24.6 C
Aşkabat
19.04.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistan-BMG: gender syýasaty meseleleri boýunça gatnaşyklary ösdürip

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty bilen BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan bilelikde guralan maglumat-syn maslahaty geçirildi. Bu maslahat “Gender deňhukuklylygyny we reproduktiw hukuklary goramagyň ulgamyny we gurallaryny berkitmäge ýardam bermek” atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde guraldy.

Maslahata Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň agzalary gatnaşdylar. Halkara maslahatçysy hökmünde maslahatda BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adam hukuklary we gender deňhukuklylygy meseleleri boýunça Sebitleýin edarasynyň bilermeni jenap Žulýen Pello çykyş etdi.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň bu babatda gazananlaryna ýokary baha berdiler. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz BMG-niň köp sanly konwensiýalarynyň, şol sanda zenanlaryň hukuklaryny goramak hakynda konwensiýanyň agzasy bolmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ählisini gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda biziň ýurdumyz abraýly halkara guramalarynyň ençemesi, şol sanda BMG-niň Ilat gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn ylalaşdyryjylyk syýasaty köp babatda şahsyýetiň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şol sanda zenanlaryň deňhukuklylygyny hemmetaraplaýyn goramaga ýardam edýär. Bu syýasat türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň okgunly ösüşiniň ygtybarly kepili hökmünde çykyş edýär.

Maslahatyň çäklerinde Pudagara toparyň agzalary BMG-niň Ilat gaznasynyň bilermeniniň gender deňhukuklylygy babatda edara ulgamlaryny döretmek boýunça häzirki zaman daşary yurt tejribesi boýunça çykyşyny diňlediler we ony biziň ýurdumyzda ulanmagyň mümkinçiliklerini seljerdiler.

Maslahata gatnaşyjylar şu duşuşygyň netijelerine kanagatlanma bildirip, bu babatda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Mynasybetli Wideo Aragatnaşyk Arkaly Maslahat Geçirildi

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Üçin Maglumat

Bazalt Süýüminiň Giň Gerimi