15.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenbaşy Aýlagyndaky Emeli Adanyň Ekoulgamy Durnukly Ösüşde

Halkara deňiz portunyň gurluşygynda deňiz düýbünden çykarylan toprak Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda emeli ada döretmek üçin ulanylypdy. 170 gektar meýdany tutýan bu ada suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan, höwürtgeleýän we gyşlaýan mekanyna öwrüldi. Gyş gelmezden öň adanyň tebigatyna baha bermek üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetinden hem-de oba hojalyk uniwersitetinden alymlar şol ýerde boldular.

Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň esasy ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Pawel Ýerohin adanyň kenarlarynda iýmitlenýän guwlaryň, ördekleriň, çarlaklaryň, alahekekleriň, uly garajagazlaryň hasabyny ýöretdi. Ak guýruk suw bürgüdi, gamyş gulatysy, bürgüt ýaly ýyrtyjy guşlaryň adany aw edýän ýerleriniň hataryna goşanlygy ýüze çykaryldy.

Alymlar Hazar goraghanasynyň işgärleri bilen Soýmonow kiçi aýlagyna hem bardylar, häzir bu ýere bäş müňe golaý sakarbalak, alagaz, ördek gyşlamaga gelipdir. Olaryň bir bölegi biraz soňrak Hazaryň türkmen kenarynyň günorta sebitlerine göçer.

Himiýa institutynyň hünärmenleri kenarýaka suwy, şeýle hem topragy barlamak üçin aldylar. Biologiýa we dermanlyk ösümlikleri institutynyň alymlary ösümliklere baha berdiler. Ösümlikleriň sanyna we görnüşlerine seljerme berildi, olaryň ýagdaýy öwrenildi. Bir günlük sapara gatnaşanlar synag hökmünde gündogar tuýasynyň birnäçe nahalyny oturtdylar.

“Ýylgyndyr ýata gowy köpelip, käýerde boýy bir ýarym metre ýetýän jeňňellik kemala gelipdir. Syrkyn, gamak, guşgöz seýrek duşýar – diýip, biziň bilen söhbetdeş bolanda TYA-nyň Biologiýa we dermanlyk ösümlikleri institutynyň laboratoriýa müdiri, bilogiýa ylymlarynyň kandidaty Pirli Kepbanow aýtdy. – Ösümlikleriň häzirki ýagdaýy ekoulgamyň durnukly ösýändigimi görkezýär, gelejekde topragyň düzümi üýtgese häzirki ösümlikleriň görnüşleriniň üýtgemegi-de mümkin. Häzir toprak güýçli şor bolansoň diňe şor toprakda ösýän ösümlikler (galofitler) gögerýär. Wagty bilen gara sazak, çogan, boýalyç, ak tiken, gyzgan ýaly ösümlikleriň hem gögermegi mümkin”.

Degişli makalalar

Döwlet Köşgünde Bolan Dabara

syrach

Birža Täzelikleri

SA Interbudmontaž Kompaniýasynyň Hünärmenleri Aşgabatda Drenaž Aragatnaşyk Tonneliniň Gurluşygyny Tamamladylar

turkmenhabargullugy