20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan – Gazagystan; Dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalanýar.

İkiçäk duşuşykdan soñra gepleşikler giñeldilen mejlisde dowam etdi. 
Türkmenistanyñ Prezidenti ýokary derejede geçen duşuşykda Türkmenistan bilen Gazagystanyñ syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarynyñ ösýändigini nygtady. 
Gazagystanyñ baştutany duşuşykda iki doganlyk ýurdyñ ykdysady, söwda gatnaşyklarynda uly öñe gidişligiñ bardygyny,onuñ 1 mliard ABŞ dollaryna ýetirijekdigini nygtady.Täze açyljak Türkmenistan-Gazagystan-Eýran demirýolunyñ täze uly bir waka, uly bir ädim boljakdygyny aýtdy.
Şeýle hem Mertebeli myhman Türkmenistan – Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirjisiniñ taslamasyny goldaýandygyny, onuñ gurlyşygyna gatnaşjakdyklaryny nygtady.
Giñeldilen mejlisden soñra gol çekişlik dabarasy boldy.
Türkmenistanyñ hem-de Gazagystanyñ Respublikasynyñ Prezidentleriniñ Bilelikdäki Beýannamasy deñiz gatnawlary, üstaşyr telekomunikasion gatnaşyklar, telekeçiler gatnaşyklary, Ylymlar Akademiýalarynyñn arasyndaky gatnaşyklar gol çekilen resminamalaryñ esasyny düzdi.
Soñra Prezidentler Metbugat Ẏüzlenmesi bilen çykyş etdiler.
Duşuşygyñ soñunda Türkmenistanyñ Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow taryhy kökleri bir bolan Türkmen-Gazak halklarynyñ arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryna goşan goşandy üçin Gazagystan Respublikasynyñ Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewi “Türkmenistanyñ Hormatly İl yaşulusy” diýen medal bilen sylaglady.

Degişli makalalar

Üns Beriň! Baýrakly Teswirler: Saýlanan Teswirler

turkmenhabargullugy

Paýtagtymyzyň Arçabil Etrabynda Gülleri we Bezeg Ösümliklerini Ýetişdirmäge Ýörüteleşdirilen Iri Ýyladyş Hojalygy Döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik