22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Norwegiýa Patyşalygynyň Ilçisi Bilen Duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen, Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky (ýerleşýän ýeri Astana ş.)  Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Ole Ýohan Býornoý bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni- ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle hem ulag, maýa goýum, bilim we sport çygyrlarynda ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýän ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň syýasy gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirdiler, şeýle hem ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň işewürler toparlarynyň özara gatnaşyklarynyň mümkinçilikeri, dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Norwegiýanyň tebigy gazy deňizde we ýetmesi kyn bolan ýerlerden gazyp almakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ugrundaky tejribesini belläp, taraplar bu ugurda geljekde hyzmatdalyk etmäge gyzyklanma bildirdiler.

Halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegi agzamak bilen, Norwegiýa Patyşalygynyň goldamagy bilen, 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 82-nji plenar ýygnaynda А/67/L65 belgi bilen kabul edilen, «Energogeçirijileriň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi we durnukly ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde olaryň ähmiýeti» atly rezolýusiýasynyň ýerine ýetirilmegi boýunça işleriň dowam edýändigi bellenildi. 

Saparynyň çäginde j-p Ole Ýohan Býornoý «Bagtyýarlyk» sport toplumynyň we «Aşgabat» stadionynyň ýanyndaky tennis kortynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Şeýle hem Ilçi Halkara atçylyk sport toplumyna, «Köw Аtа» ýerasty kölüne, gadymy «Nusaý» galasyna we Derwezedäki ýanar ojagyna barmagy meýilleşdirýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisiniň Maslahaty

syrach

Demirgazyk Sebitde Gök-Bakja Önümlerini Taýýarlamak Boýunça Tabşyryk Ýerine Ýetirildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk

syrach