37.9 C
Aşkabat
16.06.2025
YKDYSADYÝET

Türkmenistan azyklyk bugdaýy eksport edýän

Hökümetiň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ilkinji gezek Türkmenistanyň taryhynda özüniň ýokary hili bilen meşhur bolan türkmen bugdaýyny dünýä bazarlaryna eksport etmek boýunça anyk mümkinçiligiň peýda bolandygyny habar berdi. Munuň özi täze oba hojalyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin boldy. Şol syýasatyň esasyny bolsa oba hojalygyny döwlet tarapyndan goldamak, daýhanlaryň zähmetini höweslendirmek, ýurdumyzyň oba hojalyk alymlarynyň iň täze işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak, bu ugurda dünýä ylmynyň öňde baryjy usullaryny ulanmak we beýleki oňyn ýörelgeler düzýär. Şeýlelikde, Türkmenistan azyklyk gallany eksport edýän ýurtlaryň hataryna girdi we özüniň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak ýolunda ene-de bir möhüm ädim ätdi. Munuň özi onuň BMG-niň Müňýyllygyň Ösüş Maksatlarynda göz öňünde tutulan düýpli azyk howpsuzlygy meselelerini çözmäge gatnaşmagynyň ygtybarly esasy bolup durýar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

 

Degişli makalalar

Täze Önümçilik we Durmuş Maksatly Desgalar-Watanymyzyň Abadançylygynyň Nyşanlary

GAZAGYSTANYÑ YKDYSADYÝETI 2010-NJY ÝYLDA 7 GÖTERIM ÝOKARLADY

syrach

TOPH Döwletara Gaz Geçirijisiniň Türkmen Böleginde Kompressor Bekedi Gurlar