26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
YLYM

Türkmen Talyplarynyň Halkara Ders Bäsleşiklerinde Gazanan Nobatdaky Üstünligi

Türkmen talyplary Eýran Yslam Respubilkasynyň Hemedan şäherinde geçirilen talyplaryň matematika boýunça 16-njy, himiýa boýunça 8-nji hem-de statistika boýunça 2-nji halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler.

2015-nji ýylyň 15-19-njy awgusty aralygynda guralan ders bäsleşiklerine Eýran Yslam Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Hindistan Respublikasyndan, Yrakdan, Omandan, Şri-Lankadan, Türkmenistandan jemi 60-dan gowrak zehinli talyplar gatnaşdy. Biziň ýurdumyza Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary wekilçilik etdiler.

Matematika boýunça 16-njy halkara ders bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen dölet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Pälwan Agamyradow, himiýa boýunça 8-nji halkara ders bäsleşiginde bolsa şu uniwersitetiň himiýa – biologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Eziz Naryýew bürünç medallara mynasyp boldular. Toparlaýyn bäsleşikde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary statistika boýunça halkara ders bäsleşiginde 2-nji orny, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa-biologiýa fakultetiniň talyplary bolsa himiýa boýunça 3-nji orny eýelediler. 

Berilýän ýumuşlaryň örän çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan bu halkara ders bäsleşiklerinde talyplarymyzyň gazanan üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýrdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilimleri özleşdirmäge gönükdirilen ylym-bilim syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Degişli makalalar

HYY we ÖU-niň Talyplary Robot Tehnikasy Boýunça Abraýly Halkara Bäsleşiginde Ýeňiş Gazandylar

turkmenhabargullugy

Türkmen Talyplary Aktual Ylmy-Tehnologiki Işläp Taýýarlamalara Gatnaşýarlar

syrach

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara Gatnaşyklary Institutynda Wideokonferensiýa Geçirildi

turkmenhabargullugy