19.9 C
Aşkabat
05.05.2024
SPORT

Türkmen türgenleri bir altın, bir kümüş, iki bürünç medal gazandylar.

Çehiýa döwletiniň Praga şäherinden hoş habar gelip gowuşdy. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde 28-nji noýabrdan 2-nji dekabr aralygynda adaty karate boýunça bäşinji dünýä çempionaty geçirildi. Oňa dünýäniň 44 döwletinden 1000-den gowrak türgen gatnaşdy.

Bu ýerde geçirilen bäsleşige Türkmenpistanyň ýygyndy toparyndan türgenleriň 10-sy gatrnaşdy. Mary welaýatynyň karateçisi Arslan Ataýew şahsy tutluşykda kiçi ýaşlylaryň arasynda birinji ýeri eýeledi we ýaryşyň altyn medalyna mynasyp boldy. Ýeri gelende aýtsak, bu türgen sportuň bu görnüşi boýunça dünýäniň ikinji gezek çempiony boldy.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Diýar Hojaýew, Rüstem Annaýew, Gurbanmyrat Gylyjow we Begmyrat Japbarow dagy toparlaýyn tutluşykda ikinji ýere mynasyp boldular.

Diýar Hojaýew karateniň şahsy kata görnüşi boýunça üçünji, Mary welaýatynyň türgeni Kakageldi Meredow bolsa şahsy tutluşyk görnüşinde üçünji ýeri eýeledi.

Şeýlelikde, türkmen türgenleri jemi bir altyn, bir kümüş (toparlaýyn 4 medal bir hasaplanylýar), iki bürünç medal gazanyp, ýurdumyzyň türgenleriniň halkara derejesinde gazanýan ýeňişleriniň üstüni ýetirdiler.

Degişli makalalar

Türkmen futbolçylary ýeňiş bilen başladylar.

syrach

Türkmen Türgenleriniň Bürünç Medallary

syrach

6 Altyn Medal we Umumy Toparlaýyn Üçünji Orun