14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň gelin-gyzlaryny

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Serdar” kabulhanasynda ýurdumyzyň hökümet agzalarynyň we Mejlisiň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirdi. Onda döwlet Baştutany bu günki kabul edişlige gatnaşýan ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewany we wise-premýer M.Ýazmyhammedowany hem-de olaryň üsti bilen Türukmenistanyň ähli gelin-gyzlaryny däp boýunça giňden bellenilýän bahar baýarymy bolan 8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlady.

“Ata-babalarymyz, zenan mertebesini hemişe belentde tutupdyrlar. Olar eziz enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa hormat goýmak däbini mukaddeslik hökmünde nesillerimize miras goýupdyrlar. Bu ýörelgeler asyrlaryň dowamynda biziň halkymyzyň asylly däbine öwrülipdir”diýip, milletiň Lideri belledi.

Türkmenistanda Halkara zenanlar gününiň, beýleki baýramçylyklar ýaly, ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda milli däplere laýyklykda giňden bellenilmeginiň we olaryň täze mazmuna eýe bolmagynyň aýratyn ähmiýetini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu waka ýurdumyzyň zenanlaryna döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr diýip nygtaldy. Täze Galkynyş eýýamyny döretmekde mährem zenanlarymyzyň jemgyýetimizdäki orny barada aýdyp, milletiň Lideri rowaçlyga gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmekde olaryň işjeň goşandyna ýokary baha berdi.

Ýurdumyzyň zenanlary döwlet häkimýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ylym we bilim ulgamynda, medeniýetde we saglygy goraýyşda, jemgyýetçilik guramalarynda, ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesli döwrebap terbiýelemekde, Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň gazanýan her bir üstünliklerinde olaryň ägirt uly goşandy bardyr diýip, döwlet Buştatany belledi. Ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň ýüzlerçe zenanlary edep-ekramyň, wepalylygyň we gözelligiň nusgasy, mukaddes maşgala ojaklarynyň goragçylary bolup durýarlar. Olaryň döwlet sylaglaryna-ordenlere we medallara mynasyp bolmaklary munuň nobatdaky subutnamasydyr. Çeper elli türkmen zenanlary özüniň owadanlygy we gözelligi bilen haýran galdyrýan halylary dokaýarlar, ajaýyp keşde-nagyşlary, bütin dünýä tarapyndan ykrar edilen sungat eserlerini döredýärler.

Döwlet Baştutany sözüniň dowamynda , beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama, Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa” diýip, türkmen gelin-gyzlarynyň waspyny belentden ýetirendigini aýtdy.

Biziň berkarar döwletimiz aýal-gyzlaryň, eneleriň we çagalaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri döredýär we geljekde hem döreder, biz mundan beýläk hem olaryň ýaşaýyş hem durmuş şertlerini gowulandyrmak, zähmetini we hukuklaryny goramak üçin ähli zerur çäreleri göreris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milletiň Lideri özüniň egindeş zenanlaryna we türkmen jemgyýetiniň ähli gelin-gyzlaryna ýene bir ýola ýüzlenmek bilen, olary ajaýyp bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we mährem zenanlara berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny hem-de abraý mertebesiniň elmydama belent bolmagyny arzuw etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa we wise-premýer M.Ýazmuhammedowa ýurdumyzyň ähli zenanlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli gutlaglar üçin hoşallyk bildirdiler we döwlet Baştytanyna Watanymyzda alnyp barylýan oňyn özgertmeler, türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy we hemmetaraplaýyn işi babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigi, ösüp barýan nesil hakynda edýän aladasy we jemgyýetde ýokary ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagy babatda edýän tagallasy üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Olar milletiň Liderini ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan we Garaşsyz Bitarap türkmen döwletiniň rowaçlanmagyny, her bir maşgalanyň hem-de her bir adamyň abadançylygyny maksat edinýän içerki we daşarky syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Hormatly Sergä we Maslahata Gatnaşyjylar! Gadyrly Myhmanlar!

syrach

Wolgogradda Türkmen Ýaşlaryndan Foklor Topary we Futbol Topary Döredildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy