18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SPORT

Olimpiýa Stadionynda V Aziýa Oýunlarynyň Açylyş Dabarasy Boldy

Olimpiýa Stadionynda V Aziýa Oýunlarynyň Açylyş Dabarasy Boldy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy geçýär.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşylady.

Milli Liderimiz belent mertebeli myhmanlary binanyň VIP zalyna çagyrdy. Soňra Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy mynasybetli resmi kabul edişlik boldy.

Resmi agşamlyk naharynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah söz sözlediler.

Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan, Türkmenistan halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň işine netijeli gatnaşmak ýurdumyzyň sport ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Biz Aziýa döwletleriniň dünýä olimpiýa hereketiniň ilerledilmegine pugta ygrarly bolmak bilen, häzirki döwürde olimpiýa hereketiniň asylly ýörelgesi bolan sportuň halklaryň özara düşünişmeginiň we dostlugynyň işjeň gurallarynyň biri bolup durýandygyna pugta ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanyň goldaw bermegi we myhmansöýerligi netijesinde, bu ýaryşlara Okeaniýa ýurtlarynyň goşulandygy aýratyn guwançly ýagdaýdyr. Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde, paýtagtymyzda Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi dünýä sportunyň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirer. Aşgabatda geçirilýän bu ýaryşlara dünýäniň örän köpsanly ýurtlarynyň gatnaşmagy onuň asylly parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinden habar berýär. Bu oýunlaryň halklaryň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmekde, Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmekde aýratyn ähmiýeti bolar.

Söwda-senagat edarasyndan hormatly Prezidentimiziň we daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki ulag kerwenleri Olimpiýa şäherjigine tarap ugrady.

Olimpiýa stadionynyň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdançada dabara gatnaşýan belent mertebeli myhmanlaryň resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra olaryň hemmesi özleri üçin niýetlenen ýere geçdi. Ähli türkmenistanlylar hem-de beýleki ýurtlaryň millionlarça ýaşaýjylary dünýä derejeli taryhy wakanyň şanyna guralýan dabaralaryň şaýady bolýarlar.

Soňra stadionda daň säherler asmanda emele gelýän örän syrly we özboluşly öwüşgini alamatlandyrýan görnüş döredi. Açylyş dabarasynyň başlanmagyna galan soňky 17 sekuntlyk pursatlar geçip başlady. Belgileriň biri-birini çalşyryp azalýan wagtynda dabara gatnaşyjylar agzybirlik we uly şowhun bilen görkezilýän sanlary sanap başladylar.

“0” belgide stadionyň tutuş çägi zümerret öwüşginli ýaşyl reňke boýalýar we şowhunly dabara gatnaşyjylar aýlaw ugry bilen stadionyň merkezine gelip, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi nyşanynyň şekilinde düzülýärler. Reňkleriň sazlaşygy şekile özboluşly öwüşgin çaýýar. Meýdançada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy nyşany bolan ahalteke bedewiniň şekili emele gelýär.

Çykyş edýänler beýleki bir şekile – oýunlaryň tumary görnüşindäki şekile düzülýärler. Onda köp öwüşginli reňklerde ýurdumyzyň taryhy we medeniýeti barada çeper dilde gürrüň berilýär. Soňra Oguzhanyň sekizgyraňlyk ýyldyzy görnüşindäki şekil emele getirilýär. Şeýle “janly” ýyldyzlary stadionyň münberlerinde hem görmek bolýar.

Dabaranyň resmi bölümi başlanýar. Dabarany alypbaryjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy, ähli türkmen halkyny we dabara gatnaşyjylary oýunlaryň açylyşy bilen gutlaýarlar.

Stadiona Türkmenistanyň Döwlet baýdagy getirilýär. Uly ýaşyl baýdagy Hormat garawuly rotasynyň esgerleri getirýärler.

Soňra Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň nyşany şekillendirilen ak baýdak getirilýär.

Tomaşaçylar dowamly, şowhunly el çarpyşmalar bilen ormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mübärekleýärler, milli Liderimiz oýunlara gatnaşyjylara, myhmanlara we ähli watandaşlarymyza gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Döwlet Senasynyň owazy astynda stadionda Türkmenistanyň uly ýaşyl baýdagy galdyrylýar.

Soňra Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabaha söz berilýär. Baýdak sütüninide Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň nyşany şekillendirilen ak baýdak galdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat 2017” oýunlaryny açyk diýip yglan edýär.

Degişli makalalar

18-nji Aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna Döwlet Sapary Başlanýar

Türkmenistanyň Figuralaýyn Typýan Türgenleri «Aziýanyň Çagalary» Oýunlaryna Şowly Girişdiler

Halkara Ekologiýa Forumynyň Jemleri Jemlendi