29.9 C
Aşkabat
16.06.2025
YKDYSADYÝET

Türkmen-Moldowa Mejlisi Geçirildi

Aşgabatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-moldowa Hökümetara toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Moldowa wekiliýetine Moldowa Respublikasynyň Oba hojalygy we azyk senagaty ministri jenap Ion Sula ýolbaşçylyk etdi. 

Forumyň gün tertibine deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy çykaryldy. Topar Bilelikde başlyklyk edijileriň söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hakyndaky maglumatlary diňlediler. 

Mejlise gatnaşyjylar Toparyň işiniň söwda-ykdysady, energetika, gurluşyk ulgamlarynda, dokma senagatynda, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, azyk we gaýtadan işleýji senagat ýaly ugurlarda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Has takygy, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy, eksport-import amallarynyň artdyrylmagy we üpjün edilýän harytlaryň hem-de edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini hem-de göwrümini giňeltmek boýunça ylalaşykly işleri kabul etmegiň zerurlygy bellenilip geçildi. 

Taraplar şeýle-de medeni we ylym-bilim gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagynyň we sport hem-de syýahatçylyk babatda özara hereketleriň ösdürilmegi ugrunda işleriň alnyp barylmagyny belläp geçdiler. 

Topar söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-moldowa Hökümetara toparynyň ikinji mejlisiniň 2016-njy ýylda Kişinýow şäherinde geçirilmegi barada karara geldiler. 

Degişli makalalar

Türkmen Gyrgyz Toparynyň Mejlisi

syrach

2016-njy Ýylda Türkmenistanda Umumy Bahasy 5 Milliard ABŞ Dollaryndan Gowrak Bolan Desgalaryň 202-si Ulanmaga Berildi

Birža Täzelikleri

syrach