21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan Bilen Awstriýa Respublikasynyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Onuň Alyhezreti Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti doktor Haýns Fişeriň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 12-nji maýynda Awstriýa Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanynda ýokary derejeli wekiliýet we beýleki wezipeli adamlar boldy.

Döwletleriň Baştutanlary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleri, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Türkmenistanyň Prezidenti we Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti şu aşakdakylar barada, ýagny:

— iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de özara we netijeli hyzmatdaşlyk etmegi, şol sanda energetika babatda hyzmatdaşlyk etmegi pugtalandyrmaga  iki tarapyň hem çalyşýandyklary barada beýan edýärler, bu babatda energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin köpugurly turbageçiriji üpjünçilik ulgamynyň möhüm ähmiýeti bellenip geçildi;

— iki ýurduň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirmegi özleriniň maksat edinýändikleri barada;

— Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň hem-de beýleki halkara guramalarynyň, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde gapma-garşylyklaryň öňüni almak, terrorçylyga we neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ýaly, anyk meseleler boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmegi özleriniň maksat edinýändikleri barada beýan edýärler. 

Saparyň dowamynda  Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Awstriýanyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýa gol çekildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti mähirli kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi we Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. 

Wena, 2015-nji ýylyň 12-nji maýy.  

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

ÝHHG-niň seminary aýallaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaklaryna ýardam bermeklige gönükdirilendir

syrach

2014-nji ýylyň ylym-bilim ulgamy.

syrach