezemek ucin niyetlenipdir. Halylaryn golleri we renkleri durli yerli taypalaryn: yurdun gunorta-gundogarsynda yasan salyrlaryn hem-de saryklaryn degislilikde Merwde we Ahalda yasan tekelerin Turkmenistanyn demirgazygynda we gunbatarsynda yasan yomutlaryn, Lebapda yasan arsarylaryn cepercilik daplerine baglylykda tapawutlanyar

Assimmetrik bir şekiliň birnäçe görnüşlerde yzly-yzyna gaýtalanyp gelmegi bilen simmetriýa emele gelýär. Mysal üçin „F“ harpynyň şekili. Ondaky çyzyklaryň üçüsem biri-birinden tapawutly. Iki sany „F“ harpyny yzygider goýsak, simmetrik şekil emele gelýär.

Üç sany dürli çyzykdan emele gelen „F“ harpynyň simmetriýanyň kanunlaryna laýyklykda ýerleşdirilmegi bilen dörän şekiller haýran galdyrýar. Türkmen halysynda bolsa simmetriýanyň has kämil, manyly görnüşlerini tapsa bolýar. Zenanlarymyzyň şol täsin nagyşlaryň, gölleriň simmetriýasyny inçeden duýup saklap bilmek başarnyklaryna Wamberiniň näme üçin ýewropalylara „Aňry otur“ diýip biljek derejede baha berendigine indi düşünen bolsak gerek.

Degişli makalalar

Araly Halas Etmegiň Halkara Gaznasynda 2017-2019-njy Ýyllarda Başlyklyk Etmegi Bilen Baglanyşykly Guramaçylyk Meseleleri Çözülýär

turkmenhabargullugy

GDA Ýurtlarynyň Birnäçesiniň Baştutanlary Hormatly Prezidentimizi Ýeňiş Güni Bilen Gutladylar

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Göçme Mejlisi

turkmenhabargullugy