27.9 C
Aşkabat
03.08.2025
SPORT

Türkmen pälwanynyň Aziýanyň ýaşlar bäsleşigindäki

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby K.Esenow 20 ýaşa çenli bolan ýaşlaryň arasynda grek-rim göreşi boýunça Jakartada geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. 19 ýaşly halkara sport ussady 84 kilograma çenli bolan agramda çykyş edip, iň güýçlileriň hataryna çykmak üçin bäsleşen 14 päliwanyň arasynda üçünji orna düşdi.

Yklym birinjiligi boýunça geçirilen bäsleşiklerde K.Esenow öňem ýeňiş gazanypdy. Ol grek-rim göreşi bilen 8 ýyl bäri meşgullanýar. Iki ýyl mundan ozal ol Hindistanyň Puna şäherinde 17 ýaşdan uly bolmadyklaryň arasynda geçirilen Aziýa bäsleşiginde hem bürünç medala mynasyp boldy.

Ussat türkmen pälwany K.Esenowyň Indoneziýanyň paýtagtynda gazanan üstünliginde onuň halypasy, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi we Türkmenistanyň grek-rim göreşi boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi R.Rejepowyň hem mynasyp paýy bardyr. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanly Türgenler Bäşinji Güni 127 Medal Gazandy

Dünýäniň Iň Uly 50 Stadiony

turkmenhabargullugy

Türkmen samboçylarynyň ynamly ýeňşi

syrach