14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
SPORT

Türkmen pälwanlarynyň 14 medaly.

Türkmen türgenleri halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň ikisinde – Russiýanyň Suzdal şäherinde geçirilen jiu – jitsu boýunça dünýä çempionatynda hem-de Germaniýanyň Drezden şäherinde geçirilen sport we söweş sambosy boýunça Saksoniýanyň 5-nji açyk çempionatynda uly üstünlige eýe boldular. Türkmenistanyň sportda gazanan üstünlikleriniň üsti 14 medal (8 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç) bilen ýetirildi. 

Jiu – jitsu söweş sungaty boýunça ýaryşa 18 ýurtdan 230-a golaý türgen gatnaşdy. Biziň toparymyzyň düzüminde S.Hojamuhammedow 84 kilograma çenli agramlyk derejede ýeňiş gazanyp, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. 

-de iki medala – kümüş we bürünç medallara degişililikde Ý.Nuryýew (62 kilograma çenli) we D.Jumaýew (92 kilograma çenli) mynasyp boldular. Özi-de, olaryň birinjisi deslapky duşuşyklaryň birinde şikes alyp, final bäsleşiginde gaýduwsyzlyk we ýeňşe bolan erk-islegini hem-de hyjuwyny görkezdi. Dünýä çempionatynyň guraýjylary tarapyndan Ý.Nuryýewe “Ýeňşe bolan erk-islegi üçin” diýen ýörite Kubok gowşuryldy. 

sambosyy boýunça ýaryşlar dürli ýaş toparlaryndaky türgenleriň arasynda geçirildi. 1999-2000-njy ýyllarda doglan pälwanlaryň toparynda 41 kilograma çenli agramlyk derejede çykyş eden M.Allaberdiýew we A.Aýdogdyýew bürünç medala mynasyp boldular. 

S.Adaýew 12 ýaşa çenli toparda kümüş baýragy eýeledi, onuň gyz jigisi M.Adaýewa bolsa çempionatyň iň ýaş gatnaşyjylarynyň (10 ýaşa çenli) arasynda ikinji orna mynasyp boldy. 

1995-1996-njy ýyllarda doglan türgenleriň toparynda 56 kilograma çenli we 60 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş eden aşgabatlylar M.Gimmiýew we Ý.Taňryberdiýew iki altyn medaly eýelemegi başardylar. 

türgenleri erkekleriň arasyndaky ýaryşda ýene-de üç gezek hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar. R.Ysmaýylow (52 kilograma çenli), K.Allanurow (62 kilograma çenli) we T.Tejenow (82 kilograma çenli) altyn medala mynasyp boldular. 

Biziň türgenlerimiz söweş sambosy boýunça bäsleşikde hem iki sany altyn medaly eýelediler. Bu ýaryşda R.Ýusubow (57 kilograma çenli) we A.Taňryberdiýew (62 kilograma çenli) ýeňiş gazandylar. 

Şu netije Türkmenistanyň sport we söweş sambosy boýunça umumy toparlaýyn bäsleşikde birinji ýeri eýelemegine mümkinçilik berdi. 

Ýeňjiler we baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenler Türkmenistanyň at gazanan tälimçileriniň ýolbaşçylygynda Aşgabadyň dürli sport toparlarynda meşgullanýarlar. 

Häzirki wagtda sport we söweş sambosy bilen meşgullanýan türkmen türgenleri milli derejedäki iki ýaryşa – hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň we gullukçylarynyň hem-de welaýatlaryň ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek Türkmenistanyň birinjiligine taýýarlyk görýärler. Şol ýaryşlar 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 68 ýyllygyna bagyşlanyp, 7-10-njy maýda geçiriler.

Degişli makalalar

Rejepmyrat Agabaýew Gazagystana Tälimçi Hökmünde Dolandy

Sagdynlyk we bagtyýarlyk.

syrach

Türkmen futbolçylary AFK-2012 Çagyryş kubogy ugrundaky göreşi dowam etdirerler

syrach